Beýik ösüşli Diýar

26 Maý 2024
513

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda iri möçberli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwrebap özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha ýokarlanyp, halkymyz bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar.

Alnyp barylýan giň gerimli we uzak möhletleýin özgertmeler döwletimizde kuwwatly we köpugurly ykdysadyýeti döretmäge, şeýle hem halkyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen milli maksatnamalar, şol sanda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» arkaly amala aşyrylýar.

Baýramtäç ORAZTAGANOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.