Döwrebap özgertmeler rowaçlanýar

26 Maý 2024
478

Uly ösüşler gazanylýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda, ykdysadyýetde hem belent üstünliklere ýetilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda öňe sürlen milli we döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, giň möçberde amala aşyrylýan özgertmeler dünýä jemgyýetçiliginiň ykrarnamasyna mynasyp bolýar. Ýurdumyzyň nebit-gaz toplumy, elektroenergetika, oba hojalyk, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk pudaklary uly ösüşlere eýe bolýar. Şonuň bilen bir wagtda, ykdysadyýetiň himiýa, gurluşyk materiallary, dokma önümçiliklerini we beýleki möhüm pudaklaryny has-da ösdürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» dürli ugurlar boýunça ylmyň gazananlaryny we öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Muňa mysal hökmünde Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň, Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegini aýratyn bellemek bolar. Şolaryň esasynda häzirki wagtda senagat önümleriniň möçberi barha artýar. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň ösüşini, senagat kärhanalarynyň kuwwatlylygyny üpjün edýär.

Pälwan NURMEDOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.