Türkmenistanyň ulag-kommunikasiýalar toplumy ynamly ösdürilýär

7 Maý 2024
535

Golaýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen dört aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi, şeýle hem beýleki käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew şu ýylyň geçen dört aýynda gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.