Yslam ösüş banky Gyrgyz Respublikasyna 79 million amerikan dollaryny bölüp berer

28 Aprel 2024
357

Yslam ösüş banky Gyrgyz Respublikasyna ýaşaýyş jaýlary gurmak üçin 79 million amerikan dollaryny bölüp berer. «Elýeterli ýaşaýyş jaýlaryny şerigat ülňülerine laýyklykda maliýeleşdirmek» baradaky degişli şertnama Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birinji orunbasary Adylbek Kasymaliýew bilen Yslam ösüş bankynyň başlygy Muhammet Süleýman Al-Jassiriň arasynda gol çekişildi.

Adylbek Kasymaliýewiň sözlerine görä, taslamanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde müňlerçe maşgala ipoteka karzlary esasynda ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün ediler.

Taýýarlan: Mergen ZAKIRJANOW,
TDBGI-niň talyby.