«Maliýe bazarlarynyň ösüşiniň häzirki zaman meýilleri» atly halkara maslahat geçirildi

28 Aprel 2024
406

26-njy aprelde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň bilelikde guramagynda «Maliýe bazarlarynyň ösüşiniň häzirki zaman meýilleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu maslahata halkara maliýe guramalaryň, iri gazna biržalaryň we banklaryň wekilleri, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy merkezleriniň professor-mugallymlary, görnükli alymlary gatnaşdylar.

Maslahatyň umumy mejlisinde Bütindünýä Bankynyň Gazagystandaky we Türkmenistandaky hemişelik wekili, Aziýa Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasynyň direktory, Stambulyň Gazna biržasynyň wise-prezidenti, şeýle hem daşary ýurtlaryň birnäçe abraýly ýokary okuw mekdepleriniň professorlary we ýurduň tejribeli ykdysatçy-hünärmenleri çykyş etdiler.

Taýýarlan: Aýna AGAMURADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.