Ýurdumyzyň beýik ösüşleri

28 Aprel 2024
567

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe röwşen geljegi nazarlaýan türkmen halkymyz bagtyýar zamananyň eşretli durmuşynda ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça beýik işler durmuşa geçirilýär. Bu günki gün «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda eziz Diýarymyzyň ähli ulgamlarynda bolşy ýaly, milli ykdysadyýetimiziň gurluşyk senagaty pudagyndaky gazanylýan üstünlikler hem guwandyryjy netijelere eýe bolýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň senagat önümçiligini, binagärligi mundan beýläk hem ýokary depginler bilen ösdürmäge uly üns berilýär. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegini görkezmek bolar. Ýurdumyzyň ösüşine, gurluşyk-binagärlige uly goşant goşjak bu desga ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyplydygy bilen tapawutlanýar. Munuň özi gurluşyk-binagärlik ulgamyny mundan buýana hem ösdürmäge mümkinçilik döredýär.

Baba MYRATBERDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň okuw bölüminiň başlygy.