Parižde türkmen forumy

26 Aprel 2024
380

Uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistan energetika mümkinçiliklerini ählumumy ösüşiň bähbidine gönükdirýär. Ýurdumyzda tebigy gazyň eksportyny diwersifikasiýalaşdyryp, täze bazarlara çykmak, ýurdumyzyň uglewodorod gorlaryny özleşdirmäge iri maýa goýumlary çekmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. 24-25-nji aprelde Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumyň geçirilmegi hem muňa aýdyň mysaldyr.

Taryhy-medeni ýadygärlikleri bilen meşhur bolan Pariž şäheri Ýewropanyň iň iri işewürlik merkezleriniň biridir. Bu ýerde fransuz we halkara kompaniýalarynyň köp sanlysynyň edaralary ýerleşýär. Birnäçe aýdan Parižde XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlary hem guralar. Şu ýagdaýlary nazar alsaň, Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forumyň hut fransuz paýtagtynda geçirilmeginiň ähmiýeti äşgär bolýar. Diňe adaty görnüşde geçirilmän, eýsem, dünýäniň onlarça ýurdunda sanly ulgam arkaly görkezilmegi bolsa «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guralan forumyň gerimini has-da giňeltdi. Foruma daşary ýurtlaryň meşhur nebitgaz işewürlik düzümleriniň, maliýe institutlarynyň, abraýly guramalaryň, öňdebaryjy kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyňdyr wekilleriniň gatnaşmagy dünýäniň işewür toparlarynyň ýurdumyzyň barha ösýän nebitgaz pudagyna uly gyzyklanma bildirýändiginiň aýdyň güwäsidir.

«Watan».