«RDÝ» Demirgazyk — Günorta geçelgesiniň gündogar şahasyna arzanladyş yglan etdi

26 Aprel 2024
328

«Russiýanyň demir ýollary» (РЖД) Gazagystanyň we Türkmenistanyň üstünden geçýän halkara Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça gara metallary daşamakda 50% arzanladyş yglan etdi. Bu barada «nCa» habar berdi.

Russiýanyň demirýol geňeşi rus-gazak serhet stansiýalaryndan, soňra bolsa Türkmenistanyň çägindäki Sarahs ýa-da Akaýla stansiýalaryndan geçseler, gara metallary wagonlarda daşamak üçin 0,5 koeffisiýentiniň döredilmegini tassyklady.