Suw bilen üpjünçiligi ýokarlandyryp

26 Aprel 2024
455

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň arassa agyz suwuna, edara-kärhanalaryň tehniki hajatlary üçin suwa bolan isleglerini kanagatlandyrmakda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýerlerdäki ekspedisiýalarynda tutumly işler durmuşa geçirilýär. Olar hormatly Prezidentimiziň ilatyň agyz suwuna bolan islegini öwrenmek we ony doly kanagatlandyrmak babatda öňde goýýan wezipelerini berjaý etmekde egin-egne berip, gözlegli hem-de döredijilikli zähmet çekýärler.

Geologlaryň işi, onda-da ýerasty suw gözleýji ekspedisiýa barada gürrüň gozgalsa, ilki bilen, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Baýramaly şäherindäki Mary gidrogeologiýa ekspedisiýasy göz öňüňe gelýär. Çünki ekspedisiýanyň gaýratly geologlary indi onlarça ýyl bäri suw gözleg-barlag işlerini amala aşyrmak bilen, ilatly ýerleri täze gurlan we ozaldan bar bolan kärhanalary, uzak örülerdäki çopan goşlaryny tehniki hem-de içimlik suw bilen üpjün edip gelýärler.

Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz).