Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy: hyzmatdaşlygyň ygtybarly ugurlary

25 Aprel 2024
432

Häzirki wagtda Türkmenistan ýokary halkara abraýyna eýe bolan döwlet hökmünde sebitleýin we ählumumy ähmiýete eýe bolan iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasaty BMG tarapyndan giň goldawa eýe bolup, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça öňe sürýän başlangyçlary dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýär.

Halkara gatnaşyklarynyň häzirki ählumumy ösüşi netijesinde Ýer ýüzünde ykdysadyýetiň, önümçiligiň, ilat sanynyň we sarp ediliş möçberiniň yzygiderli artmagy ulagyň magistral turba geçiriji görnüşiniň zerurlygyny hem ähmiýetini barha ýokarlandyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň halkara ulag geçelgelerini döretmegi nazarlaýan başlangyçlarynyň wajyp düzüm bölegi bolan magistral turba geçiriji ulgamy — bu harytlyk önümleri ýörite turba geçirijileriň üsti bilen akdyrmak üçin niýetlenilen ulagyň görnüşi bolup, ol tehnologiýa, guramaçylyk we ykdysady toplumy emele getirýär.

Daýanç SAPAROW,
Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher kazyýetiniň kazysy.