Ösüşleriň täze belentliklerine badalga

25 Aprel 2024
388

Il-ulus bolup, hormatly Prezidentimiziň daşyna jebisleşip, ýurt abadançylygynyň, halk bähbidiniň hatyrasyna badalga berilýän işlere goşant goşmak halkymyzyň adatyna öwrülen ýörelge. Gahryman Arkadagymyzyň 22-nji fewralda geçiren Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi halkymyzyň demokratik däpleriniň zamanabap dowam etdirilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy. Onda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şu ýylyň 9-njy fewralynda çykaran Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglylykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda meýilleşdirilen işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Durmuş-ykdysady taýdan ösüş we maýa goýum maksatnamasyndan gelip çykýan wezipelere laýyklykda, hereket edýän kanunlary kämilleşdirmek, hukuk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamak işleriniň möhüm ugurlary milli kanunçylygyň halkara hukuk kadalary bilen sazlaşygyny şertlendirýär. Elbetde, milli kanunçylygy umumy ykrar edilen düzgünlere laýyk getirmek ugrundaky wezipeleri ýerine ýetirmek üçin ylmy-hukuk seljermelerini geçirmek hem-de taslamalaryň wagtynda işlenilmegini üpjün etmek wajypdyr. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyz bu ugurdaky teklipleri işläp taýýarlamak üçin Türkmenistanyň Mejlisiniň, beýleki döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň wekillerinden ybarat bolan hukuk-bilermenler toparyny döretmegiň göz öňünde tutulýandygyny hem belläp geçdi.

Meretguly TANGIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.