Dünýä bilen sazlaşykly

24 Aprel 2024
378

Dünýä tejribesinde ýokary tehnologiýalaryň ösüşi ykdysady ösüşiň esasy çeşmeleriniň biridir. Täze tehnologiýalar önümleriň we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Ýurdumyzda innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen bank ulgamynyň işi has kämilleşdi. Bank ulgamyny maglumatlar bilen üpjün etmek ep-esli gowulandy.

Häzirki wagtda ýurdumyzda «Altyn Asyr», «Milli kart» we halkara derejede dünýäniň çar künjünde hereket edýän dürli görnüşli «VISA» we «Master Card» halkara bank kartlary işjeň hereket edýär. Bank kartlarynyň ulanylmagy zähmet haklarynyň onuň üsti bilen tölenilmegine, ygtybarly pul geçirimleriniň gysga wagtda nagt däl görnüşde amala aşyrylmagyna, karz almak we goýum goýmak işleriniň kämilleşdirilmegine mümkinçilik berýär. Kartlar arkaly çäklendirilmedik möçberde töleg geçirmek hyzmaty-da ýola goýuldy. Mundan başga-da, söwda we hyzmat ediş nokatlarynda, ýangyç guýujy beketlerde, uçar we demirýol ulagy üçin petekleriň satylýan ýerlerinde, poçta bölümlerinde, dermanhanalarda we beýleki nokatlarda bank kartlary bilen ýygymsyz töleg geçirip bolýar. Nagt däl görnüşli tölegler baradaky ähli maglumatlar bolsa töleg geçirijiniň ykjam telefonyna SMS habary arkaly gelip gowuşýar. «Internet-bank» ýa-da «Mobil-bank» hyzmaty bilen bolsa müşderi islendik wagtda öz tölegleri baradaky maglumat bilen tanşyp bilýär.

Gülnäz JUMAÝEWA,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň welaýat şahamçasynyň buhgalter hasabaty we hasaplaşyk bölüminiň esasy hünärmeni.