Milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagy

24 Aprel 2024
425

Milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagynda uly möçberli işleriň alnyp barylmagy, bu ugurda geljegi nazarlaýan maksatnamalaryň, meýilleşdirilen täze taslamalaryň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösmegine oňaýly täsir edýär. Pudaga täze usullaryň, tehnologiýalaryň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan ýangyç-energetika toplumynda iri senagat desgalarynyň gurluşygyna uly üns berilýändigi hem bellenilmäge mynasypdyr.

«Ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak hem-de olary gaýtadan işlemek arkaly dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän dürli nebit we gaz önümleriniň öndürilişini ýokarlandyrmakda uly işler alnyp barylýar» diýip, hormatly Prezidentimiz belleýär. Nebitçileriň, gazçylaryň, geologlaryň netijeli zähmet çekmegi, nebitgaz ulgamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli işlemekleri üçin ähli zerur şertleri, mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolup, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Ogulnyýaz Annaorazowa,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň 2-nji hünär-tehniki okuw mekdebiniň önümçilik hünär okuwynyň ussasy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.