Gazy saýlaýjy desga önümçiligiň ilerlemegine ýardam edýär

24 Aprel 2024
443

Nebitgaz senagaty: wezipeler we sepgitler

Geçen asyryň ellinji ýyllarynda esaslandyrylan «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirligi «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň baýry hem-de öňdebaryjy kärhanalarynyň hatarynda tanalýar. Müdirligiň işçi-hünärmenleri Gumdag, Guýjuk, Gögerendag, Ekizak, Ördekli hem-de Uzynada ýaly nebitgaz känlerinde ýangyç çig mal serişdelerini çykarmak işlerini ýerine ýetirýärler. Olar häzirki wagtda 369 guýudan nebit, 42 guýudan bolsa tebigy gaz we gaz kondensatyny çykarmaklygy üstünlikli alyp barýarlar. Sazlaşykly işler kärhana boýunça her gije-gündizde ortaça 2 müň 100 tonna «gara altyny» hem-de 350 müň kub metr tebigy gazy çykaryp, döwlet ammaryna akdyrmaga mümkinçilik berýär.

Nurmämmet Hydyrow,
«Balkan».