Ýokary hilli ýüplükler

24 Aprel 2024
461

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Gyzylarbat şäherindäki «Balkandokma» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýokary hilli döwrebap önümleri öndürip, milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşlerine saldamly goşant goşýar. Kärhanada işler üç çalşykda alnyp barylýar. Bu ýerde zähmet çekýän işgärleriň agramly böleginiň ýaş gyz-gelinlerdigi örän buýsandyrýar.

Ýurdumyzda dokma pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, onuň ykdysadyýetde eýeleýän ornuny berkitmek boýunça durmuşa geçirilýän işler bu ýerde öndürilýän önümleriň möçberiniň artmagyna ýardam berýär. Munuň şeýledigini kärhanada «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň birinji çärýeginde gazanylan netijeler hem aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Şu ýylyň geçen üç aýynda kärhanada 1030 tonna ýokary hilli ýüplükler taýýarlanyp, olaryň pul hasabyndaky möçberi 24 million 199 müň 800 manatlyga barabar boldy.

Aýzada Muhammedowa,
«Balkan».