Raýat awiasiýasy: tizlik, rahatlyk, howpsuzlyk

24 Aprel 2024
398

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň barha rowaçlanýan ulag-aragatnaşyk we logistika infrastrukturasynda raýat awiasiýasynyň tutýan orny yzygiderli artýar. Gysga döwürde ýurdumyzda bu ugurda hem netijeli işler üstünlikli amala aşyryldy. Gysga döwürde ýurdumyzda bu ugurda netijeli işler amala aşyryldy.

Raýat awiasiýasynyň uçar parky täze häzirki zaman howa gämileri bilen üpjün edildi. Howa menzilleriniň durky düýpli täzelendi, pudagyň maddy-tehniki binýady pugtalandyryldy. Türkmenbaşy, Mary, Türkmenabat, Kerki şäherlerinde täze Halkara howa menzilleri guruldy. Aşgabatda sebitde iň iri Halkara howa menziliniň gurlup, ulanmaga berilmegi möhüm taryhy waka boldy. Äpet türkmen laçynynyň şekilinde taslanan bu iri Halkara howa menzili özboluşly binagärlik keşbine eýe bolup, ol häzirki zaman ösen infrastruktura, uly ulag-üstaşyr we gatnaw mümkinçilikleri bilen sebitde aýratyn orny eýeleýär. Bu bolsa, ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň kuwwatyny artdyrmak bilen birlikde, şübhesiz, merdana halkymyzyň mertebe buýsanjyny, ata Watanymyza bolan söýgüsini has-da beýgeltdi. Ýurdumyzyň häzirki zaman awiasiýasy harby, raýat, ýörite, sanitar awiasiýasy ýaly, birnäçe  görnüşlere bölünýär. Olaryň her birisi üçin özboluşly uçarlar, dikuçarlar mahsusdyr. Ýurdumyzyň raýat awiasiýasy hem dünýä derejesinde okgunly ösýän ulag pudagydyr. Şu gün biz bir gije-gündiziň dowamynda dünýäniň o künjüne çenli baryp bilýäris. Beýle mümkinçiligi bize, elbetde, raýat awiasiýasy, onuň sesden çalt uçýan turboreaktiw uçarlary berýär.