Ýollarymyz ak bolsun, uzaga gitsin!

23 Aprel 2024
407

17-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Uzynlygy 600 kilometre deň bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berildi. Onuň gurluşygy Aşgabat – Tejen (203 kilometr), Tejen — Mary (109 kilometr), Mary — Türkmenabat (288 kilometr) ugurlary boýunça üç tapgyrda amala aşyrylýar.

Bu desga Awstriýanyň «VCE Vienna Consulting Engineers ZT GmbH» kompaniýasynyň halkara güwänamalarynyň birbada üçüsine mynasyp boldy. Olar «Ýokary tizlikli ýoluň gurluşyk işleriniň Ýewropanyň tehniki tassyklama boýunça gollanmalaryna we standartlaryna laýyk gelýändigi», «Ýokary tizlikli ýoluň hil gözegçiliginiň ISO 9001 standartyna laýyk gelýändigi» hem-de «Ýokary tizlikli ýoluň RAA 2008, RAL 2012 ýol gurluşygynyň usuly gollanma taslamalaryna laýyk gelýändigi» hakynda halkara güwänamalarydyr. Fransiýanyň «Grenobloise D’Electronique et D’Automatismes (GEA)» kompaniýasynyň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylmagy mynasybetli «Ýokary tizlikli ýoluň wideogözegçiliginiň hem-de töleg ulgamlarynyň ýokary standartlara laýyk gelýändigi üçin» atly halkara güwänamasynyň hem gowşurylandygyny bellemek has-da buýsançlydyr.

«Bereketli toprak».