Ýollar geljege uzaýar

23 Aprel 2024
639

17-nji aprel ýurdumyzyň ýol-ulag düzüminiň ösüşine täze badalga berlen sene hökmünde taryha girdi we şol bir wagtyň özünde, türkmen halkynyň gurmak, döretmek sungatyndaky kämil derejäniň nobatdaky mysalyna öwrüldi. Elbetde, gürrüň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berlen Tejen — Mary bölegi barada barýandygy öz-özünden düşnükli bolsa gerek. Çünki bu iri taslama geljekde ýurduň içerki ulag pudagyny kämilleşdirmek, halkara ulag-logistika ulgamyna işjeň goşulyşmak, üstaşyr ýük daşamalaryndaky hereketleriň ýygylygyny işjeňleşdirmek, milli ykdysadyýetiň ösüşini has-da ilerletmek üçin derwaýys üstaşyr ulag geçelgesine öwrüler. Ol, ilkinji nobatda, eksporty diwersifikasiýalaşdyrmak, dünýä bazarlaryna çykmakda beýleki ýurtlara garaşlylygy azaltmak, uly mukdardaky girdejileri getirýän ýük akymlaryny üstüňden geçirmek üçin ulgamyň özüne çekijiligini artdyrmak nukdaýnazaryndan alanyňda has-da zerur.

Şu ýerde bu taslamanyň Türkmenistanda amala aşyrylan hem-de aşyrylýan iň iri taslamalaryň biri, türkmen telekeçilerine ynanylan şeýle uly göwrümli işiň ilkinjisidigini aýratyn bellemek has-da ýakymly. Bu ýerine ýetirilen işiň hili babatdan alanyňda has-da zerur. Çünki ýerine ýetirilen işiň ýa-da hyzmatyň hili hormatly Prezidentimiz, Gahryman Arkadagymyz üçin esasy görkezijileriň biri, iň ýokary talap bolmagynda galýar. Gürrüňi edilýän ýoluň gurluşygynda şeýle talaplaryň doly we dogry berjaý edilendigini taslamanyň Tejen — Mary böleginiň «Ýokary tizlikli awtomobil ýoluna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylandygy üçin», «Ýokary tizlikli ýoluň wideogözegçiliginiň hem-de töleg ulgamlarynyň ýokary standartlara laýyk gelýändigi üçin», «Ýokary tizlikli ýoluň gurluşyk işleriniň Ýewropanyň tehniki tassyklama boýunça gollanmalaryna we standartlaryna laýyk gelýändigi», «Ýokary tizlikli ýoluň hil gözegçiliginiň ISO 9001 standartyna laýyk gelýändigi» hem-de «Ýokary tizlikli ýoluň RAA 2008, RAL 2012 ýol gurluşygynyň usuly gollanma taslamalaryna laýyk gelýändigi» hakynda halkara güwänamalara eýe bolandygy-da subut edýär. Bu ýagdaý üstaşyr ýük daşaýjy taraplary çekmek üçin juda zerur görkezijileriň biridir.

Ysmaýyl TAGAN,
žurnalist.