Röwşen geljegiň şuglasy

23 Aprel 2024
427

Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşmagy, Mary şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, täze ýaşaýyş jaýlar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi gurluşyk pudagynyň üstünlikli ösüşinden bir mysaldyr.

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly döwletimiziň yklymara ugurlar boýunça möhüm halkara geçelgä öwrülmeginde möhüm halka bolup durýar. Bu awtoban iň ýokary halkara ölçeglerine laýyk getirilip, häzirki zaman serişdelerini ulanmak bilen gurulýar. Bu taslama ýurdumyzyň sebitlerini gysga ugurlar bilen baglanyşdyrmaga we ulag akymlarynyň ygtybarly, bökdençsiz ýoluny işe girizmäge mümkinçilik berer.

Baýram KERIMOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.