Ýollar halklary dostlaşdyrýar

23 Aprel 2024
621

Häzirki döwürde Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek baradaky beýik işlerde häzirki zaman halkara ulag-üstaşyr logistik düzümleri döretmäge we olaryň hukuk binýadyny pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi diňe bir milli ykdysadyýetimiziň ösüşine däl, eýsem, sebit özgertmelerine-de oňat täsir edýär. Örän amatly çäk ýagdaýyny eýeleýän, sebitde we yklymda möhüm ulag-üstaşyr merkez hökmünde ornuny berkidýän Türkmenistan ägirt uly baýlyklaryny hem-de mümkinçiliklerini tutuş adamzadyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirýär.

Bilşimiz ýaly, ýakynda paýtagtymyzda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi geçirildi. «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen wekilçilikli foruma DÝHG-ä agza döwletleriň 20-den gowragynyň, şol sanda Türkmenistanyň demir ýol we beýleki degişli edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri gatnaşdylar. Forumyň maksadynda demir ýol ulagynyň işini döwletara derejede utgaşdyrmak, halkara demir ýollary torunyň tehnologik bitewüligini üpjün etmek, bu düzümleri ösdürmek ýaly meseleler goýuldy. Bu forum «Türkmendemirýollary» agentliginiň bu gurama agza bolmagynyň 30 ýyllyk senesi bilen utgaşdy.

Altyngül GARAÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».