"Nesil" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-57, 39-96-37, 39-96-49
Email: nesil-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Şanly ýylyň şöhratly sahypalary

Her bir güni ösüş-özgerişlere beslenen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda eziz Diýarymyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda, bedenterbiýe we sport ulgamynda hem uly üstünlikler gazanyldy. Türkmenistanly türgenleriň şu ýylyň dowamynda halkara ýaryşlarda gazanan medallarynyň sanynyň ýylyň günlerinden köpdügi kalbymyzy buýsanja besleýär. Şöhratly ýeňişler bilen ildeşlerimiziň başyny göge ýetiren türgenlerimiziň halkara giňişlikde ýeten sepgitleri we guwandyryjy wakalar hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda ýurdumyzda ýokary netijeli sporty ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan işleriň rowaçlanýandygyny aýdyň görkezýär. Berkarar Watanymyza bagtyýarlyk eçilen 2024-nji ýyl ajap eýýamymyzyň belent ruhuna kybap gelip, turuwbaşdan şatlykly wakalara beslendi. Türkmenistanly türgenler eýýäm ýylyň ilkinji günlerinde halkara ýaryşlardaky dürli öwüşginli medallary bilen begendirdiler. 4 – 7-nji ýanwar aralygynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde kýokuşinkaý karate boýunça geçirilen Aziýanyň açyk çempionatynda Ýazmuhammet Aşyrmyradow bilen Myrat Ekäýew altyn medallary gazandy. 5 – 19-njy ýanwar aralygynda Oman Soltanlygynyň Maskat şäherinde tennis boýunça 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynyň saýlama ýaryşlarynda Ilima Guseýnowa altyn medala mynasyp boldy. Şol ýaryşyň jübütleýin görnüşde geçirilen bäsleşiginde Ilima Guse

Köňül buýsanjymyz

Eziz Diýarymyz beýik ösüşlere beslenýär, şanly wakalar halkymyzyň ruhuny belende göterýär, kalplary joşdurýar. Şeýle bagtyýar günlerde Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby uly ilimize ajaýyp sowgat boldy. Bu nusgawy kitap türkmen halkynyň taryhyny, milli gymmatlyklaryny, gadymdan gelýän ýol-ýörelgelerini dünýä ýaýýar, ata-babalarymyzyň asylly däplerine çuňňur düşünmäge giň mümkinçilik döredýär. Kitabyň türkmen we iňlis dillerinde çap edilmegi hem şöhratly taryhymyzyň dünýä ýaýylýandygyny aýdyň beýan edýär. Mälim bolşy ýaly, şöhratly taryhyň çuňňur pelsepewi garaýyşlar bilen beýan edilmegi ýaş nesilleri terbiýelemekde hem görelde mekdebidir. Şu nukdaýnazardan, Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly ajaýyp eseri islendik ýaşdaky adamlar üçin gymmatly gollanmadyr. Beýan edilýän çuňňur pikir, pelsepewi garaýyşlar kitabyň terbiýeçilik ähmiýetini ýokary derejelere ýetirýär. Eseriň çuňňur many-mazmunynda halkymyzyň ruhy dünýäsi, gadymdan gelýän milli medeniýeti öz beýanyny tapýar. Şonuň üçin hem, Milli Liderimiziň «Hakyda göwheri» atly kitaby ruhy dünýämizi baýlaşdyrýan çeşmedir. Hut şunuň özi hem onuň halkymyz üçin ýokary gymmatlykdygyny, ýakyn hemradygyny, gollanmadygyny aýdyň görkezýär.

Sportuň we çeýeligiň ýyly

Her ýyl öz paý-nesibesi we ajaýyp wakalary bilen adamlaryň ykbalynda nurana ýatlamalary galdyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem beýik söz ussady Magtymgulynyň döredijiligi, şan-şöhraty bilen birlikde, türkmen halkynyň abraýyny dünýä ýaýbaňlandyrdy. Nusgawy şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen halkara gatnaşyklarynda dostlugyň, ykdysadyýetiň, ylmyň we bilimiň gülläp ösmegine badalga boldy. Däp bolşy ýaly, gadymyýetden bäri ata-babalarymyz hem Täze ýyly ýyldyznama ylmy esasynda häsiýetlendirip, ony ýagşy umyt-arzuwlar bilen garşylapdyrlar. Müçenama boýunça 2024-nji ýyl Luw ýyly bolup, ol täze 2025-nji ýyla – Ýylan ýylyna öz ornuny berýär. Gündogar senenamasy boýunça ýetip gelýän Ýylan ýyly häsiýeti boýunça daragt, reňki boýunça ýaşyl, sany boýunça dokuzlyk (2+0+2+5=9;), daşy boýunça zümerret hasaplanylýar. Çeşmelerde Ýylan ýylynda akyl-paýhas bilen ýerine ýetirilen her bir işiň ýol aljagy nygtalypdyr. Bu barada Omar Haýýam, Mahmyt Kaşgarly, Abdylkasym Töwrizi, Abu Reýhan Biruny özleriniň ajaýyp taryhy ýazgylaryny galdyrypdyr.

Umumadamzat paýhasynyň şamçyragy

Beýik söz ussady Magtymguly Pyragy diňe bir Gündogaryň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň beýik, nusgawy şahyrlarynyň biri bolup, onuň döredijiligi dünýä halklaryny özüne çekýär. Şahyryň eserleri dürli dillerde ýaňlanyp, umumadamzat jemgyýeti tarapyndan höwes bilen diňlenilýär. Magtymguly milli düşünjäni, ruhy keşbiň aýratynlyklaryny çeper tärde ussatlyk bilen beýan edýän söz ussadydyr. Magtymgulynyň döredijiliginiň dünýädäki ähli zatlary görkezip duran Jemşidiň jamyna deňelendigi biziň hemmämize mälimdir. Elbetde, munuň özi, ilkinji nobatda, şahyryň uly döredijilik ussatlygy bilen baglydyr. Şahyry umumadamzat şahyryna öwren zat onuň halkyna, Watanyna bolan beýik söýgüsidir. Magtymguly Pyragynyň baý döredijiliginde watançylyk, mertlik, dostluk-doganlyk, il-halka bolan söýgi, ahlaklylyk, ula hormat, kiçä sarpa goýmak ýaly garaýyşlar uly orun tutýar. Şahyr mydama Watan hakdaky oý-pikirler bilen ýaşapdyr. Öz goşgularynyň üsti bilen ýaşlarda ata Watana, ene topraga bolan söýgini terbiýeläpdir, watansöýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgelerini öňe sürüp, agzybirligi, jebisligi, gaýduwsyzlygy ündäpdir. Watana bolan söýgi, buýsanç onuň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Pyragy: «Eşit, adam, dogan ilden, Gaýry mähriban ýurt bolmaz», «Gel, köňlüm, men saňa nesihat kylaý, Watany terk edip gidiji bolma», «Saba turup, Watan, seni çaglar men» diýip, eziz Watanyna, dogduk mekanyna bola

Diller – dostluk köprüsi

Watansöýüji, ylym-bilimde ýüki ýetik, ösen aň-düşünjeli, beden hem ruhy taýdan kämil ýaşlar ýurdumyzyň bagtyýar geljeginiň güwäsidir. Şu maksatdan ugur alnyp, soňky ýyllarda ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, ýaş nesliň dünýä dillerini öwrenmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi hem bu babatda möhüm ähmiýetlidir. Ýakynda Täze ýyl mynasybetli Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Olimp» orta sport mekdebinde daşary ýurt dilleri hepdeligi geçirildi. Hepdeligiň çäklerinde okuwçy-türgenler iňlis we rus dilleri boýunça bilim başarnyklaryny görkezdiler, şol halklaryň milli tagamlaryny taýýarladylar, milli medeniýetini tanyşdyrýan çykyşlary guradylar.

Concern for the youth

The Japanese edition of the book ‘Ýaşlar – Watanyň daýanjy’ by the President of Turkmenistan Serdar Berdimuhamedov has been published to provoke joy of the happy youth in our country. The President of Turkmenistan presented this literary work at the end of 2023. Over the past period, the book ‘Ýaşlar – Watanyň daýanjy’ has been published in several languages. To date, the publication of the wonderful work in the Japanese language gave an impetus to strengthening friendly and fruitful relations between the peoples of two countries.

Baýramçylyk dabarasy

Golaýda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Türkmen döwlet gurjak teatrynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň «Döwletenergogözegçilik» kärhanasynyň kärdeşler arkalaşygy tarapyndan kärhananyň merkezi diwanynyň işgärleriniň we edara-kärhanalaryň arasynda geçirilýän Spartakiadalara işjeň gatnaşýan türgenleriň gatnaşmaklarynda dabara geçirildi. Uly ruhubelentlige, joşguna beslenip geçirilen medeni çärede çagalar üçin «Şadyýan sazandalar» atly sahna oýny we «Täze ýylda körpe nesil şatlanýar» atly aýdym-sazly tomaşa görkezildi.

Beýik ösüşleriň döwri

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan, onuň agzybir halky bu gün hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda belent sepgitlere ýetýär. Diýarymyzyň rowaçlyklara beslenýän her gününde täze özgertmeler we ösüşler beýanyny tapýar. Durmuşyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler halkyň ýaşaýyş-durmuşyny  gowulandyrmaga gönükdirilýär. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda ýetilýän belent sepgitler, amala aşyrylýan iri möçberli maksatnamalar döwletimiziň berkararlygyny we abraý-mertebesini has-da belende göterýär. Ajaýyp zamanamyz halkymyzyň buýsanjyny artdyrýar, öndürjilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Biz hem, beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, hormatly Prezidentimiziň öňümizde goýýan wezipelerinden ugur alyp, ilat arasynda wagyz-nesihat çärelerini geçirýäris. Şol çärelerde  Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty, il-ýurt bähbitli başlangyçlary, täze taryhy döwrüň beýik ösüşleri barada buýsançly  gürrüňler edilýär. Geljekde hem döwlet Baştutanymyzyň il-ýurt bähbitli, tutumly işlerine goşandymyzy goşmakda tagallalarymyzy gaýgyrmarys.

Üns mer­ke­zin­de — aw­tos­port hem eko­lo­gi­ýa

19-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumyny gurmak üçin meýilleşdirilýän ýere gelip, onuň taslamalary bilen tanyşdy. Türk­me­nis­ta­nyň içe­ri iş­ler mi­nist­ri M.Hy­dy­row Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za Aw­to­mo­bil sport top­lu­my­nyň bi­na­la­ry­nyň tas­la­ma­la­ry­nyň taý­ýar­la­nan­dy­gy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy ha­sa­ba­ty ka­bul edip, il­ki bi­len, bu kün­je­giň öz­bo­luş­ly te­bi­ga­ty­ny, ösüm­lik dün­ýä­si­ni syn­la­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Aw­to­mo­bil sport top­lu­my bi­na edi­len­de, bu kün­je­giň öz­bo­luş­ly te­bi­gy aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na üns be­ril­me­li­dir.

Baş mak­sat — il sag­ly­gy

25-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurluşygy batly depginde alnyp barylýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň meýdançasyna bardy. Bu ýerde ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk toplumy emele geler. Bu ýer­de Mil­li Li­de­ri­miz gur­lu­şyk­da ula­nyl­ýan se­riş­de­le­riň gör­nüş­le­ri bi­len tan­şyp, ola­ryň on­ko­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gy ba­bat­da bil­di­ril­ýän ta­lap­la­ra do­ly la­ýyk gel­me­li­di­gi­ni, gur­lu­şyk we be­zeg se­riş­de­le­ri­niň uzak möh­let­le­ýin­lik, berk­lik şert­le­ri­ni özün­de jem­le­me­li­di­gi­ni aýt­dy. Soň­ra luk­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ga­ra­ma­gy­na tä­ze top­lu­myň bi­na­la­ry, ola­ryň ýer­leş­jek ýer­le­ri­niň çyz­gy­la­ry, en­jam­laş­dy­ry­lyş aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň gör­nüş­le­ri ba­ra­da­ky şe­kil tas­la­ma­la­ry gör­ke­zil­di. Olar ba­ra­da sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nist­ri M.Mäm­me­dow we se­bit­de iň iri Hal­ka­ra on­ko­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki mer­ke­ziň gur­lu­şy­gy­nyň al­nyp bar­ly­şy­na jo­gap­kär ýol­baş­çy N.Aman­ne­pe­sow ha­sa­bat ber­di.

«Akyl­ly» şä­he­riň şöh­ra­ty dün­ýä dol­ýar

Golaýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň mynasyp bolan halkara sylaglary we bu ýerde gurulmagy, durky täzelenmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, şeýle-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şä­he­riň gur­lu­şy­gy­nyň ikin­ji tap­gy­ryn­da bi­na edil­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän önüm­çi­lik top­lum­la­ry­nyň şe­kil tas­la­ma­la­ry bi­len ta­nyş­dy.

«Ýaşlar — Watanyň daýanjy» ýapon dilinde

Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­tyn­da hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» at­ly ki­ta­by­nyň ýa­pon di­lin­dä­ki ne­şi­ri­niň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, döwlet Baştutanymyzyň çuň ma­ny-maz­mun­ly bu ese­ri dur­muş ul­ga­my­nyň dür­li ugur­la­ryn­da aja­ýyp üs­tün­lik­le­ri ga­zan­ýan we eziz Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ösüş­le­ri­ne my­na­syp go­şant goş­ýan türk­men ýaş­la­ry­na ba­gyş­lan­ýar. Ge­çen ýy­lyň de­kab­ryn­da çap­dan çy­kan we türk­me­nis­tan­ly­la­ryň ýaş nes­li üçin mö­hüm gol­lan­ma öw­rü­len bu ki­tap da­şa­ry döw­let­ler­de hem uly gy­zyk­lan­ma eýe bol­dy. Onuň Su­ku­ba uni­wer­si­te­ti bi­len hyz­mat­daş­lyk­da ýa­pon di­li­ne ter­ji­me edil­me­gi hem mu­nuň aý­dyň gü­wä­si­dir. Mu­nuň özi Türk­me­nis­ta­nyň we Ýa­po­ni­ýa­nyň ara­syn­da däp bo­lan dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň ösü­şin­de no­bat­da­ky mö­hüm äh­mi­ýet­li wa­ka bol­dy. Şeý­le hem bu ýo­ka­ry okuw mek­de­bi bi­len hyz­mat­daş­lyk­da türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Öm­rü­miň ma­ny­sy­nyň do­wa­ma­ty» at­ly ede­bi-fi­lo­so­fik ese­ri ter­ji­me edil­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Gahryman Arkadagymyzyň bu ki­ta­by şu ýy­lyň ýan­wa­ryn­da ýa­pon di­lin­de çap­dan çyk­dy.

Işe­wür­lik gat­na­şyk­la­ry­ny iler­le­dip

Paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ri­len Türk­men-ame­ri­kan işe­wür­lik mas­la­ha­tyn­da türk­men ta­ra­py­nyň we­kil­le­ri şu ge­zek­ki sa­pa­ra ýur­du­myz­da ABŞ-nyň işe­wür­ler to­par­la­ry­nyň öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­me­gi mak­sat edin­ýän­dik­le­ri­niň ny­şa­ny hök­mün­de ga­ral­ýan­dy­gy­ny bel­le­di­ler. Oňa gat­naş­mak üçin «Türk­me­nis­tan — ABŞ» işe­wür­ler ge­ňe­şi­niň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry Erik Stýuar­tyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky ame­ri­kan işe­wür­le­ri ýur­du­my­za gel­di. Çy­kyş­la­ryň do­wa­myn­da türk­men-ame­ri­kan gat­na­şyk­la­ry­nyň däp bo­lan dost­luk­ly hä­si­ýe­te eýe­di­gi nyg­tal­dy. Şol gat­na­şyk­lar deň­hu­kuk­ly­lyk, bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak, öza­ra bäh­bit­li­lik ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da yzy­gi­der­li ös­dü­ril­ýär. Şun­da ta­rap­la­ryň söw­da, ma­ýa go­ýum işi, işe­wür­ler to­par­la­ry­nyň ug­ry bo­ýun­ça gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mek ba­bat­da hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge taý­ýar­dyk­la­ry tas­syk­la­nyl­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, «Türk­me­nis­tan — ABŞ» işe­wür­ler ge­ňe­şi­niň äh­mi­ýet­li or­ny aý­ra­tyn bel­le­nil­di. Çy­kyş eden­ler dün­ýä­niň iň oňat tej­ri­be­si­ni, öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry iş­jeň çek­me­giň ha­sa­by­na yk­dy­sa­dy­ýe­ti di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mek stra­te­gi­ýa­sy­ny ama­la aşyr­ýan Türk­me­nis­ta­nyň ne­ti­je­li hyz­mat­

Türk­me­nis­tan Tä­ze ýy­ly gar­şy­la­ýar

«Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» şy­ga­ry as­tyn­da ge­çen 2024-nji ýyl üs­tün­lik­li ta­mam­la­nyp bar­ýar. Şu gün­ler Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň ag­zy­bir hal­ky Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň şöh­rat­ly iş­le­ri­ni do­wa­ma­ta atar­jak tä­ze, 2025-nji ýy­ly gar­şy­la­ma­ga ulu­dan taý­ýar­lyk gör­ýär. Ýur­du­my­zyň Baş ar­ça­sy­nyň dür­li yşyk­lar­da ýal­kym saç­ma­gy bol­sa uzak ga­ra­şy­lan, hem­me­ler üçin ýa­kym­ly Tä­ze ýyl baý­ra­my­nyň da­ba­ra­la­ry­na öz­bo­luş­ly ba­dal­ga bol­dy. Asyl­ly dä­be gö­rä, her ýyl paý­tag­ty­myz­da­ky «Älem» me­de­ni-dynç alyş mer­ke­zi­niň öňün­dä­ki meý­dan­ça­da giň ge­rim­li da­ba­ra­lar ýaý­baň­lan­dy­ryl­ýar. Se­kiz­burç­ly ýyl­dyz we «2025» ýaz­gy bi­len be­ze­len, köp san­ly kü­müş­söw gar­ja­gaz­lar­da, dür­li öwüş­gin­dä­ki yşyk­lar­da ýal­kym saç­ýan Baş ar­ça­nyň be­ýik­li­gi 44 met­re, ini bol­sa 16 met­re deň­dir. 15-nji de­kabr­da kör­pe­le­riň is­le­gi bo­ýun­ça Aýaz­ba­ba­nyň ja­dy­ly ta­ýa­gy­nyň kö­me­gi bi­len owa­dan be­ze­len ar­ça­nyň yşyk­la­ry ýa­kyl­dy. Şol pur­sat ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da­ky şä­her­le­riň baş meý­dan­ça­la­ryn­da gur­na­lan Tä­ze ýyl ar­ça­la­ry­nyň äh­li­si hem ja­dy­ly yşyk­lar­da ýal­kym saç­dy. Bu ýer­ler­de-de kö­pö­wüş­gin­li baý­ram­çy­lyk çy­kyş­la­ry ýe­ri­ne ýe­ti­ri­lip, aý­dym­dyr saz­lar be­lent­

Bäsleşigiň jemi jemlenildi

Şu gün welaýat kitaphanasynda «Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi we ýurdumyzyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi bilen bilelikde 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli yglan eden «Magtymguly sözlär tili türkmeniň» atly bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň akyl-paýhasa, ynsanperwerlige, watansöýüjilige ýugrulan öçmez-ýitmez eserleriniň çuňňur mazmunyny açyp görkezýän makalalar, goşgular we hekaýalar boýunça yglan edilen bu bäsleşige döredijilik bilen meşgullanýan, dürli kärde zähmet çekýän ildeşlerimiziň, şeýle hem talyp ýaşlaryň uly toparynyň gatnaşmaklary aýratyn guwandyryjydyr. Bäsleşige iberilen makalalardyr edebi eserleriň Berkarar Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň edebi mirasymyza, beýik şahsyýetlerimize goýýan belent sarpasyna, milli mirasymyzy öwrenmeklik üçin döredip berýän giň şertlerine, beýik Pyragynyň eserleriniň umumadamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak ähmiýetine gönükdirilendigi aýratyn bellärliklidir. Bäsleşigiň netijesi boýunça Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlary Şatlyk Hudaýnazarow we Baý

Arkadag şäheri «ESQR Quality Choice Prize» ýokary hil baýragyna mynasyp boldy

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Ar­ka­dag şä­he­ri ESQR — Hil sel­je­riş bo­ýun­ça Ýew­ro­pa Jem­gy­ýe­ti­niň ab­raý­ly «Qua­li­ty Choice Pri­ze 2024» baý­ra­gy­na my­na­syp bol­dy. Baý­rak gow­şu­ry­lyş da­ba­ra­sy We­na şä­he­ri­niň meş­hur «Park­ho­tel Schönb­runn» myh­man­ha­na­syn­da ge­çi­ril­di. Bu hal­ka­ra çä­re «Eu­ro­pe­an Society for Qua­li­ty Re­se­arch» (ESQR) ta­ra­pyn­dan gura­lyp, şä­her ösü­şi, sag­ly­gy go­ra­ýyş hem-de ener­gi­ýa­nyň ne­ti­je­li­li­gi ýa­ly ugur­lar­da hil do­lan­dy­ry­şyn­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­ri­ni gör­kez­ýär.

Gahryman Arkadagymyz Magtymguly adyndaky halkara baýragyna mynasyp boldy

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 2024-nji ýy­lyň 10-njy de­kabr­ynda Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy, Hor­mat­ly il ýa­şu­lu­sy Gahryman Arkadagymyz Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň ýa­nyn­da­ky Ýa­şu­lu­lar ge­ňe­şi­niň mej­li­si­ni ge­çir­di. Onuň do­wa­myn­da Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­sin­de kes­git­le­nen we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň me­se­le­le­ri­ne, we­la­ýat­lar­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy­na ga­ral­dy.

Dostluk ýoly

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Bi­ziň ýur­du­myz dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­na, äh­li ugur­lar­da­ky giň hyz­mat­daş­ly­ga özyg­ty­ýar­ly­ly­gy­ny we Bi­ta­rap­lyk sta­tu­sy­ny ber­kit­me­giň, da­şa­ry sy­ýa­sat­da­ky mak­sat­la­ry­ny üs­tün­lik­li ama­la aşyr­ma­gyň ke­pi­li hök­mün­de ga­ra­ýar. Bu ba­ra­da Gah­ry­man Arkadagymyz: «Halk­la­ryň we döw­let­le­riň ara­syn­da­ky dost­luk dün­ýä­de yn­san­per­wer­li­gi ýo­la goý­ýan tag­ly­mat­dyr. Çün­ki bu dost­luk döw­let­le­riň äh­lu­mu­my ýö­rel­ge­le­re yg­ty­ýar­lyk ba­bat­da bi­te­wi­leş­me­gi­dir. Dost­luk — adam­za­dyň ýa­kyn­laş­ma­gy­nyň ýo­ly. Dost­luk — asyl­ly ýö­rel­ge­le­riň ede­bi do­wam et­me­gi­niň ýo­ly. Hä­zir­ki wagt­da hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­dä­ki dost­luk­ly gat­na­şyk­lar ösüş­le­ri ýaý­baň­lan­dyr­ma­ga amat­ly ýag­da­ýy dö­red­ýär. Adam­za­dyň dö­re­den be­ýik tag­ly­mat­la­ry­ny dur­mu­şa or­naş­dyr­ma­gyň ýo­ly hem dost­luk­da­dyr» di­ýip, «Türk­me­niň döw­let­li­lik ýö­rel­ge­si» at­ly ki­ta­byn­da bel­läp geç­ýär.

Ýagty geljegimiz baradaky aladalar

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 2024-nji ýy­lyň 7-nji de­kab­ryn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň mü­di­ri­ýe­ti­niň mej­li­si ge­çi­ril­di.

50 ýyllyk dymyşlyk

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Geçen asyrdaky jeňleri seljerýän we ýitgileri öwrenýän bilermenler ikinji jahan urşunda pida bolan adamlaryň her biri üçin 1 minut dymyşlyk yglan etmeli bolsa, azyndan 50 ýyllap dymmaly boljakdygyny hasaplapdyrlar.