Sportuň we çeýeligiň ýyly

19 sagat öň
20

Her ýyl öz paý-nesibesi we ajaýyp wakalary bilen adamlaryň ykbalynda nurana ýatlamalary galdyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem beýik söz ussady Magtymgulynyň döredijiligi, şan-şöhraty bilen birlikde, türkmen halkynyň abraýyny dünýä ýaýbaňlandyrdy. Nusgawy şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen halkara gatnaşyklarynda dostlugyň, ykdysadyýetiň, ylmyň we bilimiň gülläp ösmegine badalga boldy.

Däp bolşy ýaly, gadymyýetden bäri ata-babalarymyz hem Täze ýyly ýyldyznama ylmy esasynda häsiýetlendirip, ony ýagşy umyt-arzuwlar bilen garşylapdyrlar. Müçenama boýunça 2024-nji ýyl Luw ýyly bolup, ol täze 2025-nji ýyla – Ýylan ýylyna öz ornuny berýär. Gündogar senenamasy boýunça ýetip gelýän Ýylan ýyly häsiýeti boýunça daragt, reňki boýunça ýaşyl, sany boýunça dokuzlyk (2+0+2+5=9;), daşy boýunça zümerret hasaplanylýar. Çeşmelerde Ýylan ýylynda akyl-paýhas bilen ýerine ýetirilen her bir işiň ýol aljagy nygtalypdyr. Bu barada Omar Haýýam, Mahmyt Kaşgarly, Abdylkasym Töwrizi, Abu Reýhan Biruny özleriniň ajaýyp taryhy ýazgylaryny galdyrypdyr.

Oguljemal ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.