Beýik söz ussady Magtymguly Pyragy diňe bir Gündogaryň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň beýik, nusgawy şahyrlarynyň biri bolup, onuň döredijiligi dünýä halklaryny özüne çekýär. Şahyryň eserleri dürli dillerde ýaňlanyp, umumadamzat jemgyýeti tarapyndan höwes bilen diňlenilýär.
Magtymguly milli düşünjäni, ruhy keşbiň aýratynlyklaryny çeper tärde ussatlyk bilen beýan edýän söz ussadydyr. Magtymgulynyň döredijiliginiň dünýädäki ähli zatlary görkezip duran Jemşidiň jamyna deňelendigi biziň hemmämize mälimdir. Elbetde, munuň özi, ilkinji nobatda, şahyryň uly döredijilik ussatlygy bilen baglydyr. Şahyry umumadamzat şahyryna öwren zat onuň halkyna, Watanyna bolan beýik söýgüsidir. Magtymguly Pyragynyň baý döredijiliginde watançylyk, mertlik, dostluk-doganlyk, il-halka bolan söýgi, ahlaklylyk, ula hormat, kiçä sarpa goýmak ýaly garaýyşlar uly orun tutýar. Şahyr mydama Watan hakdaky oý-pikirler bilen ýaşapdyr. Öz goşgularynyň üsti bilen ýaşlarda ata Watana, ene topraga bolan söýgini terbiýeläpdir, watansöýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgelerini öňe sürüp, agzybirligi, jebisligi, gaýduwsyzlygy ündäpdir. Watana bolan söýgi, buýsanç onuň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Pyragy: «Eşit, adam, dogan ilden, Gaýry mähriban ýurt bolmaz», «Gel, köňlüm, men saňa nesihat kylaý, Watany terk edip gidiji bolma», «Saba turup, Watan, seni çaglar men» diýip, eziz Watanyna, dogduk mekanyna bolan çuňňur söýgüsini goşgy setirlerine siňdiripdir. Şeýle hem şahyr öz eserleriniň üsti bilen belent ahlak sypatlarynyň ündewçisi hökmünde orta çykýar. Şahyr öz syrly pähimlerini döwürdeşlerine ýetiripdir.