Eziz Diýarymyz beýik ösüşlere beslenýär, şanly wakalar halkymyzyň ruhuny belende göterýär, kalplary joşdurýar. Şeýle bagtyýar günlerde Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby uly ilimize ajaýyp sowgat boldy. Bu nusgawy kitap türkmen halkynyň taryhyny, milli gymmatlyklaryny, gadymdan gelýän ýol-ýörelgelerini dünýä ýaýýar, ata-babalarymyzyň asylly däplerine çuňňur düşünmäge giň mümkinçilik döredýär. Kitabyň türkmen we iňlis dillerinde çap edilmegi hem şöhratly taryhymyzyň dünýä ýaýylýandygyny aýdyň beýan edýär.
Mälim bolşy ýaly, şöhratly taryhyň çuňňur pelsepewi garaýyşlar bilen beýan edilmegi ýaş nesilleri terbiýelemekde hem görelde mekdebidir. Şu nukdaýnazardan, Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly ajaýyp eseri islendik ýaşdaky adamlar üçin gymmatly gollanmadyr. Beýan edilýän çuňňur pikir, pelsepewi garaýyşlar kitabyň terbiýeçilik ähmiýetini ýokary derejelere ýetirýär. Eseriň çuňňur many-mazmunynda halkymyzyň ruhy dünýäsi, gadymdan gelýän milli medeniýeti öz beýanyny tapýar. Şonuň üçin hem, Milli Liderimiziň «Hakyda göwheri» atly kitaby ruhy dünýämizi baýlaşdyrýan çeşmedir. Hut şunuň özi hem onuň halkymyz üçin ýokary gymmatlykdygyny, ýakyn hemradygyny, gollanmadygyny aýdyň görkezýär.