"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Serhetsiz sungat

Hytaýyň zenanlar we çagalar milli muzeýinde sergilenen çagalaryň surat eserlerini synlamak her birimiz üçin gyzykly bolsa gerek. Şol sergidäki suratlaryň käbirini size ýetirýäris. Geliň, olary bilelikde synlalyň!

«Diwali» otlar festiwaly

Düýn, paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň guramagynda «Diwali» atly otlar festiwaly geçirildi.

Çaga terbiýesinde milli ruhy-ahlak ýörelgeler

Halkymyz edep-terbiýä döwletliligiň esasy çeşmeleriniň biri hökmünde garaýar. Pederlerimizden miras galan ýörelgeler bolsa çagalarda irki ýaşdan başlap, oňat häsiýetleri terbiýelemäge ähmiýet berlendigini subut edýär. Ata-babalarymyzyň nesil terbiýelemek ýörelgesine ygrarly halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem bu ugura aýratyn üns berýär. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň” röwşen nuruny boldan eçilýän günlerinde hormatly Prezidentimiz tarapyndan bagtyýar nesillerimiz hakyndaky üns-alada barha rowaçlanýar. Ýurdumyzyň ähli künjeginde bilim-terbiýäniň esasy ojagy hasaplanylýan mekdeplerde çagalara ýaşlykdan başlap, asylly terbiýe, dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim bermek ugrunda ähli zerur şertler döredilendir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan milli ruhy-ahlak ýörelgelere uly üns berilýär. Döwrüň  ýaşlaryna  ynsanperwerlik, ruhubelentlik, paýhaslylyk, rehimdarlyk, kiçigöwünlilik, asyllylyk, sadalyk, halallyk, sabyr-kanagatlylyk, gülerýüzlülik, durnuklylyk, dogruçyllyk, maksada okgunlylyk, Watana, il-ulsa wepalylyk ýaly  gowy gylyk-häsiýetler  mahsus bolmalydyr. Ýaş nesillerde  ýokary  ahlaklylygy  terbiýelemek esasy zerurlykdyr. Bu babatda  pederlerimiziň  asylly  ýörelgelerine  salgylanmak gerekdir. Belent ynsanperwerlik,

Mukama siňen ömür

Ýurdumyzda meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli «Mukama siňen ömür» atly festiwal geçirildi. Festiwalyň deslapky gününde paýtagtymyz Aşgabatda, şeýle hem Arkadag şäherinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda guralan köpöwüşginli çäreler ýokary ruhubelentlige, ajaýyp duýgulara beslenip, olara medeniýet we sungat işgärleri, türkmen sazynyň muşdaklary, ýaşuly nesliň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar. Festiwalyň açylyş dabarasy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçirilip, onda ilki çykyşlara orun berildi. Çykyşlarda kompozitoryň ömri we döredijiligi baradaky gyzykly gürrüňler, ýatlamalar öz beýanyny tapdy.

Sungat — kalbyň owazy

Türkmenistanyň halk artisti Çaryýar Seýitliýew bilen söhbetdeşlik «Mahmal owazly sungat ussatlary» diýlende, ilki bilen, aňymyzda şirin owazly bagşylar janlanýar, emma kino we teatr sungatyndaky artistleriň sözleýşi, sesi bilen tomaşaçyny özüne bendi edişi-de, edil bagşy owazy kysmy bir zat. Halkyň söýgüsini gazanan şeýle mahmal sesli halypalaryň biri, Türkmenistanyň halk artisti Çaryýar Seýitliýew bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik.

Medeni habarlar

Türkmen teatrynyň üstünligi 1-4-nji noýabr aralygynda TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde I halkara teatr festiwaly geçirildi. Bu çärä gatnaşan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry festiwalyň diplomy, ýadygärlik sowgady bilen sylaglanyldy. Özbek, azerbaýjan, gyrgyz, gazak, türk sahna ussatlarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu medeni çärede türkmen artistleriniň görkezen «Söýgi we hasrat» atly spektaklynda baş gahrymanyň keşbini janlandyran artist Gülnabat Abdullaýewa festiwalyň «Iň gowy zenan keşbi üçin» ugry boýunça baýraga mynasyp boldy.

Aşgabatda Hytaýyň Medeniýet ýyly açyldy

Aşgabatda Hytaýyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň dabaraly açylyşy boldy. Iki dostlukly ýurduň Baştutanlarynyň başlangyçlary bilen geçirilýän giň gerimli bu döredijilik çäresi türkmenistanlylary hytaý halkynyň köpöwüşginli sungaty, özboluşly däp-dessurlary hem-de medeniýet ulgamynda gazananlary bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen Hytaý Halk Respublikasynyň ýurdumyzdaky Medeniýet ýylynyň açylyş dabarasynda HHR-iň Türkmenistandaky işler wagtlaýyn ynanylan wekili Go Hunlýan gutlag sözi bilen çykyş etdi. Diplomatyň belleýşi ýaly, iki ýurduň Baştutanlary yzygiderli ýagdaýda strategik ähmiýetli gatnaşyklary saklaýarlar, geljek üçin ugurlary kesgitleýärler. Bu bolsa dürli ugurlarda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň işjeňleşmegine ýardam edýär. Şensi welaýatynyň Medeniýet we syýahatçylyk departamentiniň başlygynyň orunbasary Lýu Haýrongyň gutlag çykyşynda parahatçylygyň we dostlugyň pugtalandyrylmagynda, iki halkyň medeniýetiniň, özara düşünişmeginiň baýlaşmagynda, ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmeginde bu döredijilik çäresiniň ähmiýeti nygtaldy.

Işi täsindi, tejribesi täsirdi

Belli fotožurnalist Gurbandurdy Myradowy ýagşylykda ýatlap... Gökdepäniň şol wagtky etrap gazetinde fotohabarçy bolup işe başlaýan döwürlerimdi. Geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynyň ahyrynda, baharyň hoştap howaly günleriniň birinde redaktorymyz Orazmämmet Saparow etraba «Türkmeninformyň» (häzirki Türkmen döwlet habarlar agentliginiň) fotožurnalisti Gurbandurdy Myradowyň gelýändigini, meniňem şonuň bilen bile sapara gitmelidigimi aýtdy. Şondan soň agşamara onuň bilen Yzganda gitdik. Obadaky 11-nji orta mekdebiň şol wagtky müdiri Amanguly Nuryýewlere baryp, şol gije olarda myhman bolduk. Seredip otursam, olar ýokary okuw mekdebinde bile okan ekeni. Ertesi irden Gurbandurdy aga (oňa deň-duşlary Köşek aga-da diýýän eken) haýdan-haý iş gurallaryny — fotoenjamlaryny birlaý gözden geçirdi. Ony ýörite süpürgiç bilen arassalaşdyrdy. Ulanjak fotoplýonkalaryny taýýarlady. Garaz, ol işine diýseň jür eken. Hemme zatlaryny gaýta-gaýta gözden geçirdi.

Ussat sazanda

Türkmen halkynyň göz-guwanjy bolan dutary hemra edinen sazandalaryň birine Meretdurdy Bekiýew diýýärler. Sekizinji onluga gadam goýan Meretdurdy agany obadaşlary zehinli sazanda hökmünde tanaýarlar. Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Zaman obasynda doglan Meretdurdyda ýaşlygynda saz çalmak höwesi döreýär. Heniz iki ýaşyndaka ejesinden jyda düşýär. Obada mehanizator bolan kakasy Beki aga hemişe atyz meýdanynda bolýar. Beki aga günortan çaglary arakesmä gelende, ýalňyz ogly Meretdurdynyň radioda berilýän konserti diňläp oturanyna telim gezek gabat gelýär. Bir günem ol ogluna ýüzlenip: «Meretdurdy jan, soňky döwürde seni okuwdan boş wagtlaryň eliň radioly kän görýän. Bagşy ýa-da sazanda bolmak hyýalyň barmy?» diýende, Meretdurdy: «Gije-gündiz pikir-hyýalym aýdym-sazda-da, kaka. Şuny bir öwrenip bilsedim. Dogrymy aýtsam, dutary ömürlik hemra edinesim gelýär» diýýär. Kakasy bilen oglunyň arasynda bolan bu ýakymly gürrüňleriň ertesi Beki aga golaýlarynda ýaşaýan dutar ussasy Halmet Toýlyýewe oglunyň dutar sazyna maýyl bolup ýörendigini aýdyp, oňa kybap gelýän dutary ýasap bermegini haýyş edýär. Şeýdip ýaşajyk sazandanyň gökdäki dilegi ýerde gowuşýar. Ol kakasy Beki aganyň hemaýaty bilen täzeje dutarly bolýar. Okuwynyň gapdaly bilen dutar tutmagy, kakuw edip, perde basmagy öwrenýär. Käte radioda halk sazlary berläýse, kiçijik dutaryny alyp, sazyň yzyna düşmegi özüne pişe edinýä

«Ýurt abadan — il bagtyýar»

Golaýda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Ýangyn-amaly Sport federasiýasynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky Çagalar çeperçilik mekdeplerinde we Çagalar sungat mekdepleriniň çeperçilik bölümlerinde okaýan ýaş suratkeşleriň arasynda reňk we galam bilen surat çekmek hem-de heýkeltaraşlyk ugurlary boýunça «Ýurt abadan — il bagtyýar» şygary bilen döredijilik eserleriniň döwlet derejesindäki bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň ýeňijileri yglan edildi. Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda ýerleşýän Çagalar çeperçilik we Çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylary bu bäsleşikde agzalan tema boýunça dürli öwüşginli suratlary çekip, deň-duşlaryndan öňe saýlanmagy başardylar. Bäsleşigiň ýeňijileri ony guraýjylar tarapyndan diplomlar we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.

Berekediň baýramy

Ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde baýramçylyk sergisi ýaýbaňlandyryldy. Gadymy döwürden bäri halkymyzyň daýhançylyk däplerini özünde jemleýän bu baýramçylygyň özboluşly beýany bolan sergide muzeýiň gaznasynda saklanylýan zähmet gurallary, lebaply suratkeşleriň bereketli türkmen topragyna bagyşlap döreden surat eserleri hem-de beýleki gymmatlyklar görkezilýär.

Dutaryň Moskwadaky owazy

Ýakynda Moskwa şäherinde tanymal türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli «Dutaryň owazy» atly halkara VII saz festiwaly geçirildi. Oňa gatnaşan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň wokal mugallymy, aýdymçy Begdurdy Çerkezow festiwalyň III derejeli diplomy bilen sylaglandy. Belli türkmen pianinoçysy Aýlar Saparmyradowanyň sazandarlyk etmeginde zehinli aýdymçy Begdurdy Çerkezow meşhur kompozitoryň dürli ýyllarda döreden hem-de türkmen kinofilmlerinde ýaňlanan aýdymlaryny täze öwüşginde ýerine ýetirip, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy.

Zehinli talybyň üstünligi

Aýdym-saza goýulýan sarpa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe günsaýyn belende galýar. Mahmal owazly, zehinli aýdymçylarymyzyň gazanýan üstünlikleri hem döwrüň ruhuna laýyk gelip, hemmämizi begendirýär, guwandyrýar. Welaýat ýörite sungat mekdebimiziň talyby, meşhur bagşy Nurberdi Gulowyň çowlugy Güýçberdi Gulowyň ýakynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek

Nepisligiň dürdänesi

Ýakynda Aşgabat şäher häkimliginiň mejlisler zalynda Aşgabat şäheriniň ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna «Dizaýn» ugry boýunça girizilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Oňa il sylagly ýaşulular, dürli pudaklarda zähmet çekýän ildeşlerimiz hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bilşimiz ýaly, Aşgabadyň häzirki kämil şähergurluşyk-binagärlik keşbi Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň, çuňňur pähim-parasatynyň aýdyň miwesidir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bolsa bu günki gün merjen şäherimiz dünýäniň has ösen we ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriniň hataryndan mynasyp orun aldy. Paýtagtymyzyň çägindäki desgalaryň onlarçasy Aşgabat şäheriniň özi bilen bilelikde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly şygary astynda geçýän 2023-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda, halkara derejesinde giňden bellenilen şäherleriň Bütindünýä gününde bolsa, Aşgabadyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilendigi baradaky hoş habaryň gelip gowuşmagy hem paýtagtymyzyň täze taryhynda ýatdan çykmajak taryhy pursatlaryň birine öwrüldi. Dabaraly maslahatda çykyş edenler bular dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler hem-de ýurdumyzyň, mähriban paýtagtymyzyň halkara abraýyny belende galdyrmak ugrunda taýsyz tagallalary ed

Gözelligiň ýaýlasynda

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzy ylym-bilim babatda ösen döwletleriň hatarynda tanatmak, dünýä äşgär etmek maksady bilen ýaşlarymyz halkara we döwlet derejesinde geçirilýän forumlara, bäsleşiklere, olimpiadalara gatnaşyp, görnükli orunlary eýeleýärler. Şeýle okuwçy ýaşlaryň welaýatymyzda gün-günden köpelýändigi bolsa örän guwandyryjydyr. Mekdebimiziň 10-njy synp okuwçysy Arslan Arturow hem göreldeli okuwy, döredijilik ukyp-başarnygy bilen tapawutlanýan zehinli okuwçylaryň biri. Ol okuwyndan daşary welaýatymyzda, döwletimizde geçirilýän surat bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýär.

Halkara festiwalda şowly ädim

Ýakynda Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen TÜRKSOÝ-nyň I halkara teatr festiwaly uly üstünliklere beslenip, türki dünýäniň sahna ussatlaryny bir ýere jemledi. Oňa Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň teatr toparlary gatnaşdylar. Zehinli aktýorlara, režissýorlara, dramaturglara we prodýuserlere öz eserlerini halkara sahnada görkezmäge ajaýyp mümkinçilik döreden gözden geçirilişde ýurdumyza Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň döredijilik topary wekilçilik etdi. Türkmenistanly sahna ussatlary festiwalda dramaturg Gowşutgeldi Daňatarowyň «Söýgi we hasrat» atly sahna oýnuny görkezdiler. Bu eser «Leýli — Mejnun» ýordumy esasynda sahnalaşdyryldy.

Dost-doganlyk gatnaşyklary — köňülleriň aýdymy

Türkmen halkynda «Goňşy goňşudan görk alar», «Goňşy goňşyň hem görki, hem örki», «Haýyr dile goňşyňa, rysgal gelsin aşyňa» ýaly goňşy gadyryny beýgeldýän nakyllar, aýtgylar bar. Bu halk durmuşynda goňşuçylyk gatnaşyklaryna goýulýan sarpany aňladýar. Ýakynda Özbegistan Respublikasynda geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleri hem doganlyk halklaryň mizemez dostlugynyň nyşany boldy. Iki goňşy halkyň edebiýatyna, aýratyn-da, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik duşuşygyndan başlanan çäreler, Buharada türkmen halysynyň muzeýiniň we haly dokalýan kärhananyň dabaraly açylyşy bilen utgaşdy. Medeniýet günleri mynasybetli geçirilen konsertler iki halkyň dostlugyny aýdyň alamatlandyrdy. Şekillendiriş, amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisine özbek doganlarymyz tomaşa etdiler. Medeniýet günlerine gatnaşan türkmen toparynyň wekiliýetinde bu mekanyň gadymy taryhy ýadygärlikleri uly täsir galdyrdy. Buharadaky Gögeldaş medresesi, Bahaweddin Nagyşbendiniň zyýarathanasy we beýleki taryhy ýadygärlikleriň gadymylygy iki doganlyk halkyň ruhy-medeni kökleriniň birligini alamatlandyrýar. Ýeri gelende, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda türkmen medeniýetine, taryhyna, edebiýatyna, ylmyna bagyşlanan we hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça bilelikdäki çäreleriň geçirilendigini bellemeli. Özbegistanyň Horezm welaýatynda şu ýylyň mar

Akyl dişi (Gülküli kyssa)

Arada dişlerimiň biri agyrdy-da, lukmana ýüz tutdum. O-da seredip gördi-de: — Azylaryň-a abat, ýöne akyl dişiň çüýräp başlapdyr — diýdi. Menem edil dişsiz galaýjak ýaly:

ASYRYŇ USSAT NAKGAŞY

XX asyr türkmen şekillendiriş sungatynyň düýbüni tutujylaryň biri bolan Yzzat Gylyjowyň 100 ýyllygy ýakynda uly dabara bilen bellenilip geçildi. Bereketli güýzüň ikinji aýy bolan oktýabr agzalanda medeni gurşawyň giňişliklerinde hakykaty çeper keşplerde beýan etmekde tapawutlanan, adam zähmetiniň edebiýat, suratkeşlik, grafika, heýkeltaraşlyk, bezeg, binagärlik, amaly-haşam sungaty, aýdym-saz, teatr, kino ýaly görnüşleriniň ylmy we durmuş «harplygyny» düzüjileri hasap edilýän Ş.Batyrowyň, K.Gurbannepesowyň, G.Daşgynowyň, A.Çarygulyýewiň, A.Kekilowyň, P.Saryýewiň, Sapargeldi Annasähet Iner oglunyň, N.Annatyýewanyň, O.Apbasowanyň, T.Jumageldiýewiň, G.Daňatarowyň we Y.Gylyjowyň mertebeli atlary, ykballary kalbymyzda ilkinjileriň hatarynda janlanýar. Türkmen şekillendiriş sungatynyň soňky ýüz ýyllyk ösüş taryhy, olaryň çeperçilik dünýäsiniň gözellikleri wasp edilende Yzzat Gylyjowyň ady buýsanç bilen tutulýar. XX asyr türkmen şekillendiriş sungatynyň düýbüni tutujylaryň biri bolan Yzzat Gylyjowyň 100 ýyllygy ýakynda uly dabara bilen bellenilip geçildi.

Okuw maslahaty geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine degişli bolan orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary boýunça Ahal welaýat ýörite sungat mekdebinde okuw-usulyýet maslahaty geçirildi. Maslahat «Okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek — pedagogik we sungat işgärleriniň mukaddes borjy» ady bilen geçirilip, çykyşlara uly orun berildi. Çykyş edenler Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda  ýaşlaryň bilimini has-da artdyrmak, okuw-terbiýeçilik işlerini talabalaýyk guramak, halypa-şägirtlik ýollaryny ösdürmek üçin alnyp barylýan işler barada gürrüň berdiler.