«Ýurt abadan — il bagtyýar»

9 Noýabr 2023
664

Golaýda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Ýangyn-amaly Sport federasiýasynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky Çagalar çeperçilik mekdeplerinde we Çagalar sungat mekdepleriniň çeperçilik bölümlerinde okaýan ýaş suratkeşleriň arasynda reňk we galam bilen surat çekmek hem-de heýkeltaraşlyk ugurlary boýunça «Ýurt abadan — il bagtyýar» şygary bilen döredijilik eserleriniň döwlet derejesindäki bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň ýeňijileri yglan edildi.

Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda ýerleşýän Çagalar çeperçilik we Çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylary bu bäsleşikde agzalan tema boýunça dürli öwüşginli suratlary çekip, deň-duşlaryndan öňe saýlanmagy başardylar. Bäsleşigiň ýeňijileri ony guraýjylar tarapyndan diplomlar we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.

Ýörite habarçymyz.