Çaga terbiýesinde milli ruhy-ahlak ýörelgeler

11 Noýabr 2023
687

Halkymyz edep-terbiýä döwletliligiň esasy çeşmeleriniň biri hökmünde garaýar. Pederlerimizden miras galan ýörelgeler bolsa çagalarda irki ýaşdan başlap, oňat häsiýetleri terbiýelemäge ähmiýet berlendigini subut edýär. Ata-babalarymyzyň nesil terbiýelemek ýörelgesine ygrarly halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem bu ugura aýratyn üns berýär. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň” röwşen nuruny boldan eçilýän günlerinde hormatly Prezidentimiz tarapyndan bagtyýar nesillerimiz hakyndaky üns-alada barha rowaçlanýar. Ýurdumyzyň ähli künjeginde bilim-terbiýäniň esasy ojagy hasaplanylýan mekdeplerde çagalara ýaşlykdan başlap, asylly terbiýe, dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim bermek ugrunda ähli zerur şertler döredilendir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan milli ruhy-ahlak ýörelgelere uly üns berilýär. Döwrüň  ýaşlaryna  ynsanperwerlik, ruhubelentlik, paýhaslylyk, rehimdarlyk, kiçigöwünlilik, asyllylyk, sadalyk, halallyk, sabyr-kanagatlylyk, gülerýüzlülik, durnuklylyk, dogruçyllyk, maksada okgunlylyk, Watana, il-ulsa wepalylyk ýaly  gowy gylyk-häsiýetler  mahsus bolmalydyr. Ýaş nesillerde  ýokary  ahlaklylygy  terbiýelemek esasy zerurlykdyr. Bu babatda  pederlerimiziň  asylly  ýörelgelerine  salgylanmak gerekdir. Belent ynsanperwerlik, ýokary ahlak gymmatlyklary esasynda geljekki nesiller üçin  nusgalyk, sagdyn  düşünjeler emele gelýär.