Ussat sazanda

9 Noýabr 2023
675

Türkmen halkynyň göz-guwanjy bolan dutary hemra edinen sazandalaryň birine Meretdurdy Bekiýew diýýärler. Sekizinji onluga gadam goýan Meretdurdy agany obadaşlary zehinli sazanda hökmünde tanaýarlar. Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Zaman obasynda doglan Meretdurdyda ýaşlygynda saz çalmak höwesi döreýär. Heniz iki ýaşyndaka ejesinden jyda düşýär. Obada mehanizator bolan kakasy Beki aga hemişe atyz meýdanynda bolýar. Beki aga günortan çaglary arakesmä gelende, ýalňyz ogly Meretdurdynyň radioda berilýän konserti diňläp oturanyna telim gezek gabat gelýär. Bir günem ol ogluna ýüzlenip: «Meretdurdy jan, soňky döwürde seni okuwdan boş wagtlaryň eliň radioly kän görýän. Bagşy ýa-da sazanda bolmak hyýalyň barmy?» diýende, Meretdurdy: «Gije-gündiz pikir-hyýalym aýdym-sazda-da, kaka. Şuny bir öwrenip bilsedim. Dogrymy aýtsam, dutary ömürlik hemra edinesim gelýär» diýýär.

Kakasy bilen oglunyň arasynda bolan bu ýakymly gürrüňleriň ertesi Beki aga golaýlarynda ýaşaýan dutar ussasy Halmet Toýlyýewe oglunyň dutar sazyna maýyl bolup ýörendigini aýdyp, oňa kybap gelýän dutary ýasap bermegini haýyş edýär. Şeýdip ýaşajyk sazandanyň gökdäki dilegi ýerde gowuşýar. Ol kakasy Beki aganyň hemaýaty bilen täzeje dutarly bolýar. Okuwynyň gapdaly bilen dutar tutmagy, kakuw edip, perde basmagy öwrenýär. Käte radioda halk sazlary berläýse, kiçijik dutaryny alyp, sazyň yzyna düşmegi özüne pişe edinýär. Saz yzyna saz öwrenýär. M.Bekiýew orta mekdebi oňat bahalar bilen tamamlap, Aşgabadyň şol wagtky Köşi obasynda ýerleşen mehanizasiýa tehnikumyna okuwa girýär. Ol okuwdan boş wagtlary ussat sazandalar, Türkmenistanyň halk artistleri Çary Täçmämmedowyň, Ýagmyr Nurgeldiýewiň, Jepbar Hansähedowyň, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Tugur Berdinyýazowyň, Aýmämmet Aşyrowyň radioda berilýän konsertlerini sypdyrman diňleýär. Okuwyny tamamlap, dogduk obasyna dolanan zehinli ýigit suw gurluşygy ugrundan zähmet çekip ugraýar.

Gurbannazar KAKABAÝEW,
Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky Ýörite sungat mekdebiniň mugallymy, sazanda.