"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Terbiýeçilikde kitaphanalaryň orny

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesilleriň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin bimöçber aladalar edilýär. Şonuň bilen baglylykda, kitaphana ulgamynyň döwrebap ösdürilmegi ugrunda buýsandyryjy işler alnyp barylýar. Çünki kitaplar iň gymmatly baýlyklaryň biri hasaplanýar. Kitaphanalar bolsa ynsanyň ruhy taýdan kämilleşmeginde esasy merkez hökmünde mukaddes ýerler bilen deň derejede görülýär. Bu ýörelge häzirki wagtda hem döwrebap röwüşde dowam etdirilýär. Kitaphanalaryň ähli amatlyklar bilen üpjün edilmegi üçin döwlet derejesinde aladalar edilýär. Muňa mysal hökmünde üstümizdäki ýylyň 7-nji fewralynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini has-da kämilleşdirmek boýunça geçiren iş maslahatynda beýleki ugurlar bilen bir hatarda, kitaphana işini ösdürmek meselesine hem aýratyn üns berendigini bellemelidiris. Maslahatda elektron kitaphana ulgamynyň maglumat binýadynyň we kitaplaryň sanynyň yzygiderli artdyrylmagy boýunça degişli işleri geçirmek hem-de sanly kitaphana hyzmatlarynyň geriminiň giňeldilmegine gönükdirilen çäreleri dowam etmek tabşyryldy. Bu bolsa ýurdumyzda hereket edýän kitaphanalaryň döwrüň talaplaryna doly laýyk getirilmelidigini aňladýar. Maglumatlaryň elýeterliliginiň üpjün edilmegi, maglumat çeşmeleriniň elektron gorlary bilen ýaşlaryň i

Döwletli döwrany bardyr

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň ähli babatda ýaş nesillerimiz üçin terbiýeçilik ähmiýeti diýseň uludyr. Gahryman Arkadagymyzyň dury ylhamyndan syzylyp çykan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda halkymyzyň ata-baba dowam edip gelýän milli däp-dessurlary, döwletlilik ýörelgeleri beýan edilýär. Halkymyzyň asyrlardan-asyrlara dowam edip gelýän ýörelgelerini beýan edýän bu kitabyň nesil terbiýesinde ähmiýeti örän uludyr. Onuň üçünji bölümi «Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar» ady bilen berlip, ylym-bilime bagyşlanypdyr. Bölümde her bir adamyň durmuşda ilki bilen ylym-bilim alyp, soňra ony ýerlikli peýdalanýandygy dogrusynda aýdylyp geçilýär. Bölümde ylym hakynda getirilen rowaýatyň hem terbiýeçilik ähmiýeti örän uludyr. Rowaýatda ylmyň her zerresiniň altyna barabardygy bellenilýär.

Ýer böleklerine bolan hukuklar hakynda

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ähli ugurlar bilen bir hatarda, kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça hem ägirt uly özgertmeler, dürli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilip, ýurtda hukuk döwletiniň esaslaryny berkitmekde, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň ygtybarly we berk goralmagyny üpjün etmekde uly işler yzygiderli amala aşyrylýar. Bu ugurdaky işler döwlet Baştutanymyz tarapyndan başy başlanan milli hukuk ulgamymyzy kämilleşdirmekligiň strategiki meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň möhüm tapgyrlaryny özünde jemleýär.  Ýurdumyzda gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň, hukuklaryň borçlanmalarynyň ykrar edilmegi we olaryň goralmagyny kämilleşdirmek maksady bilen kabul edilen «Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan ýüze çykýan gozgalmaýan emläge bolan ähli hukuklar we gozgalmaýan emläk bilen baglanyşykly ähli geleşikler döwlet tarapyndan bellige alynmaga degişlidir. Bu Kanuna laýyklykda, ýer böleklerine bolan hukuklary döwlet belligine almak Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň ýerli edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

Hökmany berjaý edilmeli talaplar

Ýurdumyzda ýaşaýyş jaýlarydyr dürli maksatly desgalar we binalar yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär, öňki bar bolanlarynyň durky täzelenilýär. Giň gerim bilen alnyp barylýan gurluşyk işlerinde desgalardyr binalary iň häzirki zaman tehniki serişdeleri bilen enjamlaşdyrmaklyga uly üns berilýär. Binagärlik-gurluşyk işlerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerine hem uly ähmiýet berlip, bu ugurda ylmyň we tehnologiýanyň iň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylýandygyny bellemek gerek. Ýöne, şeýle-de bolsa, şol düzgünleri berjaý etmekligiň her birimiziň hemişelik borjumyz bolup durýandygyndan ugur alyp, ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý ediliş tertibini kesgitleýän gaýragoýulmasyz çäreler dogrusynda maslahat bermegi makul bildik. Ilkinji nobatda, ýangyn howpsuzlyk çäreleri hakynda gözükdirmeler edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary tarapyndan işlenip taýýarlanyp, ýerli ýangyn howpsuzlyk gullugy bilen ylalaşylyp, kärhananyň baş inženerleri tarapyndan tassyklanylmalydyr. Ol gözükdirmelere hökmany ýagdaýda önümçiligiň alnyp barlyşyna ýangyn howpsuzlygy boýunça çäreler, ýangyn howpsuzlygy boýunça işgärleriň ýerine ýetirmeli talaplary, aýratyn önümçilik tilsimatlary üçin ýangynyň öňüni alyp biljek ýörite çäreler, tilsimat-enjamlaýyn ulgamy togtatmagyň we ýangyn howpsuzlyk işgärlerini çagyrmagyň düzgünleri, daş-töwerege, şol sanda binalara, desgalara barylýan ýollary saklamaklyga bildirilýän talap

Dostluk we söýgi

(Hekaýa) Didar pikirlere, hyýallara gümra bolup oturyşyna, täze döreden goşgusynyňam soňuna nokat goýdy. Ony täzeden okap gördi:

Owgan nakyllary

Iki laçyn garpyşsa, kepderiniň ýelegi ütüler. *  *  *

Paýhaslar ummany

Kim gowy görülýän bolsa, Şol adamdan öwrenilýär.Gýote. *  *  *

Sere gelen setirler

Ikisiniňem amanatdygy üçin ýaşan ömrüňi ýyl bilen, baýlygyňy pul bilen ölçemek dogry däl bolsa gerek. *  *  *

Bagtyýarlyk mukamy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ösüşleriň täze belentliklerine üstünlikli gadam basýan eziz Watanymyzyň ýüregi gözel Aşgabadyň esaslandyrylmagyna «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda 140 ýyl dolýar. Bu şanly senäniň ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylyna gabat gelmegi hem, şanly baýramçylyklaryň Diýarymyzyň ähli künjeklerinde uludan toýlanyljakdygyndan habar berýär. Bu bolsa mähriban halkymyzda ajaýyp zamanamyza, bagtyýar döwrümize bolan buýsanjy has-da artdyrýar.

Jemgyýetçilik guramalarynda

Möhüm wezipelerden ugur alyp Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň welaýat bölüminde hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň öňünde goýan wezipeleriniň we tabşyryklarynyň ýerlerde ýerine ýetirilişine bagyşlanyp maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň guramagynda geçirilen bu maslahata birleşmäniň işjeň agzalary, pudagara utgaşdyryjylary, tehniki-howpsuzlyk bölüminiň işgärleri we Geňeşleriň wekilleri gatnaşdylar.

Nesil saglygynyň goragynda

Häzirki wagtda enäniň we çaganyň saglygyny goramaga milletiň saglygynyň girewi hökmünde döwlet derejesinde üns berilýär. Döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen hassahanalaryň gurulmagyny, ynsan saglygynyň goragynda gaýym durýan hünärmenleriň ýetişdirilmegini, olaryň hünär ussatlygynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny, eneleriň we çagalaryň sagdyn ýaşamaklary, dogry iýmitlenmekleri üçin ähli şertleriň döredilmegini muňa mysal hökmünde görkezip bileris. Şu günler welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde lukmanlar üçin amaly okuwlar geçirilýär. Türkmenistanda enelere we çagalara berilýän lukmançylyk kömeginiň hiliniň has-da ýokarlanmagyny üpjün etmek maksady bilen geçirilýän bu okuwlara merkeziň akuşer-ginekolog, anesteziolog we reanimatolog, neonatolog lukmanlary gatnaşýarlar.

Watançy ýaşlar — döwrüň synmaz kuwwaty

Berkarar döwletimizde ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmekde hem-de olara watansöýüjiligi, ynsanperwerligi wagyz etmekde giň gerimli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki döwürde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça hemmetaraplaýyn oýlanyşykly, ylmy taýdan esaslandyrylan döwlet syýasaty ýöredilýär. Şeýle işleri ýerine ýetirmekde bagtyýar ýaşlarymyzyň aň-düşünjesine, gujur-gaýratyna we netijeli zähmetine aýratyn orun berilýär. Ýurdumyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty olara ähli babatda zerur bolan şertleri döretmäge gönükdirilendir. Hormatly Arkadagymyzyň ähli ulgamlar bilen bir hatarda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny hem öňe sürýändigine «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny» tassyklap, bu ugurda geçirmeli çäreleriň Meýilnamasyny makullamagy-da aýdyň mysaldyr. Şeýle belent işlerden ruhlanyp, ýaňy-ýakynda podpolkownik Röwşen Aýazowyň ýolbaşçylyk edýän garnizonynda TMÝG-niň etrap geňeşiniň guramagynda «Watançy ýaşlar — döwrüň synmaz kuwwaty» atly şygar astynda ýaş serkerdeleriň arasynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Döwrüň möhüm talaby

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge netijeli goşant bolýan, raýatlaryň hukuklaryny we erkinligini üpjün edýän kanunçylygyň hereket etmegi gazanylýar. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow geçirýän her bir mejlislerinde, iş maslahatlarynda döwlet dolandyryş işini kämilleşdirmegiň, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejelere götermegiň hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň öňünde wezipe edip goýlandygyny belleýär. Dünýäde üýtgäp duran ykdysady we jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýlaryň, şeýle hem ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlarynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň döwlet-hukuk institutlarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegi, täze kanunlary gaýra goýman kabul etmegi we olary örän çalt durmuşa ornaşdyrmagy, Türkmenistanyň milli hukuk ulgamynda Konstitusiýanyň jemgyýetdäki ornuna we ähmiýetine täzeden garamagy talap edýändigini nygtaýar. Milli Liderimiz Türkmenistanyň we onuň raýatlarynyň okgunly öňe barýan dünýäniň, halkara jemgyýetçiliginiň ösüşlerinden birjik-de yza galmaly däldigini häli-şindi tekrarlaýar we bu babatda zerur bolan çäreleriň haýal etmezden durmuşa ornaşdyrylmagy ugrunda tagalla edýär. Dünýewi, demokratik, hukuk döwletimizi mundan beýläk-de bedew bady bilen ösdürmäge netijeli täsir edýän, raýatlaryň hukuklaryny we e

Ýokary hilli ýüplükler

Köneürgenç etrabyndaky pagta egriji fabrik ýurdumyzyň dokma toplumynyň ýokary öndürijilikli tehnologiýalar bilen üpjün edilen iň häzirki zaman ülňüli kärhanalarynyň biri. Bu ýerde her günde içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan hem-de bäsdeşlige ukyply ýüplügiň iri tapgyry öndürilip, sarp edijilere ugradylýar. Kärhananyň hünärmenleri geçen ýyly ähli tehniki-ykdysady görkezijiler boýunça oňat netijeler bilen jemlediler. Şonda zähmet toparynyň agzalary meýilnamadan artyk önüm öndürmegiň hötdesinden geldiler. Bu görkeziji göz öňünde tutulandakydan ep-esli köpdür. Kärhananyň esasy bölümlerinde oturdylan ýokary öndürijilikli ýöriteleşdirilen enjamlar doly güýjünde işledilýär. Önümçilik enjamlarynyň ulanylyşynyň ýokary tehniki üpjünçiliginiň ýola goýulmagy netijesinde, kuwwatly egirme enjamlarynyň altysy-da bökdençsiz hereket edýär. Şonça-da daraýjy enjamlaryň we beýleki ýöriteleşdirilen häzirki zaman mehanizmleriň hereketi-de sazlaşykly ýola goýuldy. Olara ýokary derejeli hünärmenler hyzmat edýärler. Ähli tehnologik düzümler kompýuter ulgamlary arkaly dolandyrylýar. Awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň anyk we dürs işledilmegi iň ýokary talaplara laýyk gelýän önümleri işläp çykarmaga mümkinçilik berýär. Bu ýerdäki gaplaýjy we beýleki kömekçi enjamlar öndürijilikli we bökdençsiz işledilýär.

Habarlar

MILLI ÝÖRELGELERIŇ DOWAMATYBerkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň halypa-şägirtlik ýoluny mynasyp dowam etdirmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýat kitaphanasynda duşuşyk geçirildi. Oňa kitaphananyň işjeň okyjylary we medeniýet ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar. Duşuşykda welaýat kitaphanasynyň usuly bölüminiň müdiri, zähmet weterany, «Magtymguly Pyragy» medalynyň eýesi Tirkeş Hümmiýewiň, Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň halypa mugallymy Myrat Halbaýewiň geçen zähmet ýollary we toplan tejribeleri hakyndaky gürrüňleri oňa gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Olaryň öz halypalary hakyndaky gürrüňleri diňleýjilerde uly gyzyklanma döretdi. Halypalaryň we şägirtleriň arasynda sorag-jogaplaryň alşylmagy duşuşygyň mazmunyny has hem baýlaşdyrdy. Duşuşygyň ahyry özara pikir alyşmalar bilen utgaşyp, milli ýörelgeleriň bagtyýar zamanamyzda dowam bolýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi. * * *

Maslahat geçirildi

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Golaýda Murgap etrabynyň medeniýet öýünde etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamynda gazanylýan netijeler barada maslahat geçirildi. Maslahatda TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Gurbangül Mädänowa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Gurbanmyrat Muhammetorazow, TAP-nyň etrap komitetiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Ogulnäzik Mukymowa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Wepa Täçmyradow çykyş etdiler.

«Tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik

Ýakynda welaýat kitaphanasynyň guramagynda kitaphananyň okalga zalynda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy Gunça Ataýewa, «Maru — şahu jahan» gazetiniň uly habarçysy, Magtymguly Pyragy medalynyň eýesi, şahyr Annageldi Källiýew, Mary etrabynyň Milli goşun geňeşliginiň ýaşaýjysy, şahyr Muhammetjuma Hydyrow çykyş etdiler. Şahyrlar bilen kitaphanaçylaryň arasynda bolan söhbetdeşlikde ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, hormatly Prezidentimiziň il- -ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli durmuşa geçirýän beýik işleri, döwet galamyndan dörän ajaýyp eserleri, şanly Garaşsyzlygymyzyň beren miweleri, şeýle-de, kitaphana ulgamyndaky özgertmeler dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.

Buýsanjymyz — eziz watan

Gahryman Arkadagymyz eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin bimöçber uly alada edýär. Şonuň netijesinde mähriban Diýarymyz ösüşleriň täze belentliklerine çykyp, bedew bady bilen öňe barýar. Bu günki günde dünýäniň ençeme ýurdy bilen dost-doganlyk hyzmatdaşlygyny saklaýan Türkmenistan döwletimiziň halkara derejesindäki at-abraýy belende galdy. Türkmen döwletiniň, onuň dünýä boýunça ykrar edilen Lideriniň teklipleri, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty Milletler Bileleşigi tarapyndan uly goldawa eýe bolýar.

Jemgyýetçilik guramalarynda

Möhüm wezipelere garaldy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe edara-kärhanalarda, guramalarda önümçilikde betbagtçylykly hadysalaryň, hünär keselleriniň we beýleki düzgün bozulmalaryň öňüni almakda degerli işler yzygiderli geçirilýär. Bu işler bolsa önümçilikde zähmeti goramakda, tehniki howpsuzlygyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginde uly ähmiýete eýe bolýar.

Döredijilik bäsleşigi!

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa meselelerine aýratyn üns berip, daşky gurşawa aýawly çemeleşmekde, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmakda, haýwanlaryň we ösümlikleriň bioköpdürliligini geljekki nesillere ýetirmekde ummasyz uly işleri alyp barýar. Bu barada Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 53-nji maddasynda “Her bir adam tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludyr” diýlip nygtalýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ekologiýa, daşky gurşawa, tebigaty gorap saklamaga we söýmäge bagyşlanan eserleriň döremegine giň ýol açmak maksady bilen Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölümi “Maru — şahu jahan” gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde “Tebigat gözelligi — Watan gözelligi” ady bilen gazetiň okyjylarynyň arasynda alnan suratlar, makalalar, oçerkler, goşgular boýunça döredijilik bäsleşigini yglan edýär.