Habarlar

24 Fewral 2021
906

MILLI ÝÖRELGELERIŇ DOWAMATY
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň halypa-şägirtlik ýoluny mynasyp dowam etdirmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýat kitaphanasynda duşuşyk geçirildi. Oňa kitaphananyň işjeň okyjylary we medeniýet ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar. Duşuşykda welaýat kitaphanasynyň usuly bölüminiň müdiri, zähmet weterany, «Magtymguly Pyragy» medalynyň eýesi Tirkeş Hümmiýewiň, Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň halypa mugallymy Myrat Halbaýewiň geçen zähmet ýollary we toplan tejribeleri hakyndaky gürrüňleri oňa gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Olaryň öz halypalary hakyndaky gürrüňleri diňleýjilerde uly gyzyklanma döretdi. Halypalaryň we şägirtleriň arasynda sorag-jogaplaryň alşylmagy duşuşygyň mazmunyny has hem baýlaşdyrdy. Duşuşygyň ahyry özara pikir alyşmalar bilen utgaşyp, milli ýörelgeleriň bagtyýar zamanamyzda dowam bolýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi.

* * *