Buýsanjymyz — eziz watan

24 Fewral 2021
804

Gahryman Arkadagymyz eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin bimöçber uly alada edýär. Şonuň netijesinde mähriban Diýarymyz ösüşleriň täze belentliklerine çykyp, bedew bady bilen öňe barýar.

Bu günki günde dünýäniň ençeme ýurdy bilen dost-doganlyk hyzmatdaşlygyny saklaýan Türkmenistan döwletimiziň halkara derejesindäki at-abraýy belende galdy. Türkmen döwletiniň, onuň dünýä boýunça ykrar edilen Lideriniň teklipleri, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty Milletler Bileleşigi tarapyndan uly goldawa eýe bolýar.