"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Mertebesi belent, mährem eneler

Golaýda şeýle at bilen Halkara zenanlar güni mynasybetli welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde wagtlaýyn serginiň açylyş dabarasy boldy. Oňa kümüş saçly eneler, dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän gelin-gyzlar, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, ýurdumyzda her ýyl Halkara zenanlar güni mynasybetli aýal-gyzlara hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgadyny gowşurmak, sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmak ata Watanymyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda göreldeli zähmet çekýän gelin-gyzlarymyzy sarpalamak ajaýyp däbe öwrüldi. Bu asylly başlangyçlaryň gözbaşynda hut milli Liderimiziň taýsyz tagallalary dur. Dabara gatnaşan zenanlar döredip berýän şeýle ajaýyp mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Halkara zenanlar güni mynasybetli guralan sergide zergärleriň ýasan şaý-sepleriniň dürli görnüşleri, ajaýyp senedimiz bolan haly we haly önümleri, milli egin-eşikleriň gadymy nusgalary, keşdelenilen kürtedir zenan donlary ýerleşdirildi. Bu gymmatlyklarymyz sergä aýratyn öwüşgin çaýdy.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin

Hamal (guzy 21.03-20.04) Hamallar üçin geljek hepde şowly bolar. Zähmet ýoluňyzda size peýdaly bolan mümkinçilikler dörär. Sabyrly, oýlanyşykly hereket etseňiz, üstünlik gazanarsyňyz. Hepdäniň ikinji ýarymynda täze teklipleri we başlangyçlary öňe sürüň! Olar hökman goldaw tapar. Dynç günleriňizi ýakyn garyndaşlaryňyz bilen ýa-da ýürekdeş dostlaryňyz bilen geçirmek maslahat berilýär.

Halkara zenanlar gününe

BERKARAR DÖWLETIMIZIŇ BAGTYÝAR GELIN-GYZLARY Bahar paslynyň gelmegi bilen 8-nji mart güni dünýäniň köp ýurtlarynda halkara derejesinde bellenilýän zenanlaryň baýramçylygy biziň ýurdumyzda ählihalk dabarasy, belent ruhy joşgun bilen garşylanýar. Ata Watanymyzda uludan toýlanylýan baýramçylygyň ähmiýeti ýyl-ýyldan artýar, bagtyýar zenanlara bagyşlanyp guralýan medeni çäreleriň we duşuşyklaryň many-mazmuny barha baýlaşýar. Baýramçylygyň öňüsyrasynda pensiýa we döwlet kömek puluny alýan, ähli edara-kärhanalarda işleýän, talyp gelin-gyzlara, enelere, orta mekdeplerde okaýan we çagalar baglarynda terbiýelenýän gyzjagazlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Halkara zenanlar gününiň milli däp-dessurlarymyza laýyk derejede garşylanmagy üçin ýurdumyzyň söwda merkezlerinde, ak bazarlarynda sowgatlyk harytlaryň bolçulygy üpjün edilýär.

Baýramçylyk şatlygy köňüllere joş berýär

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ajaýyp baharynyň ilkinji günlerine şan beren Halkara zenanlar güni ruhubelentligiň hem mähribanlygyň baýramy hökmünde giňden dabaralandyrylýar. Bu dabaralara welaýatymyzda hem uly ähmiýet berilýär.

Ýylyň sungatda işjeň zenany

Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Zenan başarnygyny we ukybyny açyp görkezmek maksady bilen geçirilen bu bäsleşikde «Türkmeniň gadymy ruhy gymmatlyklaryny we milli medeni mirasymyzy dünýä ýaýmakdaky asylly işleri üçin» diýen ugur boýunça welaýatyň Görogly etrabynyň Durdy Gylyç adyndaky geňeşligindäki II Diregli oba medeniýet öýüniň saz ýolbaşçysy Merjen Manadowa «Ýylyň sungatda işjeň zenany» diýen ada mynasyp bolmagy başardy. Biz Merjeniň bäsleşikde gazanan üstünligini, şeýle-de, baýramçylygyny gutlap, onuň bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol öz ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdi: — Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy uludan bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bu bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşyp, «Ýylyň sungatda işjeň zenany» diýen ada mynasyp bolmagym meni has-da ruhlandyrdy.

8-nji mart gutlagy

Bahar baýramyňyz gutlaýan menem, Owadan gelinler, owadan gyzlar!

Sowgat gowşuryldy

Golaýda „«Marytelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli zenanlara sowgat gowşurylyş dabarasy boldy. Baýramçylyk dabarasynda bu kärhanada zähmet çekýän gelin-gyzlara däp bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň her ýylda berýän pul sowgady hem-de kärhananyň kärdeşler arkalaşygynyň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Şeýle hem bahar bägülleri ýaly owadan zenanlara gutlag sözleri aýdyldy. Bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň özlerine goýýan sylag--hormatyndan ruhlanýan mährem eneleriň, zeminiň gül-gunçasy bolan gelin-gyzlaryň ýürek buýsançlary bu günki gün dillerinde joşgunly ýaňlanýar.

Zenan görki zähmetde

TAP-nyň welaýat komitetiniň guramagynda oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän zenanlaryň gatnaşmaklarynda Ýolöten etrabynyň medeniýet öýünde “Zenan görki zähmetde” atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Bu çärede oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän arçyn zenanlara TAP-nyň welaýat komitetiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Bu çärede TAP-nyň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Güljemal Nazarowa, Sakarçäge etrap komitetiniň başlygy Gurbandurdy Mawyýew, Mary şäher komitetiniň hünärmeni, Gaýgysyz Magtymow gutlag sözleri bilen çykyş etdiler. Çäräni Ýolöten etrabynyň medeniýet we sungat işgärleri aýdym-sazlar bilen bezedi.

Zenan — mertebe tugy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda aýal-gyzlaryň sarpasy belent tutulýar. Zenanlaryň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyndaky işjeňligini artdyrmak, maşgalanyň, enäniň we çaganyň hukuklaryny goramak, zenanlaryň saglygy, zähmet çekmegi we dynç almagy üçin ähli şertleri döretmek döwlet syýasatynda ileri tutulýar. Türkmen zenanlary halk hojalygynyň ähli pudaklarynda, şol sanda, harby we hukuk goraýjy edaralarynda hem göreldeli zähmet çekmek bilen, ata Watanymyza, hormatly Prezidentimize, halkymyza, ak ýürekden gulluk edýärler. Maşgalanyň mähek daşy, mertebe tugy hasaplanylýan dünýä mähribanlyk, zemine nuranalyk paýlaýan, çeper hünärli, maşgalanyň agzybirligini, ojagyň ýylysyny saklaýan mährem eneler asylly zenanlar, ynsan ykbalynyň kuýaşydyr. Şonuň üçin hem zenanlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak halkymyzyň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan beýik we şöhratly taryhynyň bütin dowamynda mukaddeslik hökmünde kämilleşdirip gelýän milli ýörelgeleriniň biridir. Türkmen gelin-gyzlary özlerini asyrlaryň dowamynda watansöýüji, ar-namysly, ak ýürekli, salyhatly, mylaýym, güler ýüzli, çeper hünärli, asylly maşgalalar hökmünde dünýä tanadypdyrlar. Milletimiziň buýsançly hem-de şan-şöhrata beslenen, dünýä ýaň salan, beýik geçmişinde iň ajaýyp gylyk-häsiýetlerini özünde jemlän gelin-gyzlar Watany, ar-namysy goramakda türkmen medeniýetini baýlaşdyrmakda ö

2021-nji ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça bellige alnan dalaşgärler barada maglumat

Lebap welaýaty boýunça

Milli kanunçylygyň möhüm ugurlary

Şu ýylyň 25-nji fewralynda Gahryman Arkadagymyz Milli parlamentiň deputatlary bilen duşuşdy we milli kanunçylygy mundan beýläk hem kämilleşdirmek, ony döwrüň talabyna laýyk getirmek maksady bilen deputatlaryň öňünde möhüm wezipeleri goýdy. Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler, kabul edilen maksatnamalar barada durup geçmek bilen, kanunlaryň döwrüň talabyndan yza galýandygyny aýdyp, bu babatda degişli çäreleriň görülmelidigini, kanunçylyk namalarynyň seljerilmelidigini, hereket edýän kanunlara üýtgetmeleriň girizilmelidigini we zerur bolan ýagdaýynda täze kanunlaryň kabul edilmelidigini belläp geçdi.

Baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy

Gökdepe etrap merkezindäki Medeniýet köşgünde Halkara zenanlar güni mynasybetli gelin-gyzlara döwlet Baştutanymyzyň pul sowgatlaryny gowşurmak mynasybetli dabara geçirildi. Welaýat häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen dabara welaýat häkimliginiň başlangyç hünär okuw mekdeplerinde hem-de welaýat Ýörite sungat mekdebinde bilim alýan talyp gelin-gyzlar, şeýle-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler talyp ýaşlary şanly sene mynasybetli gutlap, ýurdumyzda zenanlara goýulýan sarpa, bilim almaga, hünär öwrenmäge döredilýän şertler dogrusynda durup geçdiler. Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň Halkara zenanlar güni mynasybetli zenanlara pul sowgadyny gowşurmak bilen baglanyşykly Buýruga gol çekmegi hem gelin-gyzlara, mährem enelere goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr.

Ýeňijiler sylaglandy

Änew şäherindäki «Bagt ýyldyzy» toý mekanynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi hem-de «Ahal durmuşy» welaýat gazetiniň redaksiýasy tarapyndan bilelikde yglan edilen «Dünýäň manysy bar ene sözünde, ene baky bahar Ýeriň ýüzünde» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Oňa Halkara zenanlar güni mynasybetli yglan edilen döredijilik bäsleşigine gatnaşyjylar we ony guraýjylar, şeýle-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Saýlawlar – milli demokratiýanyň dabaralanmagy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz uly ösüşlere eýe bolýar. Watanymyzda halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamaklary üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzda adam hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmek, olaryň kanuny bähbitlerini goramak, günsaýyn kämilleşýän jemgyýetçilik gatnaşyklarynda olaryň hukuk goraglylygyny üpjün etmek Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biridir. Şunda häzirki zaman türkmen jemgyýetini mundan beýläk hem demokratiýalaşdyrmagy ýaýbaňlandyrmak şeýle möhüm wezipeleriň hataryna girýär. Demokratiýa diýlende, halkyň gönüden-göni öz ykbalyny özüniň kesgitleýändigine düşünilýär. Raýatlaryň kanun arkaly kepillendirilýän we takyk durmuşa geçirilýän saýlaw hukugy syýasy hukuk bolmak bilen, demokratiýanyň möhüm düzüm bölegi we kesgitleýji ölçegi hökmünde çykyş edýär.

Wepadarlygyň nusgasy

Türkmen halky gaýtalanmajak kämillik derejesine ýetiren ençeme gymmatlyklary bilen meşhur bolupdyr. Şolaryň biri-de wepadarlygyň, dostlugyň, güýçlüligiň beýik nusgasyny özünde jemleýän türkmen alabaýlarydyr. Alabaý — öý-ojagyň goragçysy bolup, halkymyza asyrlarboýy hyzmat edipdir. 25-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Türkmen alabaýynyň baýramyny bellemek hakyndaky Permana gol çekdi we onuň her ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde geçirilmelidigini aýtdy. 2-nji martda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň «Sport» myhmanhanasynda wepadarlygyň nyşany bolan türkmen alabaýlary hakynda ýurt Baştutanymyzyň edýän aladalaryna bagyşlanyp hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň başlygy S.Berdimuhamedow, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Täsin sergi

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde ýapon gurjaklarynyň sergisi açyldy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň bilelikde guramagynda giňden ýaýbaňlandyrylan sergi dostlukly halkyň gadymy medeniýetiniň naýbaşy nusgalary hasaplanylýan gurjaklar bilen ýakyndan tanyşmaga uly mümkinçilikleri döretdi. Köpleriň ünsüni özüne çeken sergi oňa gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. * * *

Saýlawlar — täze sepgitlere badalga

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlary ýurdumyzyň taryhynda täze sahypany açar. Her halkyň öz taryhy ýoly, guwanyp, apalap gursagynda göterýän, dilinde sena edip Arşa atarýan beýik şahsyýetleri bolýar. Islendik bir gymmatlyk, goý, ol maddy zat bolsun ýa-da görnükli şahsyýet bolsun, ony ilki halk ykrar edýär. Diýmek, şol zat kämildir, şol şahsyýet beýik aň-düşünjelidir, mertdir, gaýratlydyr. Sebäbi halk — mizan. Ol diňe hakykaty we iň kämil zatlary ykrar edýär. Halkda keramat bar, adalat hem sahawat bar. Şonuň üçinem pähim-paýhasly, guýma-gursak pederlerimiz “Halkda Hakyň ady bar”, “Halk aýtsa, galp aýtmaz”, “Halkyň ýoly — Hakyň ýoly”, “Il agzy — keramat”, “Il bilen gelen toýda-baýram” ýaly parasatly jümleleri döredipdirler. Ýurt öz halky bilen ganatly, halk bilen döwletli. Çünki halk — uly güýç. Şahyryň: “Il diýeniň — işçi daýhan, şahyrdyr... Iliň elmydama oňatdyr päli” diýşi ýaly, il seniň töweregiňi gurşap alan mähriban hem gyzykly dünýä, iliň päli diňe gowulyk, abatlyk, saglykdyr.

Geçmişden janly ýadygär

2-nji martda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň «Sport» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramyny we itşynaslarymyzy sylaglamak maksady bilen, hormatly atlary döredendigi üçin hem-de «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» medalynyň döredilmegi mynasybetli, hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşan ildeşlerimiz ýürek buýsançlaryny şeýle beýan etdiler:

Gözellik döretmek bagty

Düýn ýurdumyzyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde açylan sergi «Arkadagyň saýasynda bagtyýardyr zenanlar» diýlip atlandyryldy. Halkara zenanlar gününe bagyşlanan bu sergini Medeniýet ministrligi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi bilelikde guradylar. 70-e golaý zenan suratkeşiň 160-dan gowrak eseri ýerleşdirilen bu sergide nakgaş, grafika, heýkel, keramika hem-de amaly-haşam sungatynyň eserleri biri-biriniň üstüni ýetirip, ajaýyp sazlaşygy döredýär.

Toý şatlygymyzy artdyrdy

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bütin dünýäde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen, Garaşsyz ýurdumyzda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän 2021-nji ýylyň ajaýyp bahar pasly buýsançly wakalara, hoş habarlara beslenip geldi. Taryhy ýylda bellenilýän ak şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň, beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň dabaralary Halkara zenanlar gününiň şatlygy bilen utgaşyp, buýsançly köňüllere aýratyn ýakym çaýýar. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamasyna laýyklykda, çagalar baglaryna gatnaýan gyzjagazlardan başlap, dürli kärlerde zähmet çekýän zenanlara, hormatly dynç alyşdaky enelerimize Halkara zenanlar güni mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlarynyň gowşurylmagy baýramçylyk ruhubelentligimizi artdyryp, göwün guşumyzy ganatlandyrdy. Şu günler ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda, bilim ojaklarynda, edara-kärhanalarda Şa serpaýlarynyň gowşurylyş dabaralary giň gerimde dowam edýär. Mähriban Arkadagymyzyň sowgadyna ganat baglan gyzjagazlar begenjini ýakynlary bilen paýlaşmaga howlugýarlar. Bu pursatda körpe nesliň şatlygyny diýsene! Munuň özi eziz Diýarymyzyň bagtly çagalygyň ýurdudygynyň nobatdaky subutnamasy bolup, bagtyýar eneleriň köňüllerinde egsilmez buýsanç döredýär.