Halkara zenanlar gününe

5 Mart 2021
1267

BERKARAR DÖWLETIMIZIŇ BAGTYÝAR GELIN-GYZLARY

Bahar paslynyň gelmegi bilen 8-nji mart güni dünýäniň köp ýurtlarynda halkara derejesinde bellenilýän zenanlaryň baýramçylygy biziň ýurdumyzda ählihalk dabarasy, belent ruhy joşgun bilen garşylanýar. Ata Watanymyzda uludan toýlanylýan baýramçylygyň ähmiýeti ýyl-ýyldan artýar, bagtyýar zenanlara bagyşlanyp guralýan medeni çäreleriň we duşuşyklaryň many-mazmuny barha baýlaşýar. Baýramçylygyň öňüsyrasynda pensiýa we döwlet kömek puluny alýan, ähli edara-kärhanalarda işleýän, talyp gelin-gyzlara, enelere, orta mekdeplerde okaýan we çagalar baglarynda terbiýelenýän gyzjagazlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Halkara zenanlar gününiň milli däp-dessurlarymyza laýyk derejede garşylanmagy üçin ýurdumyzyň söwda merkezlerinde, ak bazarlarynda sowgatlyk harytlaryň bolçulygy üpjün edilýär.

Şirinjemal OTUZOWA,
TDP-niň Gubadag etrap komitetiniň hünärmeni.