Baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy

4 Mart 2021
833

Gökdepe etrap merkezindäki Medeniýet köşgünde Halkara zenanlar güni mynasybetli gelin-gyzlara döwlet Baştutanymyzyň pul sowgatlaryny gowşurmak mynasybetli dabara geçirildi. Welaýat häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen dabara welaýat häkimliginiň başlangyç hünär okuw mekdeplerinde hem-de welaýat Ýörite sungat mekdebinde bilim alýan talyp gelin-gyzlar, şeýle-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Dabarada çykyş edenler talyp ýaşlary şanly sene mynasybetli gutlap, ýurdumyzda zenanlara goýulýan sarpa, bilim almaga, hünär öwrenmäge döredilýän şertler dogrusynda durup geçdiler. Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň Halkara zenanlar güni mynasybetli zenanlara pul sowgadyny gowşurmak bilen baglanyşykly Buýruga gol çekmegi hem gelin-gyzlara, mährem enelere goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr.