Saýlawlar — täze sepgitlere badalga

4 Mart 2021
708

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlary ýurdumyzyň taryhynda täze sahypany açar.

Her halkyň öz taryhy ýoly, guwanyp, apalap gursagynda göterýän, dilinde sena edip Arşa atarýan beýik şahsyýetleri bolýar. Islendik bir gymmatlyk, goý, ol maddy zat bolsun ýa-da görnükli şahsyýet bolsun, ony ilki halk ykrar edýär. Diýmek, şol zat kämildir, şol şahsyýet beýik aň-düşünjelidir, mertdir, gaýratlydyr. Sebäbi halk — mizan. Ol diňe hakykaty we iň kämil zatlary ykrar edýär. Halkda keramat bar, adalat hem sahawat bar. Şonuň üçinem pähim-paýhasly, guýma-gursak pederlerimiz “Halkda Hakyň ady bar”, “Halk aýtsa, galp aýtmaz”, “Halkyň ýoly — Hakyň ýoly”, “Il agzy — keramat”, “Il bilen gelen toýda-baýram” ýaly parasatly jümleleri döredipdirler. Ýurt öz halky bilen ganatly, halk bilen döwletli. Çünki halk — uly güýç. Şahyryň: “Il diýeniň — işçi daýhan, şahyrdyr... Iliň elmydama oňatdyr päli” diýşi ýaly, il seniň töweregiňi gurşap alan mähriban hem gyzykly dünýä, iliň päli diňe gowulyk, abatlyk, saglykdyr.

Ogulmaýsa ALLABERDIÝEWA,
“Edebiýat we sungat” gazetiniň baş redaktory.