"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Magtymguly — Türkmen edebiýatynyň şamçyragy

Awtandil OTINAŞWILI,«NewsDay Georgia» habarlar agentliginiň direktory. Şu ýyl beýik şahyr, türkmen nusgawy edebiýatynyň şamçyragy, ajaýyp sözüň hem-de filosofik pikiriň ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede baýram edilýär. Çünki Magtymguly diňe bir türkmen edebiýatyny däl, eýsem, dünýä edebiýatyny hem täze derejä galdyran şahyrdyr.

Dostlukly ýurtdan getirilen gymmatlyklar

«Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralyndaky Kararyna hem-de döwlet Baştutanymyzyň şahyryň doglan gününi dabaraly belläp geçmek boýunça 2022-nji ýylyň 23-nji dekabrynda gol çeken Karary bilen tassyklanan meýilnama laýyklykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň işgärleri dürli ýurtlarda iş saparlarynda bolup, gymmatly mirasymyzyň nusgalaryny toplamakda netijeli işleri alyp barýarlar. Institutyň türkmen taryhynyň golýazma çeşmeleri bölüminiň ylmy işgärleri Hindistan Respublikasynda hem iş saparynda boldular. Institutyň hünärmenleri dostlukly ýurda saparyň ilkinji günleri Türkmenistanyň Hindistandaky ilçihanasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň tanyşdyrylyş hem-de 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy bilen baglanyşykly dabaralara gatnaşdylar. Çykyş edenler täze kitabyň çuň manysy, ähmiýeti, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada gürrüň berdiler. Türkmen diplomatlarydyr talyplarynyň hem-de hindi alymy, professor Abhaý Mariýanyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda akyldar şahyryň şygyrlarynyň hindi diline terjime edilişi, Hindistan bile

Türkmenistan — Russiýa: däp bolan gatnaşyklara ygrarlylyk

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hem-de köpugurly häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklar okgunly ösdürilýär, netijeli hyzmatdaşlyk täze many-mazmun bilen yzygiderli baýlaşdyrylyp, ähli ugurlar boýunça giňeldilýär. Muňa 19-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşliginiň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Döwlet Baştutanymyz öz adyndan hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Wladimir Putini Russiýa Federasiýasynyň Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady. Wladimir Putiniň bu ýokary wezipä gaýtadan saýlanylmagynyň bildirilen ýokary ynamyň we öz ýurdunyň öňünde bitiren hyzmatlarynyň ykrar edilmeginiň nyşany bolup durýandygyny belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Russiýa Federasiýasyna öz Lideriniň parasatly baştutanlygynda mundan beýläk-de gülläp ösüş, ýurduň halkyna bolsa rowaçlyk arzuw etdi. Russiýanyň Prezidenti döwlet Baştutanymyza gutlaglary we hoşniýetli arzuwlary üçin hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny ýetirmegini haýyş etdi.

Işewür hyzmatdaşlyk üstünlikli giňeldilýär

18-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türk işewüri Gahryman Arkadagymyza türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistanda ýerine ýetirýän işleriniň barşy barada habar bermek bilen, myhman hormatly Arkadagymyzy we türkmen halkyny mukaddes Oraza aýy bilen gutlady hem-de bu sahawatly günlerde ähli arzuwlaryň hasyl bolmagyny arzuw etdi.

Çaga hukuklarynyň goraglylygy

Ýurdumyzda maşgala, eneler we çagalar döwlet tarapyndan goralýar. Maşgalanyň döwlet tarapyndan goralmagy durmuş goldawy bilen birlikde, hukuk goragyny hem öz içine alýar. Esasy Kanunymyzyň 40-njy maddasynda maşgalanyň, eneligiň, atalygyň we çagalygyň döwletiň goragynda durýandygy, döwletiň ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýändigi we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýändigi kesgitlenendir. Çagalaryň hukuklarynyň kepilliklerini güýçlendirmek babatda Türkmenistan halkara guramalary bilen hem işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar, adam hukuklaryny goramaga we ynsanperwer ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen taslamalary amala aşyrýar. Şeýle guramalaryň biri hem 1946-njy ýylyň 11-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan döredilen Çagalar gaznasy — ÝUNISEF bolup durýar.

Döwrebap ýollar ösüşlere ýetirýär

Bitarap Türkmenistan dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge degişli esasy meseleleriň özara ylalaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça tagallalary birleşdirmäge işjeň gatnaşýar. Beýleki döwletler bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynda sebitiň ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny döretmek wajyp meseleleriň biridir. Ýurdumyzda döwrebap üstaşyr ulag logistika düzüminiň kemala gelmegi gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmeginde möhüm ähmiýete eýe. Ol milli ykdysadyýetimiziň döwrebap ösüşine kuwwatly itergi berýär. Geografik taýdan örän amatly ýerde — Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän sebit we sebitara gatnaw ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän hemişelik Bitarap Türkmenistan ägirt uly logistik kuwwata eýedir. Häzirki wagtda ýurdumyzda Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag taslamalary amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň çäginde halkara ähmiýetli demir hem-de awtoulag ýollary, deňiz-derýa, şeýle-de howa ýollary boýunça döwrebap üstaşyr ulag geçelgeleri emele gelýär. Bu taslamalar Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny, halkara abraýyny has-da artdyrýar.

Türkmenistan we Italiýa deňiz we demir ýol ulagy pudaklarynda ähtnamalar baglaşyldy

Türkmenistan we Italiýa Tirren deňziniň merkezi böleginiň Port dolandyryş müdirligi hem-de Italiýanyň “Rete Ferroviaria Italiana” (RFI) demir ýol tory bilen özara düşünişmek hakynda iki sany Ähtnama baglaşdy. Bu barada Italiýanyň Infrastruktura we ulag ministrligi çarşenbe güni habar berdi.  Degişli resminamalara Rim şäherinde wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Italiýanyň infrastruktura we ulag ministri Matteo Salwini bilen bolan duşuşygynyň dowamynda gol çekildi. 

BGG Türkmenistanyň gümrük ulgamyny ösdürmekde goldawlaryny bermäge taýýar

Bütindünýä gümrük guramasy (BGG) Türkmenistanyň gümrük ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmekde we kämilleşdirmekde zerur bolan ýardamlary we maslahatlary bermäge taýýar. Bu barada BGG-niň Baş sekretary Ýan Sonders Belgiýanyň paýtagty Brýusselde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti bilen bolan duşuşygynda aýtdy.  Duşuşygyň barşynda Raşid Meredow halkara gümrük ulgamyna, şol sanda BGG-niň esasy kararnamalaryna goşulyşmakda Türkmenistanyň soňky ýyllarda amala aşyran tagallalaryny belledi.

Ählumumy abadançylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine

Şu ýylyň 11-12-nji martynda Aşgabatda geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi, onda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýan eden garaýyşlary köpugurly netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde Türkmenistanyň işjeň orun eýeleýändigine ýene bir gezek şaýatlyk etdi. Milli Liderimiziň şu ýylyň 1-nji martynda Türkiýede geçirilen üçünji Antalýa diplomatiýa forumynda eden çuň manyly çykyşy hem hyzmatdaşlygy giň ugurlar boýunça baýlaşdyrmak bilen bagly meselelere bagyşlandy. Gahryman Arkadagymyzyň pikir-garaýyşlary häzirki zaman syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ekologiýa hem-de beýleki möhüm ugurlardaky gatnaşyklaryň hil derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, ählumumy durnukly, abadan, parahat ösüşi üpjün etmek, özara bähbitli gatnaşyklarda oňyn netijeleri gazanmak babatda edilýän ägirt uly alada we tagalladyr. Milli Liderimiziň üçünji Antalýa diplomatiýa forumyndaky çykyşy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň 2022 — 2052-nji ýyllar üçin niýetlenen bäş sany strategik ugruny, ýagny bitaraplyk, howpsuzlyk, daşary ykdysady gatnaşyklar, durnukly ösüş, halkara gatnaşyklary ynsanperwerleşdirmek ýaly meseleleri nazary taýdan ösdürmekde we amaly taýdan baýlaşdyrmakda ädilen uly ädim boldy.

Halkara giňişlikde

Durnukly ösüş ugurlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirip Golaýda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde iş saparynda bolup, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan guralan durnukly ösüş boýunça sebitleýin forumyň ýokary derejeli çäresine gatnaşdy. Onda ýurdumyzyň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bolan ykdysadyýet, ulag-kommunikasiýalar, energetika ulgamlarynda, hususan-da, ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmek boýunça Çarçuwaly maksatnamany işläp taýýarlamak, Durnukly ulag birikmesiniň atlasyny, Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek ýaly meseleler babatda halkara hyzmatdaşlyga açykdygy mälim edildi.

Täsin tapyndy öwrenilýär

Ýakynda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň «Medeni mirasy gorap saklamak baradaky ilçiniň gaznasy» maksatnamasynyň çäklerinde Los-Anjeles şäherindäki Ž.Pol Getti muzeýiniň wekilleri Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine ikinji iş saparyny amala aşyrdylar. Saparyň jemleri boýunça iki muzeýiň hünärmenleriniň duşuşygy guralyp, onda gazanylan netijeler beýan edildi. Geçen ýylyň ýanwarynda «Medeni mirasy gorap saklamak baradaky ilçiniň gaznasy» maksatnamasynyň çäklerinde yglan edilen bäsleşikde ýeňiji bolan taslamada Buddanyň heýkeliniň kelle bölegini öwrenmek boýunça Ž.Pol Getti muzeýiniň wekilleri iş sapary bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gelipdiler. Sapar gorap saklamak, dikeltmek üçin Gadymy Merwden tapylan Buddanyň heýkeliniň kelle bölegi bilen ýakyndan tanyşmagy, ony surata düşürmegi we bar bolan maglumatlary öwrenmegi maksat edindi.

Sahawata baý Oraza

Ýakynda mübärek Oraza aýynyň dowam edýän günlerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan tarapyndan bu mukaddes aý mynasybetli iberilen Remezan aýynyň bereketli miwesi bolan hurma gelip gowuşdy. Munuň özi ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň has-da berkeýändiginiň hem-de BAE-de biziň ýurdumyza goýulýan aýratyn hormat-sarpanyň aýdyň güwäsidir. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Birleşen Arap Emirliklerinden gelip gowşan nygmat Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan çagalara, paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgüniň okuwçylaryna we çagalar öýünde terbiýelenýän körpelere mukaddes Oraza aýynyň hormatyna sowgat hökmünde iberildi.

Döwletli tutumlaryň dabaralanmasy

Mukaddes Oraza aýynyň ilkinji günlerinde paýtagtymyzda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň we onuň çäklerinde duşuşyklaryň geçirilmegi halklaryň arasyndaky dostlugy we raýdaşlygy pugtalandyrmak, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmakda ýurdumyzyň merkezi şäheriniň özboluşly meýdança öwrülendiginiň subutnamasy boldy. Nobatdaky mejlis türki halklaryň birek-birege goldawa we aç-açanlyga esaslanýan hyzmatdaşlygyny medeniýet, söwda, bilim, ykdysadyýet, ýaşlar syýasaty we beýleki ugurlar boýunça ösdürip, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrdy. Mejlise Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmegi gurama agza ýurtlaryň halklarynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmekde we baýlaşdyrmakda Milli Liderimiziň saldamly goşandynyň uludygyny ýene bir ýola tassyklady. Gahryman Arkadagymyzyň mejlisde eden taryhy çykyşyndan hem göz ýetirişimiz ýaly, türki döwletleriň doganlyk halklarynyň arasynda birek-biregi goldamak, milletleriň abadançylygyny we döwletleriň durnukly ösüşini üpjün etmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny düzýär. Şeýle hem mejlise gatnaşyjylar geljekki ösüşleri kesgitlemekde we gurama agza ýurtlaryň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmekde türkmen tarapynyň orta atan tekliplerine we garaýyş

Türkmenistanda Ýewropanyň ulag kompaniýalarynyň hyzmatlar merkezlerini açmak maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew Belgiýa iş saparynyň çäklerinde Ýewropanyň birnäçe guramalary we kompaniýalary bilen aýratynlykda gepleşikleri geçirdiler. Olaryň çäklerinde Türkmenistanda Ýewropanyň kompaniýalarynyň hyzmatlar merkezleriniň açylmagynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi sişenbe güni habar berdi.  Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň, Eksport we maýa goýumlar boýunça Wallon agentliginiň ýolbaşçylary, şeýle hem “Philips” we “Picanol” kompaniýalarynyň wise-prezidentleri bilen duşuşyklary geçirdi. 

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 19-njy mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz öz adyndan hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Wladimir Putini Russiýa Federasiýasynyň Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Gadymy köklerden gaýdýan ruhy ýörelge

Ýaşuly nesle hormat goýmak, ykbal kesgitleýji pursatlary olar bilen maslahatly çözmek türki halklarynyň nesilden-nesle geçirip gelýän baş gymmatlyklarynyň biridir. Ýaşuly nesil ýaşlar üçin görelde mekdebi bolup, her bir işde nusgalyk ýol görkezýär. «Eden işi nusgalyk, geplän gepi güwälik» diýilýän dilleri senaly, ýüzleri nurana ýaşuly nesliň wekilleri gadymdan gelýän milli gymmatlyklary ýaşlara geçirmekde, jemgyýetde agzybirligi pugtalandyrmakda uly işleri alyp barýarlar. Hormatly Prezidentimiz ýaşuly nesle uly hormat goýmak bilen, her bir döwletli tutumlara, ähli täze başlangyçlara ýaşulularyň pata bermegi bilen başlaýar. Ine, 11 — 13-nji mart aralygynda Aşgabat şäherinde ýokary derejede geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi gadymy döwürlerde geçirilen ýaşulularyň geňeşini ýada saldy. Türkmenistan 2021-nji ýyldan bäri Türki Döwletleriň Guramasynda synçynyň derejesine eýedir. Bu Guramanyň maslahat beriji edarasy bolan Aksakgallar geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň Aşgabatda geçirilmegi ýurdumyzyň bu gurama bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmekde işjeň orny eýeleýändigini görkezýär. Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi ýokary derejede geçirilip, ol agza döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan köpugurly gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdir

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýäniň “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Aşgabat, 18-nji mart (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türk işewüri Gahryman Arkadagymyza türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistanda ýerine ýetirýän işleriniň barşy barada habar bermek bilen, myhman Gahryman Arkadagymyzy we türkmen halkyny mukaddes Oraza aýy bilen gutlady hem-de bu sahawatly günlerde ähli arzuwlaryň hasyl bolmagyny arzuw etdi.

Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da we da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar mi­nistr­li­gi bi­len Ger­ma­ni­ýa­nyň Hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça jem­gy­ýe­ti­niň ara­syn­da Äht­na­ma gol çe­kil­di

11-nji mart­da Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da we da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar mi­nistr­li­gi bi­len Ger­ma­ni­ýa­nyň Hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça jem­gy­ýe­ti­niň (GIZ) ara­syn­da «Mer­ke­zi Azi­ýa­da söw­da amal­la­ry­ny ýö­ne­keý­leş­dir­mek» at­ly Se­bit­le­ýin tas­la­ma ha­kyn­da Öza­ra dü­şü­niş­mek babatda Äht­na­ma gol çe­kil­di. Äht­na­ma la­ýyk­lyk­da, ta­rap­lar Türk­me­nis­tan­da söw­da amal­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mek hem-de ýö­ne­keý­leş­dir­mek bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ra äh­mi­ýet ber­mek, söw­da­ny ös­dür­me­giň bir ug­ry hök­mün­de äh­li de­re­je­dä­ki iş­gär­le­riň ha­bar­dar­ly­gy­ny­dyr müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça yla­laş­dy­lar. Şeý­le-de Äht­na­ma­da glo­bal söw­da­ny, ma­ýa go­ýum­la­ry­ny, ma­li­ýe ul­ga­my­ny, hu­su­sy pu­dak we ra­ýat jem­gy­ýe­ti bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek, hal­ka­ra söw­da amal­la­ry­ny ýö­ne­keý­leş­dir­mek üçin ama­ly çöz­güt­ler ka­bul edil­di. Yla­la­şy­ga la­ýyk­lyk­da, yk­dy­sa­dy ösü­şe gö­nük­di­ri­len söw­da amal­la­ry­na ýar­dam ber­mek we ýö­ne­keý­leş­dir­mek bo­ýun­ça se­bit­le­ýin hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­mek ba­bat­da­ky yla­la­şy­gy ga­zan­dy­lar.

Awst­ri­ýa Res­pub­li­ka­syn­da türk­men-awst­ri­ýa bi­le­lik­dä­ki to­pa­ryň ýol­baş­çy­la­ry­nyň du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di

2024-nji ýy­lyň 11-nji mar­tyn­da Türkmenistanyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Ra­şid Me­re­do­wyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky we­ki­li­ýe­tiň Awst­ri­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň We­na şä­he­ri­ne sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de türk­men-awst­ri­ýa bi­le­lik­dä­ki to­pa­rynyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, türk­men-awst­ri­ýa bi­le­lik­dä­ki to­pa­ry­nyň awst­ri­ýa ta­ra­pyn­a Awst­ri­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Fe­de­ral zäh­met we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi­niň Yk­dy­sa­dy me­se­le­ler, in­no­wa­si­ýa we hal­ka­ra sy­ýa­sa­ty bo­ýun­ça baş mü­di­ri Flo­rian Frau­şer we türk­men ta­ra­pyna Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň baş­ly­gy Mergen Gurdow ýol­baş­çy­lyk ed­ýär.

Türkmen-awstriýa: hyzmatdaşlygyň täze tapgyrlarynda

Mä­lim bol­şy ýa­ly, 2024-nji ýy­lyň 10 — 12-nji mar­ty ara­ly­gyn­da Türkmenistanyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Ra­şid Me­re­do­wyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky türk­men we­ki­li­ýe­ti Awst­ri­ýa­da iş saparynda boldy. Sa­pa­ryň çäk­le­rin­de türk­men we­ki­li­ýe­ti bi­len Awst­ri­ýa­nyň on­lar­ça kom­pa­ni­ýa­sy­nyň we­kil­le­ri­niň ara­syn­da «te­ge­lek stol» gör­nüş­inde du­şu­şyklar ge­çi­ril­di. Du­şu­şyklar­da iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň bir­nä­çe me­se­le­le­ri­ne, şol san­da oba ho­ja­ly­gy, gaý­ta­dan iş­le­ýän se­na­gat, gur­lu­şyk, ma­şyn gur­lu­şy­gy, san­ly­laş­dyr­ma we mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­sy ýa­ly ugur­la­ra ga­ral­dy. Şeý­le hem öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy çuň­laş­dyr­ma­gyň we tä­ze tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­me­giň äh­mi­ýe­ti­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­ýän ta­rap­lar hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi ha­kyn­da pi­kir alyş­dy­lar.