2024-nji ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherine saparynyň çäklerinde türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň awstriýa tarapyna Awstriýa Respublikasynyň Federal zähmet we ykdysadyýet ministrliginiň Ykdysady meseleler, innowasiýa we halkara syýasaty boýunça baş müdiri Florian Frauşer we türkmen tarapyna Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow ýolbaşçylyk edýär.