Döwletli tutumlaryň dabaralanmasy

20 Mart 2024
328

Mukaddes Oraza aýynyň ilkinji günlerinde paýtagtymyzda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň we onuň çäklerinde duşuşyklaryň geçirilmegi halklaryň arasyndaky dostlugy we raýdaşlygy pugtalandyrmak, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmakda ýurdumyzyň merkezi şäheriniň özboluşly meýdança öwrülendiginiň subutnamasy boldy.

Nobatdaky mejlis türki halklaryň birek-birege goldawa we aç-açanlyga esaslanýan hyzmatdaşlygyny medeniýet, söwda, bilim, ykdysadyýet, ýaşlar syýasaty we beýleki ugurlar boýunça ösdürip, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrdy. Mejlise Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmegi gurama agza ýurtlaryň halklarynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmekde we baýlaşdyrmakda Milli Liderimiziň saldamly goşandynyň uludygyny ýene bir ýola tassyklady. Gahryman Arkadagymyzyň mejlisde eden taryhy çykyşyndan hem göz ýetirişimiz ýaly, türki döwletleriň doganlyk halklarynyň arasynda birek-biregi goldamak, milletleriň abadançylygyny we döwletleriň durnukly ösüşini üpjün etmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny düzýär. Şeýle hem mejlise gatnaşyjylar geljekki ösüşleri kesgitlemekde we gurama agza ýurtlaryň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmekde türkmen tarapynyň orta atan tekliplerine we garaýyşlaryna ýokary baha berdiler.

Züleýha JORAÝEWA,
Çärjew etrap hassahanasynyň baş şepagat uýasy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.