Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da we da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar mi­nistr­li­gi bi­len Ger­ma­ni­ýa­nyň Hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça jem­gy­ýe­ti­niň ara­syn­da Äht­na­ma gol çe­kil­di

18 Mart 2024
651

11-nji mart­da Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da we da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar mi­nistr­li­gi bi­len Ger­ma­ni­ýa­nyň Hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça jem­gy­ýe­ti­niň (GIZ) ara­syn­da «Mer­ke­zi Azi­ýa­da söw­da amal­la­ry­ny ýö­ne­keý­leş­dir­mek» at­ly Se­bit­le­ýin tas­la­ma ha­kyn­da Öza­ra dü­şü­niş­mek babatda Äht­na­ma gol çe­kil­di.

Äht­na­ma la­ýyk­lyk­da, ta­rap­lar Türk­me­nis­tan­da söw­da amal­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mek hem-de ýö­ne­keý­leş­dir­mek bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ra äh­mi­ýet ber­mek, söw­da­ny ös­dür­me­giň bir ug­ry hök­mün­de äh­li de­re­je­dä­ki iş­gär­le­riň ha­bar­dar­ly­gy­ny­dyr müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça yla­laş­dy­lar. Şeý­le-de Äht­na­ma­da glo­bal söw­da­ny, ma­ýa go­ýum­la­ry­ny, ma­li­ýe ul­ga­my­ny, hu­su­sy pu­dak we ra­ýat jem­gy­ýe­ti bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek, hal­ka­ra söw­da amal­la­ry­ny ýö­ne­keý­leş­dir­mek üçin ama­ly çöz­güt­ler ka­bul edil­di. Yla­la­şy­ga la­ýyk­lyk­da, yk­dy­sa­dy ösü­şe gö­nük­di­ri­len söw­da amal­la­ry­na ýar­dam ber­mek we ýö­ne­keý­leş­dir­mek bo­ýun­ça se­bit­le­ýin hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­mek ba­bat­da­ky yla­la­şy­gy ga­zan­dy­lar.

«Biz­nes rek­la­ma».