"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Sözläbilseň, ýagşy sözle...»

Magtymguly Pyragynyň köptaraply döredijiligi barada hormatly Prezidentimiz: «Häzirki döwürde akyldar şahyryň baý edebi mirasyny içgin öwrenmäge, giňden wagyz etmäge, hormat-sarpasyny belende götermäge aýratyn ähmiýet berilýär. Dana Pyragyny sarpalamak türkmen edebiýatyny arşa götermekdir, halkymyzyň milli gymmatlyklaryny dünýä ýaýmakdyr. Magtymgulynyň çuňňur pelsepä, ylahy garaýyşlara, dünýewi ýörelgelere ýugrulan çeper döredijiligi özboluşly mekdepdir» diýip belleýär. Gahryman Arkadagymyz bolsa: «Magtymgula diňe şahyr hökmünde garalsa, bärden gaýdyldygy bolar. Ol diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýäniň pelsepewi pikirlerini ösdüren, çeperçilik aňyny nurlandyran, dünýewi durmuşy çeper şöhlelendiren akyldar şahyrdyr. Magtymguly dünýä, adamzat, Watan, söýgi baradaky pelsepewi garaýyşlaryny ynsana mahsus inçe duýgular bilen bitewüleşdirip, pikir ýöretmegiň iň kämil tärlerinden ussatlarça peýdalanyp, ynsan kalbyna inçelik bilen aralaşypdyr we halk hakydasynda müdimilik orun alypdyr» diýip, akyldaryň mirasyna ýokary baha berýär. Beýik şahyr öz sözüniň müňýyllyklar aşjakdygyny öňünden bilipdir. Magtymgulynyň şahyrana söz barada dürli garaýyşlar bilen taraşlan setirleri söz ussadynyň ruhy ahwalyny aýdyň görkezýär hem ünsüňi çekýär. Çeper edebiýatda aýratyn häsiýete, özboluşlylyga eýe bolýan söz Pyragynyň döredijiliginde şirin şygra öwrülip, bakylyk donuny geýinýär.

Söýgüden görk alýan mukaddeslik (Oýlanma)

Watan — hiç bir zadyny özüňden üzňe göz öňüne getirip bolmaýan mekan. Onuň taryhy barada gürrüň edilse-de, tebigatyndan söz açylsa-da, ýa bolmasa şu toprakda ýaşaýan bir ynsanyň halkara derejesinde uly üstünlik gazanandygyny eşitseňem, özüňde düşündirip bolmaýan bir üýtgeşik duýgynyň bolup geçýändigini aňýarsyň. Munuň özi şu toprak bilen bagryň badaşanlygyndandyr. Şu topragyň üsti bilen umumylyga öwrülýän ynsanlaryň — watandaşlaryň bilen baglanyşykly eşiden zadyňa bedeniň täsiri hem şonuň sebäbindendir. Watan hem edil ynsanlar ýaly, söýgüden güýç alýar. Ony biziň her birimiziň söýgimiz, mähir-yhlasymyz beýgeldýär. Hatda ýönekeýje sözüň uly bir ýurduň ynsanlaryň aňyndaky keşbine täsir edişi barada bir tymsala meňzeş gürrüň eşidipdim. Muny bize ýaşuly mugallymymyz gürrüň beripdi. Şonda bir daşary ýurtda geçirilen halkara simpoziuma gatnaşan adamlar hakda söz açylýar. Haýsydyr bir ýurtdan baran myhmanlar — dört sany daýaw kişi aýagaldygyna öz ýurtlarynyň gözelligi, adamlarynyň biçak üýtgeşikligi, tebigatyny başga hiç bir ýeriňkä deňär ýaly däldigi... barada agyzlaryny süýjedip gürrüň berýärmişinler. Özlerem sähel boş wagt tapylyp, gürrüňdeşlik başlandygy öz Watanynyň tarypyny ýetirip başlaýarmyşlar welin, diňläp oturanlaryň ählisiniň kalbynda şol ýurda, iň bolmanda ýeke gezek baryp görmek islegi döreýär.

Soňlanmajak aýdymym (Liriki oýlanma)

Watan, keşbiň gül-gunçadan zyýada, ýaşulular gezer dili senada. Gelýän günler, aýlar, ýyllar owadan, bagtyýar zamanaňda ýaýnaýar iller abadan. Ýylyň dört paslynda-da tebigatyň ajaýyp, sabalaryň altyn güni bezeýär üstüňe nur çaýyp. Şükür edýän ata-babam goýup giden yzlaryna, «Balam» diýip kükrek gerip, iýdiren bal, duzlaryna! Her säherler oýanyp, bagda guşlaň owazyna, aşykdyryn Diýarymyň bahar-tomus, ýazlaryna. Bagra basyp, melul bolup dutar-gyjak sazlaryna, ömür örküm bagly meniň eziz Watanymyň adyna.

Dostlaryň Garaşsyzlyk joşguny

Edebi, medeni gatnaşyklar dostluk köprülerine deňelýär. Sebäbi ol täsin köpri halklary ruhy taýdan ýakynlaşdyrýar. Bu babatda edebiýatyň orny örän uludyr. Muny käbir edebi gahrymanlaryň dürli halklaryň folklorynda asyrlaryň dowamynda ýaşap gelmegi bilen-de delillendirip bolar. Şeýle ýagdaý halklaryň ruhy ýakynlygyndan habar berýär. Moskwanyň Ynsanperwer neşirýat assosiasiýasy tarapyndan üç jiltlik «GDA ýurtlarynyň häzirki zaman edebiýaty» («Sowremennaýa Literatura stran SNG, proza, poeziýa, detskaýa literatura») antologiýa-kitabyň neşir edilmegi hem dostlukly halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary has ýygjamlaşdyrmakdaky nobatdaky ädimdir. Üç jiltden — kyssa, şygryýet we çagalar edebiýaty bölümlerinden ybarat antologiýa Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Ukrainanyň ýazyjy-şahyrlarynyň 94-siniň Garaşsyzlyk ýyllarynda döreden eserleri girizildi. Geçen ýyl 36-njy Moskwa halkara kitap ýarmarkasynda 108 neşirýatyň hödürlän 900 kitabynyň arasynda Russiýa Federasiýasynyň «Ýylyň kitaby» atly bäsleşiginiň baş baýragyna mynasyp bolan «GDA ýurtlarynyň häzirki zaman edebiýaty» atly üç jiltlik antologiýasynyň türkmen bölümini Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri Nurnabat Gurbangulyýewa bilen Çary Kulyýew ç

Dilmaçly (Rowaýat)

Men bu rowaýaty talyp wagtym, ýaşuly çopan Annaly Mämmetgulyýewden eşidipdim. Ol Garagum sährasynyň örüleridir oýlary, guýularydyr kaklary barada gyzykly gürrüňleri ýygnaýanymy goldap, Sözenli, Güljemal hanyň Tagtalysy, Keýikli, Akynýaz, Dilmaçly guýulary, Habyp çopanyň kaky, Täçmyradyň kaky barada gojalardan galan gyzykly gürrüňleri aýdyp beripdi. ...Uzak örüleriň otuna göz gyzdyryp, mallary ýat ýere süren Dönmezi duýdansyz ara alan on-on bäş atly, ony ýurtdan çykaryp, daýhançylyk edýän ortatap çomra gul edip satýarlar.

Ýanka Kupala

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda Ýanka Kupala edebi tahallusy bilen meşhur bolan belarus şahyry Iwan Dominikowiç Lusewiçiň heýkeli-de dostlugyň nyşany hökmünde oturdyldy. Belarus edebiýatynyň we belarus edebi diliniň düýbüni tutujylaryň biri, Belarus Respublikasynyň halk şahyry, Belarus Ylymlar akademiýasynyň akademigi Ýanka Kupala 1882-nji ýylyň 7-nji iýulynda Minsk oblastynyň Molodençnyý etrabynyň Wýazynka obasynda dünýä inýär. Ol ilki sowadyny polýak dilinde alyp ugraýar. Rus dilini oňa enekesi öwredýär. 1897 — 1898-nji ýyllarda Belarus halk mekdebinde okaýar. Ýöne maşgalasynyň güzeranynyň pesdigi sebäpli okuwy taşlap, gazanç edip, kakasyna goldaw bermeli bolýar. 1901-nji ýyla çenli özbaşdak daýhan hojalygyny ýöretmek bilen, ol Belarusyň «Biziň galla meýdanymyz» atly gazeti bilenem yzygiderli hyzmatdaşlyk saklaýar. Ol ilkinji goşgularyny polýak dilinde döredýär. Belarus dilindäki «Meniň täleýim» atly ilkinji goşgusyny 1904-nji ýylda ýazýar. Şondan bir ýyl soň bolsa Minskde neşir edilýän «Demirgazyk-Günbatar ülke» atly gazetde onuň «Mužik» atly belarus dilindäki goşgusy ilkinji gezek halka ýetirilýär. 1908-nji ýylda şahyryň «Tüýdük» atly ilkinji goşgular ýygyndysy çapdan çykýar. Watançy şahyryň goşgularyndan onuň ene topragyň asudalygy, halkyň erkanalygy barada arzuw edýän ýüreginiň urgusy eşidilýär. Onuň «Gusliçi», «Harlanan höwürtge» ýaly biraz soňrakky

Şygryýet bossany

Ýylymyzyň şygary PÄHIM — her bir sözünde,Älem syry — özünde,Hormat bary serinde,Iline — jigerinde,Magtymguly Pyragyň.

Magtymguluda Warka we Gülşa

Gündogar edebiýatynyň ösen döwürleriniň biri-de Gaznaly türkmen döwletiniň (962 — 1186-njy ýý.) döwrüdir. Bu döwürde edebiýat äleminde Ferdöwsi, Unsury, Aýýuky, Farruhy, Menuçehri ýaly beýik söz ussatlary meşhurlyk gazanypdyr. Gaznalylar döwrüniň edebiýaty Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň üsti bilen türkmen halkynyň aňynda ebedi ornaşypdyr. Gaznaly türkmen döwleti döwründe ýazylan we Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde öz mynasyp ornuny tapan eserleriň biri Warka we Gülşanyň päk söýgüsi hakyndaky dessandyr. Ýazuw edebiýatynda ýedi aşyk-magşugyň biri bolan Warka we Gülşanyň hesretli söýgüsi barada şu at bilen ilkinji gezek eser ýazan Dehistanda önüp-ösen şahyr Mejdeddin Aýýukydyr.

Iň uly bagt

Öň, günleriň birinde halypalaryň biriniň ýanynda onuň täzelikde gazetde çykan makalasy hakda öwgüli sözler aýdaýmanmy?! Ol ýüzüme seretdi-de: «Pylany jan, goýsana şu gürrüňiňi. Ýüzüme öwseler meň halamaýanymy bilýäň-ä sen... Türkmen hiç wagtam adamy ýüzüne öwýän däldir» diýdi. Onuň aýdan sözleri meni oýlandyrdy. Özüme nätanyş duýgy bolany üçin «Aý, oýun edýändir ýa-da aýdanlaryma ýasamadyr öýdendir» diýip pikir etdim. Emma ýazan zady, hakykatdanam, öwgä mynasypdy. Soň tanyşlarymyň birine bu hakda gürrüň berenimde, ol: «Aý, diýse diýäýýändir, öwseler kem-ä ýaraýan däldir-le...» diýdi. Ýöne halypanyň aýdýan zatlarynyň «janynyň barlygyna» soň-soňlar düşünip ugradym.

Paýhas çeşmesinden

■ Ata sözi hikmet, ene sözi rehmet. ■ Balaly öý — bazar, şowhuny köňül ýazar.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabyndaky hekaýatlar we rowaýatlar ummanyndan

...Hawa, türkmençilikde duz iýen ýeriňe ýakmajak işi etmek halanylmaýar. Adamlaryň arasynda özleriniň ýakyndyklaryny nygtamak üçin: «Men onuň bilen kän duz iýişdim» diýilýändir. Sebäbi bile duz iýmek ýagşyňa, ýamanyňa dahylly bolmaga äht etmegi aňladýar. Halys iliň gözünden düşen nekgende mukaddes saçaga, köpçüligiň saçagyna golaýlaşdyrylmaýar. Obadaşlary ony tä toba gelýänçä, bile oturyp duz iýmekden hem mahrum edýärler. Çünki duzuň gudratyna ikilik etmek adamy adamçylykdan aýyrýar diýlip pugta ynanylýar. Şu ýerde ýene bir tymsala ýüzlenmekçi. Bir gezek şeýle waka bolupdyr. Birtopar adam ýagynyň eline düşüpdir. Olara zulum edipdirler, ahyrynda hem olaryň gara janlaryndan umytlary üzülipdir. Ol bendileriň arasynda bir ýaş oglan hem bar eken. Şol oglan atasynyň aýdan öwüdini ýatlapdyr-da, köp oýlanypdyr, ahyry onuň kellesine bir pikir gelipdir.

Edebi älemiň şamçyragy

Magtymguly Pyragynyň goşgularynda durmuşyň ähli ugurlaryndaky pelsepe, many-mazmunly garaýyşlar köpdür. Bu bolsa şahyryň eserleriniň diňe bir türkmen halky üçin däl, eýsem, bütin adamzat üçin ýol-ýörelge mekdebi bolup durýandygyna şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda Magtymgulynyň eserlerini diňe bir türkmenler däl, dünýä döwletleriniň alymlary, edebiýatşynaslary, döredijilik işgärleri içgin öwrenýärler. Magtymguly hakyndaky ýazgylary okap oturşyma, polýak şahyry, gündogarşynas Aleksandr Hodzkonyň Magtymgulynyň döredijiligine çemeleşmesi we seljermesi baradaky ýazgylara duş geldim. Aleksandr Hodzkonyň dilden aýdylýan rowaýatlardan ýygnalan, şeýle hem filologik we taryhy bellikler bilen doldurylan 1842-nji ýylda Londonda neşir edilen kitaby hem 1833-nji ýylda Demirgazyk Horasana eden ekspedisiýasynyň netijesidir. Bu ýygyndyda sebitde meşhur bolan, türkmen we türkmen-pars şiwelerinden terjime edilen on üç sany türkmen aýdymy görkezilýär. Hodzkonyň türk we eýran dillerini bilmegi, ýaşaýjylar bilen ýakyn aragatnaşykda bolmagy oňa türkmen, azerbaýjan, pars we beýleki şygyr nusgalaryny Ýewropa dillerine aňsatlyk bilen terjime etmäge mümkinçilik döredipdir.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Akyldar şahyryň eserlerinde gözelleriň waspy Danalar danasy Magtymguly Pyragy gelin-gyzlara guwanyp-buýsanmagyň, olaryň gözelligini, edalylygyny, edep-terbiýesini wasp etmegiň nusgalyk göreldesini görkezipdir.

Magtymgulynyň döredijiliginde orun alan taryhy şahsyýet

Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi dürli temalarydyr ugurlary özünde jemleýär. Akyldar şahyryň çuňňur filosofik pikirlere ýugrulan döredijiliginiň beýleki şahyrlaryňkydan aýratyn tapawutlanýan taraplarynyň biri-de onuň şygyrlarynyň milli ruhda beýan edilmegidir. Mälim bolşy ýaly, akyldar şahyryň şygyrlarynda Gündogaryň we Günbataryň ylymda yz goýan köp sanly beýik akyldarlary bilen bir hatarda, döwlet syýasatynda aýratyn tapawutlanýan hökümdarlaryň atlaryna hem duş gelmek bolýar. Akyldar şahyryň şygyrlarynda her bir taryhy şahsyýetiň ady agzalanda ol barada we onuň döwrüne gyzyklanma bildirip içgin aralaşanyňy duýman galýarsyň. Şonda her sözüň, setiriň içinde umman ýaly taryhyň ýatandygyna göz ýetirýärsiň. Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda orun alan taryhy şahsyýetleriň biri-de Gyzyl Arslandyr. Magtymguly Pyragy:

Mämmetweli Kemine

Gitdi Eý, agalar, Ýolöteniň düzünden,Meniň sona boýlym çykdy-da gitdi.Alma ýaňagyndan, ap-ak ýüzünden,Lagly-merjenleri dökdi-de gitdi.

Söz manysy

Eýgi Türkmen dilinde ulanylýan käbir sözleriň gelip çykyşy bilen birlikde, olaryň söz ýasalyş aýratynlyklary hem bardyr. Halk arasynda ulanylýan «eýgilik» sözüniň hem gelip çykyşy köpler üçin gyzykly bolsa gerek. Bu söz aslynda «eýgi» sözünden gelip çykyp, «gowy, ýagşy, oňat, owadan, mähriban, mylaýym» diýen ýaly manylary aňladýar. Bu söze «-lik» goşulmasy goşulyp, «eýgilik» görnüşinde kän ulanylýar. Eýgilik sözüniň «eýgi» görnüşinde ulanylyşyna akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Güle meňzär» goşgusynda duşmak bolýar:

Akyldar şahyryň goşgularynda rowaýatlar

Magtymguly Pyragynyň goşgulary türkmen halky üçin belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir. Çünki onuň her bir setirinde dünýä ýaly many, umman ýaly kämil hem-de çuňňur pelsepeler jemlenendir. Şahyryň şygyrlarynda dürli rowaýatlarda atlary geçýän köp sanly adam atlary ýatlanylýar. Meselem: Nemrut Haka ot taşlady,Şetdat bir jennet başlady.Dört ýüz ýyllykda işledi,Ady hem Erem bagydyr.

Tomaşa adam

(Hekaýa) — Şeýle diý-ä, ine tomaşa! Onsoň, horjunsyz gaýdyberipmi, görgüli?

Şahyra ýüzlenme

Gadym Etrek al güllere bürenip,Dabarasy dag aşyp dur Gerkeziň.Parahatlyk perwanasy şahyra Başarsadyk bu zamany görkezip. Eý alymlar, döränokmy şeýle tärAdamlaryň Aýa uçýan döwründe?!Zerur bolsa direltmäge dananyBir bölegin beräýjek men ömrümden.

Tahallusyň ahlaky-estetiki we edebi-çeper hyzmaty

«Tahallus» adalgasynyň sözlük manysy «halas bolmak», edebi manysy «lakam» diýmekligi aňladýar. «Tahallus» sözi bir kökden gelip çykan «mahlas» sözi bilen manydaşdyr. «Türkmen nusgawy edebiýatynyň sözlüginde» bu söze şeýle kesgitleme berilýär: «Tahallus (a.tahallus)-1) şahyrlaryň bir ýa-da birnäçe sözi özlerine edebi lakam edip almaklary; 2) edebi lakam. Tahallus şahyryň… döredijilik işinde soň saýlap alan adydyr...» Diýmek, «tahallus» sözüniň manysyny tirenimizde, şahyryň şahsyýetine edebi-ahlaky pikirleniş, çeper häsiýet, çeperçilik ussatlyk tarapyndan çemeleşmeli bolýarys. Çünki ýokarky kesgitlemelerde görkezilişi ýaly, tahallus şahyryň adaty durmuş ýörelgelerine däl-de, edebi-ahlaky hem-de çeper ýörelgelere salgylanyp, estetiki hem edebi-çeper hakykatyň wekili hökmünde saýlap alan adydyr.