Ýanka Kupala

1 Awgust 2024
190

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda Ýanka Kupala edebi tahallusy bilen meşhur bolan belarus şahyry Iwan Dominikowiç Lusewiçiň heýkeli-de dostlugyň nyşany hökmünde oturdyldy.

Belarus edebiýatynyň we belarus edebi diliniň düýbüni tutujylaryň biri, Belarus Respublikasynyň halk şahyry, Belarus Ylymlar akademiýasynyň akademigi Ýanka Kupala 1882-nji ýylyň 7-nji iýulynda Minsk oblastynyň Molodençnyý etrabynyň Wýazynka obasynda dünýä inýär. Ol ilki sowadyny polýak dilinde alyp ugraýar. Rus dilini oňa enekesi öwredýär. 1897 — 1898-nji ýyllarda Belarus halk mekdebinde okaýar. Ýöne maşgalasynyň güzeranynyň pesdigi sebäpli okuwy taşlap, gazanç edip, kakasyna goldaw bermeli bolýar. 1901-nji ýyla çenli özbaşdak daýhan hojalygyny ýöretmek bilen, ol Belarusyň «Biziň galla meýdanymyz» atly gazeti bilenem yzygiderli hyzmatdaşlyk saklaýar. Ol ilkinji goşgularyny polýak dilinde döredýär. Belarus dilindäki «Meniň täleýim» atly ilkinji goşgusyny 1904-nji ýylda ýazýar. Şondan bir ýyl soň bolsa Minskde neşir edilýän «Demirgazyk-Günbatar ülke» atly gazetde onuň «Mužik» atly belarus dilindäki goşgusy ilkinji gezek halka ýetirilýär. 1908-nji ýylda şahyryň «Tüýdük» atly ilkinji goşgular ýygyndysy çapdan çykýar. Watançy şahyryň goşgularyndan onuň ene topragyň asudalygy, halkyň erkanalygy barada arzuw edýän ýüreginiň urgusy eşidilýär. Onuň «Gusliçi», «Harlanan höwürtge» ýaly biraz soňrakky eserleriniň süňňüni-de Watana, il-güne söýgi duýgulary düzýär. 1925-nji ýylda Ýanka Kupala Belarus Respublikasynyň halk şahyry ady berilýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Bagtyýar TÜÝLIÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.