Edebi älemiň şamçyragy

31 Iýul 2024
215

Magtymguly Pyragynyň goşgularynda durmuşyň ähli ugurlaryndaky pelsepe, many-mazmunly garaýyşlar köpdür. Bu bolsa şahyryň eserleriniň diňe bir türkmen halky üçin däl, eýsem, bütin adamzat üçin ýol-ýörelge mekdebi bolup durýandygyna şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda Magtymgulynyň eserlerini diňe bir türkmenler däl, dünýä döwletleriniň alymlary, edebiýatşynaslary, döredijilik işgärleri içgin öwrenýärler. Magtymguly hakyndaky ýazgylary okap oturşyma, polýak şahyry, gündogarşynas Aleksandr Hodzkonyň Magtymgulynyň döredijiligine çemeleşmesi we seljermesi baradaky ýazgylara duş geldim.

Aleksandr Hodzkonyň dilden aýdylýan rowaýatlardan ýygnalan, şeýle hem filologik we taryhy bellikler bilen doldurylan 1842-nji ýylda Londonda neşir edilen kitaby hem 1833-nji ýylda Demirgazyk Horasana eden ekspedisiýasynyň netijesidir. Bu ýygyndyda sebitde meşhur bolan, türkmen we türkmen-pars şiwelerinden terjime edilen on üç sany türkmen aýdymy görkezilýär. Hodzkonyň türk we eýran dillerini bilmegi, ýaşaýjylar bilen ýakyn aragatnaşykda bolmagy oňa türkmen, azerbaýjan, pars we beýleki şygyr nusgalaryny Ýewropa dillerine aňsatlyk bilen terjime etmäge mümkinçilik döredipdir.

Göwhertäç GYLYJOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.