Dostlaryň Garaşsyzlyk joşguny

1 Awgust 2024
206

Edebi, medeni gatnaşyklar dostluk köprülerine deňelýär. Sebäbi ol täsin köpri halklary ruhy taýdan ýakynlaşdyrýar. Bu babatda edebiýatyň orny örän uludyr. Muny käbir edebi gahrymanlaryň dürli halklaryň folklorynda asyrlaryň dowamynda ýaşap gelmegi bilen-de delillendirip bolar. Şeýle ýagdaý halklaryň ruhy ýakynlygyndan habar berýär. Moskwanyň Ynsanperwer neşirýat assosiasiýasy tarapyndan üç jiltlik «GDA ýurtlarynyň häzirki zaman edebiýaty» («Sowremennaýa Literatura stran SNG, proza, poeziýa, detskaýa literatura») antologiýa-kitabyň neşir edilmegi hem dostlukly halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary has ýygjamlaşdyrmakdaky nobatdaky ädimdir. Üç jiltden — kyssa, şygryýet we çagalar edebiýaty bölümlerinden ybarat antologiýa Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Ukrainanyň ýazyjy-şahyrlarynyň 94-siniň Garaşsyzlyk ýyllarynda döreden eserleri girizildi.

Geçen ýyl 36-njy Moskwa halkara kitap ýarmarkasynda 108 neşirýatyň hödürlän 900 kitabynyň arasynda Russiýa Federasiýasynyň «Ýylyň kitaby» atly bäsleşiginiň baş baýragyna mynasyp bolan «GDA ýurtlarynyň häzirki zaman edebiýaty» atly üç jiltlik antologiýasynyň türkmen bölümini Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri Nurnabat Gurbangulyýewa bilen Çary Kulyýew çapa taýýarlapdyr.

Dünýägözel HAKIÝEWA,
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň mahabatlandyryş-neşir edijilik bölüminiň baş hünärmeni.