"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Yssy howada saglygyňyzy goraň!

Şu günler howanyň aşa gyzmagy saglyk ýagdaýymyza has ünsli bolmagy talap edýär. Şonuň üçin hem lukmanlar jöwzaly tomusda şu aşakdaky kadalary hökman berjaý etmegi maslahat berýärler: Yssy howada ýeňil, rahat, arassa nah matadan tikilen açyk reňkli egin-eşikleri geýmeli.

Tomus paslynda hökmany berjaý edilmeli düzgünler

Tomus möwsüminde howanyň aşa gyzmagy bilen käbir kadalary berjaý etmek maslahat berilýär. Gartaşan we dowamly keselleri bolan adamlara, kiçi ýaşly çagalara howanyň aşa gyzan mahalynda daşary gezelenje çykmak maslahat berilmeýär.

Gün urmasyndan goranalyň!

Gün şöhlesiniň aşagynda köp gezilse, adamy Gün urýar. Eger ýiti kellagyry, ysgynsyzlyk duýsaňyz, ýüregiňiz bulansa, gyzgynyňyz ýokarlansa, başyňyz aýlansa we ysytma tutsa, sizi Gün uran bolmagy ahmal. Şonda tizden-tiz lukmana ýüz tutuň! Gün urmasyndan goranmak üçin käbir düzgünleri ýerine ýetirmeli. ☼ Gün urmasyndan goranmak üçin yssy, güneşli günlerde hemişe başgaply gezmeli. Başgaplar açyk reňkde bolmaly. Çünki açyk reňkler şöhläni yzyna serpikdirýär. Eger başgap geýmeýän bolsaňyz, onda hökmany suratda saýawan göteriň. Ol diňe kelläňizi däl, bedeniňizi hem Gün şöhlesinden gorar.

YSSY GÜNLERDE ÖZÜŇI ALYP BARMAGYŇ DÜZGÜNLERI

Janyň-teniň sag bolanda ajaýyp durmuşyň höziri has çuňňur duýulýar. Şonuň üçin hem ata-babalarymyz  «Saglyk – sag adamlaryň başyndaky altyn täçdir», «Süňňüň sagatlygy iň uly nygmatdyr» diýip, muňa uly ähmiýet beripdirler. Ýylyň möwsümlerine görä geýinmek hem-de iýmitlenmek hem saglygymyzy berkitmegiň we goramagyň bir ýoly bolup durýar. Tomus paslynda Günüň ýiti şöhlesinden goranmak hemmämiziň saglygymyz üçin hökmanydyr. Yssydan goranmagyň düzgünlerini berk berjaý etmek bilen biz saglygymyzy gorap bileris. Her bir adam tomus paslynda dynç alyşlara, gezelençlere gidende, işlände, açyk howada gezelenç edende Günüň ýiti şöhlesinden, ýagny Gün urmasyndan goranmagy başarmalydyr. Açyk meýdanlarda Günüň astynda zähmet çekýänler muňa has-da ünsli çemeleşmeli. Tomsuň yssy günlerinde 2 ýaşyna çenli çagalara, ýarawsyz we gartaşan adamlara sagat 09.00-dan 18.00-a çenli açyk Günüň aşagynda gezmek maslahat berilmeýär. Yssy howada köçede köp wagt geçirmekden gaça durmaly, kölegeli ýerlerde, ýapyk binalarda bolmaga çalyşmaly. Irden sagat 9:00-a çenli we öýlän howanyň salkynlaşan mahalynda, ýagny sagat 18:00-dan soň gezelenç etmek bolar.

Gün urmasyndan goranyň!

Tomusda howanyň gyzgynlyk derejesiniň ýokarlanmagynyň netijesinde, Gün aşa gyzyp, onuň ýaramaz täsirleri bildirip başlaýar. Tomsuna Günüň ýiti şöhlesinden goranmaly. Şonuň üçin yssy günlerde Gün urmasyndan ägä bolmaly. Howanyň gyzgyn mahaly uzak wagtlap daşarda gezilende Gün urýar. Howanyň aşa gyzan wagty zerurlyk bolmasa, daşarda gezmeli däl. Ylaýta-da, çagalary, uly ýaşly adamlary aýratyn goramaly. Günden goraýan serişdeleri ulanmaly, kellä ak başgap geýmeli ýa-da ýaglyk daňmaly, saýawan götermeli, egin-eşikler hem açygyrak reňkde bolsa gowy. Gün ursa kelläň agyrmagy, gyzgynyň galmagy, essiň aýylmagy, ýüregiň bulanmagy, gan basyşyň beýgelmegi we gaýtarmak ýaly alamatlar bolýar. Eger-de şeýle ýagdaý ýüze çyksa, haýal etmän lukmana ýüz tutmaly we ilkinji kömegi bermeli. Ejir çekeni salkyn ýa-da kölege ýere geçirmeli, ýüzüne suw sepmeli, suw içirmeli, egin-eşiklerini ýeňletmeli, maňlaýyna çyg mata, uly damarlaryň geçýän ýerlerine sowuk suwa ezilen ýapgy goýmaly.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Peýdaly maslahatlar Tomus paslynyň talaplaryna laýyklykda geýniň. Deňizde we howdanlarda ýüzülende tertip-düzgünleri berjaý ediň!

Sagdyn iýmit — sagdyn beden

Tomus paslynyň gelmegi bilen, ilatyň arasynda ýokanç keselleriň ýaýramagynyň, iýmit zäherlenmeleriniň döremeginiň öňüni almak babatda gaýragoýulmasyz işler durmuşa geçirilýär. Iýmit senagaty, jemgyýetçilik iýmiti we azyk söwda kärhanalarynda, bazarlarda, mekdebe çenli edaralarda, mekdeplerde, çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde, ilatyň köpçülikleýin dynç alýan ýerlerinde sanitariýa-epidemiologiýa abadançylygyny üpjün etmek babatda zerur çäreler alnyp barylýar. Iýmit önümleriniň daşalyşyna, saklanylyşyna, satylyşyna bildirilýän talaplary berjaý etmek has derwaýysdyr. Söwda desgalarynda azyk önümleriniň hili we howpsuzlygy boýunça kadalaşdyryjy we tehniki resminamalaryň talaplaryna laýyk gelýän, şeýle hem olaryň gelip çykyşyny, hilini we adamyň saglygy üçin howpsuzlygyny tassyklaýan resminamalar bolmalydyr.

Tomsuň çogly günlerinde

Tomus möwsüminde howanyň aşa gyzmagy netijesinde Günüň ýiti şöhlesinden goranmak zerurlygy ýüze çykýar. Şeýle hem ýurdumyzda hereket edýän şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk düzgünlerini doly, dogry berjaý etmelidir. Gartaşan we dowamly keselleri bolan adamlar lukmanyň gözegçiliginde bolmaly. Kiçi ýaşly çagalara howanyň aşa gyzan mahalynda daşary çykmak maslahat berilmeýär. Möhüm zerurlyk bolmasa, irden sagat 9:00-dan öýlän howanyň salkynlaýan mahalyna — 18:00-a çenli daşary çykmazlyk, möwsüme görä açyk reňkli, nah matadan tikilen eşikleri geýinmek, Günüň şöhlesinden goranmak üçin kellä başgap geýmek, ýaglyk daňynmak, saýawan götermek, arassa agyz suwuny ýanyň bilen almak maslahat berilýär. Şeýle-de günüň dowamynda gerekli mukdarda — 2-2,5 litre çenli arassa agyz suwuny içmeli. Tomsuň yssy günlerinde açyk meýdanda işleýän adamlara möwsüme görä geýinmek maslahat berilýär. Tomus aýlarynda iýmit önümlerine has ünsli bolmaly. Gök-bakja önümlerini, miweleri, süýt we süýt önümlerini köpräk ulanmaly. Ýagly we ajy tagamlardan daşda bolmaly. Kakadylan et we balyk önümlerini, şöhlady iýmitiňizden aýyrmaly. Naharlar, esasan, gaýnadylan we buglanan görnüşinde taýýarlanylmalydyr.

Aýdyň maksatlar — belent sepgitler

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň saglygyny gorap saklamak boýunça toplumlaýyn çäreleriň geçirilýändigini bu ugurda alnyp barylýan düýpli işler aýdyň subut edýär. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň belent sepgitlere ýetmegini, uly üstünlikleri gazanmagyny şol işleriň netijeleri diýmek bolar. Bularyň ählisi hem hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp taglymatynda jemlenýär. Eziz Diýarymyzda ynsan saglygyny goramak, adamyň ömür dowamlylygyny artdyrmak, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugur bolup durýar. Saglygy goramakda, adamlaryň beden we ruhy taýdan sagdynlygyny üpjün etmekde, jemgyýetiň sagdynlygyny gazanmakda esasy serişdeleriň biri sport bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen sportuň dürli görnüşleri arkaly saglygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak häzirki wagtda ýurdumyzda umumymilli ýörelgä, dürli ýaşdaky, dürli kärdäki adamlary birleşdirýän kuwwatly güýje öwrüldi.

Erik

Erik agajy yssy we gurak howa çydamlylygy bilen tapawutlanýar. Onuň ýabany görnüşleri hem bar. Olar sibir we manjur erigi görnüşinde duş gelýärler. Bu köpýyllyk ösümligiň irki, aralyk we giçki ýetişýän sortlary bar. Erigi şäniginden we sapmak usuly bilen köpeltmek bolýar. Ekilenden soňra 3-5 ýyldan hasyla durýar we agrotehniki talaplara laýyklykda ideg edilende, her ýyl oňat hasyl bermäge ukyplydyr. Derýalaryň jülgelerinde, daşly, çagylly ýerlerde ösmegi halaýar. Mart, aprel aýlarynda gülleýär. Onuň boýy 5-8 metrden 12-15 metre çenli bolup, 40-60 ýyl ýaşap bilýär.

Ýiti Gün şöhlesinden goranyň!

Gün şöhlesiniň adamyň sagdyn ýaşamagy üçin peýdasynyň bolşy ýaly, onuň zyýanly taraplary-da bardyr. Günüň aşagynda aşa köp durulmagy onuň zyýanly täsir etmegine getirýär. Gün şöhlesi artyk kabul edilende, deriniň ýanmagy, deriniň täze döremeleriniň emele gelmegi, öňden bar bolan ýürek-damar keselleriniň ýitileşmegi mümkindir. Howanyň çendenaşa gyzgyn wagtynda Günüň aşagynda uzak durulmagyň iň agyr netijeleriniň biri Gün urmadyr. Jöwzaly yssyda Günüň aşagynda uzak wagtlap bolnandan soň, kellagyry, ýürek bulanma, pulsuň we dem alşyň ýygylaşmagy, görejiň kütelmegi ýaly alamatlaryň ýüze çykmagy haýal-ýagallyk etmeli däldigini duýdurýar. Bedeniň gyzgyny 39-40oÑ çenli ýokarlanýar. Gün urmada ilki «Tiz kömege» jaň etmeli. Soňra hassany kölegeli ýere ýa-da salkyn jaýa geçirmeli. Iliklerini, kemerini ýazdyrmaly, daşky eşiklerini çykarmaly. Näsagy öl süpürgije dolamaly, iň bolmanda kellesine, döşüne, goltuklarynyň aşagyna sowuk suwa öllenen mata bölejigini goýmaly, ýüzüni ýelpemeli.

Tomsuň çogly günlerinde

Tomus möwsüminde howanyň aşa gyzmagy netijesinde Günüň ýiti şöhlesinden goranmak zerurlygy ýüze çykýar. Şeýle hem ýurdumyzda hereket edýän şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk düzgünlerini doly, dogry berjaý etmelidir. Gartaşan we dowamly keselleri bolan adamlar lukmanyň gözegçiliginde bolmaly. Kiçi ýaşly çagalara howanyň aşa gyzan mahalynda daşary çykmak maslahat berilmeýär. Möhüm zerurlyk bolmasa, irden sagat 9:00-dan öýlän howanyň salkynlaýan mahalyna — 18:00-a çenli daşary çykmazlyk, möwsüme görä açyk reňkli, nah matadan tikilen eşikleri geýinmek, Günüň şöhlesinden goranmak üçin kellä başgap geýmek, ýaglyk daňynmak, saýawan götermek, arassa agyz suwuny ýanyň bilen almak maslahat berilýär. Şeýle-de günüň dowamynda gerekli mukdarda — 2-2,5 litre çenli arassa agyz suwuny içmeli. Tomsuň yssy günlerinde açyk meýdanda işleýän adamlara möwsüme görä geýinmek maslahat berilýär. Tomus aýlarynda iýmit önümlerine has ünsli bolmaly. Gök-bakja önümlerini, miweleri, süýt we süýt önümlerini köpräk ulanmaly. Ýagly we ajy tagamlardan daşda bolmaly. Kakadylan et we balyk önümlerini, şöhlady iýmitiňizden aýyrmaly. Naharlar, esasan, gaýnadylan we buglanan görnüşinde taýýarlanylmalydyr.

Hossarly, howandarly nesiller

Durmuşda her bir ene-ata öz perzendini il hataryna goşmak, jemgyýetde öz ornuny tapmak, onuň kämil şahsyýet bolup, durmuş ýoluna düşmegini gazanmak ýaly süýji aladalar bilen ýaşaýar. Bu günki gün ýurdumyzda her bir çaganyň döwlet tarapyndan şeýle alada-üns bilen gurşalmagy olaryň gursagynda ertirki aýdyň durmuş ýoly baradaky uly umydy döredýär. Sebäbi ýaş nesilleriň arkasynda dag ýaly döwlet bar! Geliň, bir pursatlyk ýaşlygymyza dolanyp göreliň. Ýaňy ýörjen-ýörjen bolup ýören wagtlarymyz öz käbämiziň hamraklygyna öwrenişenimiz üçin ol sähel salymlyk seni birine tabşyryp, gözýetimden ýitýär welin, damagymyz dolup, «Niredekä ejem?» diýen düşünje bilen gözümiz ýoldadyr. Sebäbi ejeň ýakynyňdaka, sen hossarlysyň, ol seni mähir-muhabbet bilen gurşaýarka, dünýäde senden arkaýyn ynsan, megerem, ýokdur. Şeýle pursatlarda begenjiň çägi bolmaz. Kakaň işden geldigi dagy öňünden ylgap çykyp, gujagyna özüňi oklaýarsyň. Heý, şulardan uly bagt bolarmy?! Dogrusyny aýtsaň, durmuşy olarsyz göz öňüne getirip bolmaýar.

Saglyk ulgamynyň döwrebap ýörelgeleri

Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamy döwrebap derejede yzygiderli ösdürilýär. Ýakynda dabaraly ýagdaýda açylan Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda 9 saglyk we sport binasynyň bardygyny guwandyryjy üstünlikleriň hatarynda görkezmek bolar. Arkadag şäherinde ekologiýa taýdan arassa serişdeleriň ulanylmagy hem-de «akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alnyp bina edilen desgalaryň hatarynda gurlan çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adynyň dakylmagy hem ähli halkymyzy, şol sanda saglygy goraýyş işgärlerini guwandyrdy. Şu ýylyň 29-njy iýunynda täze şäher bilen birlikde açylyp ulanmaga berlen çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde döredilýän şertler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösen talaplaryna hem-de belent ruhuna laýyk gelip, çagalaryň dynç almaklary, şol sanda höwes edýän hünär endiklerini ele almagyna ýardam berýän ähli zerur şertler bilen üpjün edilendir.

Günüň ýiti şöhlesinden goranmak üçin peýdaly maslahatlar

Hormatly ildeşler! Size tomus paslynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak, saglygyňyzy durnukly saklamak üçin şu düzgünleri berjaý etmegiňizi maslahat berýäris: — Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli, arassa agyz suwuny ýeterlik mukdarda içmeli.

Skandinaw ýörişi

Her bir ynsan, ýaşyna garamazdan, elmydama hereketde bolmalydyr. Hereketiň adam bedeniniň taplanmagynda, berkemeginde ähmiýeti uludyr. Gündelik hereketde bolmak sagdynlygyňy, işe ukyplylygyňy, immunitetiňi berkidýär. Pyýada ýöremeklik bolsa bedenterbiýäniň iň bir giňden ýaýran görnüşi bolup, ynsanyň tutuş süňňüne doly ýazgynlyk berýär. Ýaşy durugşan adamlara pyýada ýöremeklik has hem wajypdyr. Çünki organizmiň garramagy netijesinde iýmit-alyş çalşygy peselip, köp halatlarda adam semräp başlaýar. Semizlik bolsa birnäçe ýoňlaryň başlangyjy bolup bilýär. Soňky döwürlerde dünýäde giňden ýaýran skandinaw ýörişi ýaşuly nesil üçin iň bir peýdaly türgenleşik hasaplanylýar. Eger-de uzak aralyga pyýada ýörelende egindir oňurga agram düşýän bolsa, onda skandinaw ýörişinde adam özünde hiç hili ýadawlyk duýmaýar. Fiziki işjeňligi ösdürýän bu ýörişiň ýörite taýaklaryň kömegi bilen ýörelýän aýratynlyklary bar. Skandinaw ýörişi adaty ýörişlerden tapawutlylykda bedeniňdäki myşsalaryň segsen göterimini herekete getirýär. Ýörişiň bu görnüşinde adamyň tutuş bedeni hereket edýär. Netijede bolsa adaty ýöremekde hereketlenmeýän beden agzalarynyň hem işjeňligi artýar. Lukmanlar skandinaw ýörişi bilen üç aýlap meşgullanan adamyň myşsalarynyň ozalkysyndan kyrk göterime golaý güýçlenýändigini aýdýarlar.

Günüň ýiti şöhlesinden goranalyň

Tomus paslynyň gyzgyn, epgekli, gurak howa durumy bolansoň, käbir adamlaryň kesellere bolan goranyjylyk ukyby peselýär. Bu köplenç çagalarda, gartaşan hem-de hroniki keselleri bolan adamlarda gabat gelýär. Olar yssy howany agyr geçirýärler. Hroniki keselleri bolan adamlar mümkin boldugyça günüň gyzan mahaly bir ýere ýolagçy bolmakdan saklanmalydyrlar. Ýüregagyrysy, süýjükeseli bolan adamlar, gipertoniki nähoşlar, ýakynda hassahanada bejergi alyp çykanlar ýa-da saglyk merkezine gatnawly lukmançylyk bejergilerini alýanlar özlerini yssy howa durumyndan, Gün şöhlesiniň göni düşmeginden goramalydyrlar. Olar öz işini günortana çenli tamamlamaga meýilleşdirmelidirler, ýa-da günüň öýläne sapýan wagtyna gabatlamalydyrlar. Eger işi çykyp, bir ýere gitmeli bolsalar, onda ýany bilen saýawan göterinmegi unutmaly däldir. Saýawan açyk reňkde, ýagny ak, mawy, çal, mele öwüşginde bolsa has gowy. Çünki açyk reňk Günüň ýiti şöhlesini serpikdirmekde has ygtybarlydyr. Gyz-gelinler ak ýaglyk ýa-da ýuka ýapynja ulansalar, erkek adamlardyr oglanlar başyna başgap geýseler, Gün urmakdan goranarlar.

Saglyk — başymyzyň täji

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň toý-baýramly günlerinde elimize gowşan «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasy» atly täze kitaby okanyňda, pederlerimiziň ejizi goldamak, mätäje ýardam bermek, sahawatlylyk, adamkärçilik ýaly asylly ýörelgeleri baradaky pikirler seriňe dolýar. Gahryman Arkadagymyz: «Ähli gymmatlyklaryň güýji ynsanperwerlik, adamkärçilik kadalarynda jemlenýär» diýip belleýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi ildeşlerimiziň her biriniň haýyr-sahawat etmegine mümkinçilik açdy. Gahryman Arkadagymyz bu gazna ilkinji bolup serişde goýdy. Gazna şu günki güne çenli gelip gowşan serişdeleriň hasabyna amala aşyrylýan işleriň köp sanlysy ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna gönükdirilendir. Haýyr-sahawat gaznasyndan dürli operasiýalary geçirmek üçin serişdeleriň bölünip berilmegi, gör, näçe çaganyň sagalyp, aýaga galmagyna, deň-duşlarynyň hataryna goşulmagyna sebäp boldy. Ýerine ýetirilýän şeýle sogaply işler barada täze kitabyň «Durmuşyň gymmaty—saglyk» atly bölüminde giňişleýin beýan edilýär. Kitapdaky kyn operasiýalary geçirip, sag-salamat maşgalasyna gowşan körpeleriň eziz käbeleriniň ýürek buýsançlaryny okanyňda, kalbyň şatlykdan dolýar. Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza bolan alkyşlarymyz goşa

Gün şöhlesi

Güneşe baý Diýarymyzda tomus pasly dowam edýär. Tomus medeniýetli dynç alşyň gyzgalaňly döwrüdir. Gün şöhlesiniň, seleň howanyň, dury, arassa suwuň adam saglygy üçin peýdasynyň örän uludygy hemmä mälimdir. Gün şöhlesi ýerlikli peýdalanylanda, bedeniň gorag (immun) ulgamyny pugtalandyrýar. Ultramelewşe şöhleleriniň diş we süňk üçin peýdaly D witamininiň işlenilip çykarylmagyna täsiri uludyr. Ýöne Günüň aşagynda çakyndan artyk gezilmegi, durulmagy, işlenilmegi adamyň saglyk ýagdaýynda dürli bozulmalary döredip biler. Gün urmak — bu aşa yssy günlerde Gün şöhlesiniň täsiri netijesinde kelle-beýnä zeper ýetmegidir. Öte gyzma — bu howanyň gyzan döwründe Günüň aşagynda uzak wagtlap bolunmagy sebäpli, bedeniň aşa gyzmagynyň netijesinde merkezi nerw ulgamyna zeper ýetmegidir. Munuň sebäbi bedeniň suwy, mineral duzlary ýitirmegi we ýylylygy dolandyrýan, kadalaşdyrýan ulgamlaryň bozulmagy bilen baglydyr. Gün urmasy ýüze çykan ýagdaýynda bedeniň deri örtügi gyzarýar, guraksylanýar, ýadawlyk, kellagyry, baş aýlanma, mejalsyzlyk, aýaklarda agyry, ýüregiň çalt urmagy, huşuňy ýitirmek, uka meýillilik, gulak şaňlama ýaly hadysalar ýüze çykýar. Bedeniň gyzgyny ýokarlanýar. Adam öte gyzma sezewar bolan ýagdaýynda hem Gün urandaky ýaly alamatlar ýüze çykýar.

Möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar

1.Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli, arassa agyz suwuny ýeterlik mukdarda kabul etmeli. 2.Lukmanyň bellän bejergisini we berhiz saçaklaryny dogry berjaý etmeli. Gan basyşy gözegçilikde saklamaly.