Saglyk — başymyzyň täji

11 Iýul 2023
471

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň toý-baýramly günlerinde elimize gowşan «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasy» atly täze kitaby okanyňda, pederlerimiziň ejizi goldamak, mätäje ýardam bermek, sahawatlylyk, adamkärçilik ýaly asylly ýörelgeleri baradaky pikirler seriňe dolýar. Gahryman Arkadagymyz: «Ähli gymmatlyklaryň güýji ynsanperwerlik, adamkärçilik kadalarynda jemlenýär» diýip belleýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi ildeşlerimiziň her biriniň haýyr-sahawat etmegine mümkinçilik açdy. Gahryman Arkadagymyz bu gazna ilkinji bolup serişde goýdy. Gazna şu günki güne çenli gelip gowşan serişdeleriň hasabyna amala aşyrylýan işleriň köp sanlysy ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna gönükdirilendir. Haýyr-sahawat gaznasyndan dürli operasiýalary geçirmek üçin serişdeleriň bölünip berilmegi, gör, näçe çaganyň sagalyp, aýaga galmagyna, deň-duşlarynyň hataryna goşulmagyna sebäp boldy. Ýerine ýetirilýän şeýle sogaply işler barada täze kitabyň «Durmuşyň gymmaty—saglyk» atly bölüminde giňişleýin beýan edilýär. Kitapdaky kyn operasiýalary geçirip, sag-salamat maşgalasyna gowşan körpeleriň eziz käbeleriniň ýürek buýsançlaryny okanyňda, kalbyň şatlykdan dolýar. Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza bolan alkyşlarymyz goşalanýar.

Durmuşyň gymmaty saglykdadyr. Halk pähimlerinde aýdylyşy ýaly, «Saglyk—abatlyk», «Saglyk—başyň täji». Üç dilde neşir edilip, ýurdumyzyň saglyk ulgamlaryna ornaşdyrylan iň häzirki zaman lukmançylyk enjamlarynyň suratlary bilen bezelen täze kitaby okanyňda bolsa bu hakykata has-da aýdyň göz ýetirýärsiň.

Gülälek ANNABERDIÝEWA,
Tejen şäher hassahanasynyň lukmany.