Aýdyň maksatlar — belent sepgitler

12 Iýul 2023
459

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň saglygyny gorap saklamak boýunça toplumlaýyn çäreleriň geçirilýändigini bu ugurda alnyp barylýan düýpli işler aýdyň subut edýär. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň belent sepgitlere ýetmegini, uly üstünlikleri gazanmagyny şol işleriň netijeleri diýmek bolar. Bularyň ählisi hem hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp taglymatynda jemlenýär. Eziz Diýarymyzda ynsan saglygyny goramak, adamyň ömür dowamlylygyny artdyrmak, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugur bolup durýar.

Saglygy goramakda, adamlaryň beden we ruhy taýdan sagdynlygyny üpjün etmekde, jemgyýetiň sagdynlygyny gazanmakda esasy serişdeleriň biri sport bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen sportuň dürli görnüşleri arkaly saglygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak häzirki wagtda ýurdumyzda umumymilli ýörelgä, dürli ýaşdaky, dürli kärdäki adamlary birleşdirýän kuwwatly güýje öwrüldi.

Şemşat Mämiýewa,
Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçe hassahanasynyň baş lukmanynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.