Ýiti Gün şöhlesinden goranyň!

12 Iýul 2023
359

Gün şöhlesiniň adamyň sagdyn ýaşamagy üçin peýdasynyň bolşy ýaly, onuň zyýanly taraplary-da bardyr. Günüň aşagynda aşa köp durulmagy onuň zyýanly täsir etmegine getirýär. Gün şöhlesi artyk kabul edilende, deriniň ýanmagy, deriniň täze döremeleriniň emele gelmegi, öňden bar bolan ýürek-damar keselleriniň ýitileşmegi mümkindir. Howanyň çendenaşa gyzgyn wagtynda Günüň aşagynda uzak durulmagyň iň agyr netijeleriniň biri Gün urmadyr.

Jöwzaly yssyda Günüň aşagynda uzak wagtlap bolnandan soň, kellagyry, ýürek bulanma, pulsuň we dem alşyň ýygylaşmagy, görejiň kütelmegi ýaly alamatlaryň ýüze çykmagy haýal-ýagallyk etmeli däldigini duýdurýar. Bedeniň gyzgyny 39-40oÑ çenli ýokarlanýar. Gün urmada ilki «Tiz kömege» jaň etmeli. Soňra hassany kölegeli ýere ýa-da salkyn jaýa geçirmeli. Iliklerini, kemerini ýazdyrmaly, daşky eşiklerini çykarmaly. Näsagy öl süpürgije dolamaly, iň bolmanda kellesine, döşüne, goltuklarynyň aşagyna sowuk suwa öllenen mata bölejigini goýmaly, ýüzüni ýelpemeli.

Toýbibi Gulmämmedowa,
welaýat AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň baş lukmany.