"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Saglygyňyz size bagly

Güýz paslynyň gelmegi, howanyň häli-şindi üýtgäp durmagy netijesinde ýiti respirator keselleriniň döremek ähtimallygy ýüze çykýar. Ýiti respirator keseli, esasan hem, ululara garanyňda, çagalara has çalt ýokuşyp, bu olaryň kesele garşy göreşijilik ukybynyň entek kämilleşmändigi bilen düşündirilýär.

Saglyk — beglik

Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylygy babatdaky tertip-düzgünleri berjaý ediň! Elleriňizi arassa saklaň! Maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, gyzyl burç goşulan unaş içmeli. Gyzyl burçuň düzümindäki fitonsidler, peýdaly maddalar adam bedeniniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär. 

Saglyk bagtyň gönezligidir

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ilatyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek boýunça döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyz ilatyň saglygyny goramak meselesine uly üns bermek bilen, ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamyny döretdi. Bu ulgamda ýetilen sepgitler halkara derejesinde giňden ykrar edilýär. Pederlerimiziň nygtaýşy ýaly, bagtly bolmagyň on şertiniň dokuzysy saglyk bilen baglydyr. Ynsanyň saglygy onuň iň gymmatly baýlygy bolmak bilen, ol döwletiň hem-de jemgyýetiň ösüşine gönüden-göni täsir edýän görkezijileriň birnäçesini özünde jemleýär. Şol sebäpden jemgyýetiň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar.

Güýzüň gelmegi bilen

Güýz paslynyň gelmegi bilen adam bedeninde birnäçe üýtgeşmeler bolup geçýär. Şol sebäpli bu döwürde sagdyn iýmitlenmek, iş bilen dynç alşy sazlaşdyrmak we pasla görä dogry geýinmek zerur bolup durýar. Pasyl çalyşmagy sebäpli ýüze çykýan möwsümleýin ýokanç kesellerden goranmak maksady bilen, şu günler her birimiz şahsy arassaçylyk kadalaryny berjaý etmelidiris. Paslyň talabyna laýyk geýniň! Mörjewleriň bedenden çalt bölünip çykarylmagy üçin hökman derlediji, ýokumly içgileri kabul etmeli. Aýratyn hem Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan melhem çaýlar şypalydyr. Olaryň düzüminde, hususan-da, C askorbin turşusy bar. Narpyzly çaý, ary bally we limonly, böwürsleniň hem-de ýertudananyň mürepbesi goşulan çaýlar hem peýdalydyr. Bular bilen bir hatarda gündelik iýmitiňizde gök önümleri, miweleri, et we süýt önümlerini kabul etmegi endik ediniň!

Lukmanyň maslahaty

Pasyl çalşygynda saglyk Pasyl çalşygynda ýiti respirator ýokanç kesel howa-damja ýoly bilen gürleşende, üsgürende, asgyranda bir adamdan beýleki adama geçip bilýär. Kesel adamyň bedeniniň gyzgynynyň galmagy, üşütmegi bilen başlanýar. Şeýle bolanda ol işe ýa-da okuwa gatnamakdan saklanmalydyr, sebäbi onuň keseli beýleki sagdyn adamlara geçirmegi mümkindir. Kesele üns bermän, aýak üstünde geçirilende, ol öýken sowuklamasy, radikulitler, gaýmoritler, gulagyň sowuklama keselleri ýaly gaýraüzülmelere getirip biler. Ýiti respirator keselleriň ýokuşmazlygy üçin arassaçylyk düzgünlerini berk we gyşarnyksyz berjaý etmelidir, elleri ýygy-ýygydan akar suwuň aşagynda gowy sabynlap ýuwup durmaly. Içilýän suwlaryň, iýilýän iýmitleriň arassalygyny gazanmaly. Çagalar baglarynda, mekdeplerde, edara-kärhanalarda içmek üçin gaýnadylan suwuň, her kimiň suw içmek üçin aýratyn bulgurlarynyň bolmagy hökmany bolup durýar.

Saglyk — baky bagtlylyk

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasly göreldesi bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, keselleriň öňüni almakda, bejermekde, umuman, ilatyň saglygyny goramakda uly işler alnyp barylýar. Güýz paslynda howanyň temperaturasynyň sowamagy sebäpli, islendik keselden, şol sanda ýiti respirator keselinden goranmak örän möhümdir. Möwsümleýin döreýän ýiti respirator keseli bilen ähli ýaşdaky adamlar, esasan, kiçi ýaşly çagalar köp keselleýär. Kesel syrkawdan sagdyn adama howa-damja ýoly bilen ýokuşýar hem-de, esasan, birmeňzeş kliniki alamatlary, ýagny gyzdyrma, üşütme, burun dykylma, kellagyry, ysgynsyzlyk ýaly alamatlar bilen ýüze çykýar. Kesel ýokuşandan soň birnäçe sagatdan 2 güne çenli wagt aralygynda güýçlenip başlaýar.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Alkyş sözleri — zähmetimiziň miwesi Garaşsyz döwletimizde halkyň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrülip, döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Il-gün bähbitli bu wezipede halkymyzyň saglygynyň ýurdumyzyň gymmatly baýlygydygy ýörelgesinden ugur alynýar. Şu maksat bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işini şu günüň ösen talabyna laýyklykda döwrebaplaşdyrmakda belent sepgitlere ýetilýär. Bu aýdýanymyza Diýarymyzyň çar künjeginde gurlup, ulanmaga berilýän häzirki zaman saglygy goraýyş edaralarynyň ilata edýän lukmançylyk hyzmatynyň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýändigem şaýatlyk edýär.

Saglygyň gadryny bilgil…

Adam bedeniniň tebigy gurluşyna laýyklykda, uky bilen işjeňligiň, iýmit we gezelenjiň kesgitli çalşygy bolmalydyr. Her bir adam ömrüniň irki döwründen başlap, şeýle sazlaşykly gün tertibine uýgunlaşmalydyr we çagalaryny hem bu tertip-düzgüni her gün doly ýerine ýetirmek şertinde terbiýelemelidir. Pasla görä geýniň, bu babatda çagalaryňyza hem gözegçilik ediň! Aşa ýyly, galyň geýinmek sebäpli gyzmak immunitetiň peselmegine getirip biler.

Sagdynlygyň diýary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz bagtyýarlygyň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwrülýär. Ýurdumyzda sport-sagaldyş çäreleriniň yzygiderli geçirilmegine uly ünsüň gönükdirilmegi, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň barha rowaçlanmagy, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga höwesli ýaşlaryň sanynyň günsaýyn artmagy hem şeýle diýmäge esas döredýär. Hormatly Prezidentimiziň 16-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda 8-9-njy oktýabrda ýurdumyzda «Türkmenistan — bagtyýar, sagdyn we ruhubelent ýaşlaryň ýurdy» atly şygar bilen bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çärelerini guramagyň meýilleşdirilýändigi barada aýdylmagy ählimizde gyzgyn goldaw tapdy. Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp geçiriljek bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çäreleri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň toý-dabaralaryna özboluşly öwüşgin berer hem-de ildeşlerimize uly ruhubelentlik eçiler. Galyberse-de, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmakda, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmekde hem-de ösdürmekde şeýle çäreleriň ähmiýetiniň uly boljakdygy şübhesizdir.

Arassaçylyk saglygyň girewi

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň türkmen halkyna bolan egsilmez söýgüsi, Watanymyzyň ajaýyp ösüşlerinde, durmuşa geçirilýän tutumly işlerinde aýdyň duýulýar. Ýurdumyzyň çar ýanynda sport desgalarynyň, toplumlarynyň gurulmagy, seýilgählerde, çagalar baglarynda çagalaryň bedeniniň berkemegine, aňynyň ösmegine oňaýly täsir edýän oýnawaç görnüşli enjamlaryň oturdylmagy döwletimiziň ýaş nesil hakdaky aladasynyň aýdyň mysalydyr. Bu ugurda Arkadag şäherinde Saglyk öýleriniň, hassahanalaryň gurulmagy we olaryň dünýä döwletleriniň iň kämil lukmançylyk enjamlary hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edilmegi ilatymyzyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, saglygy goraýyş hyzmatlaryny halkara ölçeglere laýyklykda ösdürmek hem-de innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna, tejribesine esaslanýan kämil we ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek barada bimöçber tagallalaryň edilýändiginden habar berýär. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berýändiklerini görkezýär. Önümçilikde, öý hojalygynda, ulag serişdelerinde we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda medeniýet näçe ýokarlandygyça, şäher hem-de oba ilaty üçin öndürijilikli işlemäge, medeniýetli dynç almaga şert döreýär. Ilatly ýerleriň sanitariýa medeniýetini

Ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak

Ýiti respirator keseli ýylyň ähli paslynda döreýän keseldir. Ol näsag adam bilen sag adam galtaşykda bolanda, asgyranda, üsgürende, elleşende, gapynyň tutawaçlaryndan, ýol ulaglaryndaky oturgyçlardan geçip bilýär. Keseliň kliniki alamatlarynda adamyň umumy ysgynsyzlygy, işdäsiniň kesilmegi, kellesiniň agyrmagy, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy, döşüniň we arkasynyň agyrmagy, ys almazlyk, ýokary dem alyş ýollarynda, esasan-da, öýkende hyžžyldynyň eşidilmegi ýaly alamatlar ýüze çykýar. Şeýle ýagdaýda näsagy, töweregindäki adamlara geçmez ýaly, aýratyn otaga geçirmeli. Näsagyň ulanýan el süpürgijini, jam-çemçesini, ýorgan-düşegini aýratyn goýmaly. Otaglaryň howasyny çalşyp durmaly. Maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, bejergi geçirmeli. Derman serişdelerini özbaşdak ulanmaly däl.

Güýzde nähili iýmitlenmeli?

Güýz paslynyň gelmegi bilen adam bedeninde kadaly ýylylygy saklamak üçin ýokumly maddalar gerek bolýar. Şonuň üçin wagtly-wagtynda kada laýyk iýmitlenip, naharlary gyzgynlygyna kabul etmeli. Bedeniň sagdyn bolmagy üçin sahawatly güýzde bişen miweleriň, gök önümleriň ähmiýeti örän uludyr. Ýeralma, käşir, şugundyr ýaly önümler köp wagtlap saklananda, olaryň düzümindäki peýdaly maddalaryň kem-kemden ýitýändigini göz öňünde tutmalydyr.

Sahawatda sogap bar

Mähriban çagalar, parasatly pederlerimiz milletimiziň taryhy ömür ýolunyň dowamynda ynsana mahsus ajaýyp häsiýetleriň ençemesini kämilleşdirip, biziň döwrümize ýetiripdirler. Mätäje haýyr-sahawat etmek, ýetime goltgy bermek ynsany bezeýän, il-halkyň arasynda sylag-hormata ýetirýän şol häsiýetleriň naýbaşylaryndan bolupdyr. Haýyrdan haýyr tapan dana halkymyz: «Haýyr dile goňşyňa, rysgal gelsin aşyňa», «Haýyr etseň, bitin et», «Haýyr — bereket, nur — rehmet», «Haýyr işi Hudaýam goldarmyş» ýaly aýtgylaryň ençemesini döredipdir. Adamlaryň agzybirligini pugtalandyrýan, bir-biregi bilen ysnyşdyrýan, zerura goldaw-hemaýat etmeklerine giň ýol açýan haýyr-sahawatlylyk nusgawy şahyrlarymyzyň nazaryndan-da sypmandyr. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy ýetime güler ýüz, mümkinçiligiň bolsa tagam-duz bermegi, gamgyn kişilere ýagşy söz aýtmagy, durmuşda hemaýat etmegi, eger hemaýat etmäge mümkinçiligiň bolmasa, köňül içre niýetiňi ýagşa tutmagy ündeýär. Nusgawy şahyrymyz Şeýdaýy bolsa öz döwrüniň barly-barjamly adamlaryna gönümel ýüzlenip: «Baý bolsaň kylgyl sahawat» diýýär. Şeýle pikirleri beýleki nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliklerinden-de isledigiňçe tapmak mümkin.

Güýz paslynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin maslahatlar:

- Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. - Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.

Arkadagyň ýoly — abadançylygyň ýoly

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda ähli ugurlarda bolşy ýaly, halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde hem netijeli işler alnyp barylýar. Olaryň hatarynda sebiti ösdürmegiň bähbidine gönükdirilen işler hem barha oňyn häsiýete eýe bolýar. Munuň şeýledigini golaýda Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy ýene bir ýola aýdyň görkezdi. Ýokary derejede geçirilen taryhy sammitiň yzysüre Gahryman Arkadagymyzyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanmagy halkymyzyň kalbyny çäksiz guwanja besledi. Milli Liderimize hormat agzybir, jebis milletimize hormatdyr. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň sebitde parahatçylygy, abadançylygy, ylalaşyklylygy ösdürmekde bitiren ägirt uly hyzmatlaryna, amala aşyran tutumly taslamalaryna berlen mynasyp bahadyr, belent ykrarnamadyr. Milli Liderimiziň tagallalary netijesinde, Türkmenistanyň sebitiň ýurtlary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary strategik derejä çykaryldy. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň pugta binýady goýuldy. Gahryman Arkadagymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň münberinden öňe süren Merkezi Aziýany parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň zolagyna öwürmek bilen baglanyşykly oňyn başlangyçlary gyzgyn goldaw tapdy. Bularyň ählisi sebitiň umumy bähbidini nazarlamak b

Güýz pasly: kadalary berjaý etmek möhümdir

Güýz gelip, howanyň yzygiderli üýtgeýän häzirki günlerinde ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin lukmanlar şu aşakdaky düzgünleri berk berjaý etmegi maslahat berýärler. BEDENTERBIÝE WE SPORT BILEN MEŞGULLANYŇ!

Güýz paslynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar

— Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli, arassa agyz suwuny ýeterlik mukdarda içmeli. — Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.

Lukman maslahat berýär

«7/24 tm» № 38 (173) 18.09.2023 Güýz gelip, howanyň yzygiderli üýtgeýän günlerinde ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin şu aşakdaky düzgünleri berk berjaý etmek zerurdyr.

Sepgitde sagdyn boluň!

Howanyň üýtgemegi bilen, möwsümleýin keselleriň döremek mümkinçiligi hem artýar. Olardan goranmak üçin bedeniň immun ulgamynyň kesele garşy durnuklylygynyň ýokary bolmagyny gazanmaly, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeli. Islendik adam her paslyň aýratynlyklaryna görä, oňa uýgunlaşmaga çalyşýar. Bu hadysa bedeniň immun, madda çalşygy ulgamlarynyň işjeň gatnaşmagynda amala aşýar. Güýz paslynda hem adamlar dürli ýokumlara, mikroelementlere baý önümleri ýeterlik mukdarda iýmelidigini ünsden düşürmeli däldirler. Çünki bu döwürde howanyň salkynlamagy netijesinde günüň işjeň hereket bilen geçýän wagtynyň dowamlylygy-da artýar. Hasyl ýygnamak ýaly güýzki meýdan işleri ýa-da zähmetiň beýleki görnüşleri bilen baglylykda hem adam bedeni her gün ýeterlik güýç-kuwwat toplamaly. Ene topragymyzda bitýän miwelerden we gök önümlerden taýýarlanan milli tagamlar, dürli işdäaçarlar, bakja önümleri bedenimizi gerekli mukdarda peýdaly maddalar bilen üpjün edýär. Kakadylan miweler goşulyp içilýän gök çaý adamlaryň köp isleg bildirýän esasy içgileriniň biridir.

Mähriban adamlar!

Güýz paslynyň gelmegi bilen günüň dowamynda howanyň derejesiniň üýtgeýändigini nazara almaly. Bu döwürde döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak üçin pasla görä geýinmeli. Mähriban Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserinde beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içmeli. Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk kadalaryny berjaý etmeli. Şeýle-de burnuň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmagy we keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny almagy maslahat berýäris.