Il saglygy — ýurt baýlygy

20 Sentýabr 2023
521

Alkyş sözleri — zähmetimiziň miwesi

Garaşsyz döwletimizde halkyň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrülip, döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Il-gün bähbitli bu wezipede halkymyzyň saglygynyň ýurdumyzyň gymmatly baýlygydygy ýörelgesinden ugur alynýar. Şu maksat bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işini şu günüň ösen talabyna laýyklykda döwrebaplaşdyrmakda belent sepgitlere ýetilýär. Bu aýdýanymyza Diýarymyzyň çar künjeginde gurlup, ulanmaga berilýän häzirki zaman saglygy goraýyş edaralarynyň ilata edýän lukmançylyk hyzmatynyň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýändigem şaýatlyk edýär.