Mähriban adamlar!

15 Sentýabr 2023
549

Güýz paslynyň gelmegi bilen günüň dowamynda howanyň derejesiniň üýtgeýändigini nazara almaly. Bu döwürde döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak üçin pasla görä geýinmeli. Mähriban Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserinde beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içmeli. Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk kadalaryny berjaý etmeli.

Şeýle-de burnuň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmagy we keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny almagy maslahat berýäris.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.